11:14 Men ýaşap ýörün | |
Men şeýle ajaýyp, Gaýyp, Ýaşap ýörün durmuşymyñ deminde. Deñimde taý galmady... Asla bolmajak hakydam... Hakykaty gözläp ýören ynsanlaryñ heñinde. Ýalan gülkä çyn öýdüp, Ynamsyz gijäniñ gara ýüzünde. Özüme ýagtylykdan ýol gözläp. Ýalan sözläp, Rawylaryñ otaran ertekisini, Durmuş serialynyñ ertirkisini. Garaşyp uklap galan, Çaga göwnüm, Çaga gözüm, Kirpiklerine çal sepenin duýmadyk, Kezzap kejirligim, Keçjallyk edip, KeÇpelegiñ sazyn çalýarka, Bagt hakda aýdym aýtýan dilimden, Närazylyk bilen razy bolşuma, Şuma baglan ýüregim, Ähli zady terk edip, Hakykatyñ formulasyn gözleýär... Biparh goýman erkimi, Gabyra dönen görkümi, Gizleýär. Ynsanlaryñ içinde, Ýalan bolan hakykatdan... Bir owurt, Goşaowuç doldurup, Bagtyñ meýin gursagyma dadyryp, Ýaşap ýörkäm düýş ýaly, Özümiñ gara ýüzüm, Ýalanyñ boýagyn çalyp, Halys bolsa-da her kim. Men ýaşap ýörün! © Remezan MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |