Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:49
Men şeýle bir goşgy okasym geldi...
Düýn şeýle bir goşgy okasym geldi,
Nädeýin sesime jylaw çekilgi.
Baş bitin eldeki bolmadyk sesim,
Ýabanydy.
ýabanydy, kejirdi.

Erkimi eline alan ylhamym,
Kapasa göwrämden çykdy daşyna,
Mustangerim,
mustang tutujylygym,
Baş öwretjek bolup, düşdi peşine.

Şeýle bir joşupdy, gamly ylhamym,
Suwsan eken, poezýanyñ yşgynda.
Konferens jañynda ganmadyk kalbym,
Entegem, per bermän mustang ylhamym,
Köräp-köräp, ýazylmadyk goşgymda,
Men kowguda, a, ol bolsa gaçgynda.

Gözlerimde ne şöwür bar, ne-de dynç,
Açgözlükden tyrpyldady damarym,
Men ilkinji gezek elime aldym,
Şu wagta çen ulanmadyk galamym.

Her setirim, sakaw gürlän ýalydy,
Men şeýle bir goşgy okasym geldi...

Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 2.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 18
avatar
1
1 Мango • 17:13, 21.01.2023
"Düýn şeýle bir goşgy okasym geldi"
öz goşgyňy okap beresiň geldimi ýa başga bir goşgy?
avatar
1
2 Medicall • 17:21, 21.01.2023
Mustanger, mustang - "başsyz atly"-danmy?!
avatar
1
3 Мango • 17:27, 21.01.2023
Mustang - amerika sähralarynyň ýabany atlary....
Türkmen sähralaryyň ýabany atyna näme diýýäler?
bilemok.
bizde ýabany at barmy?
avatar
1
4 Bagabat • 17:34, 21.01.2023
"Tulpar"-myka diýsem, şumat görsem, ol-a atyň gotdaja tohumy diýýä sözlük. Ýöne köne dessanlarda "ýabany atlara" tulpar diýilýänini okanym anyk ýadyma düşýär.
Ýabany at bilen eldeki atyň çakyşdyrylan tohumyn-a-ha "argun" diýlip, özlerem juda ýyndam bolýan ekeni.
Ýene-de bir zat: gadymy türkler, şol sanda türkmenlerem ýabany haýwanlaryň adynyň öňüne "suw" diýen sözi goşupdyrlar. Mysal üçin: suw sygyry - gäwmiş, ýabany sygyr, suw aty - ýabany at we ş.m..
avatar
1
5 Medicall • 18:00, 21.01.2023
Meksikadady, şol kitapda
avatar
1
6 Kyyas • 18:14, 21.01.2023
Seýitmyrat Geldiýewiñ goşgusyny
avatar
1
7 Kyyas • 18:16, 21.01.2023
Ýylky bolanokmy ýabany süri atlara, ýylky sürüsi diýilýär öýdýän
avatar
1
8 Kyyas • 18:17, 21.01.2023
Tehas düzlügi, Texas wakasy bolmaly başsyz atly
avatar
0
9 Bagabat • 18:20, 21.01.2023
Maýn Rid "Başsyz atly". Başdan geçirmeler romany.
avatar
0
10 Kyyas • 18:20, 21.01.2023
Düýn konferens jañda goşgy okaldy. Aksary diýip girýän agzamyz bar şonyñ goşgy okaýşyny diñläp, menem okasym geldi, emma labyz ýok. Okap bilemok.
avatar
0
11 Medicall • 18:25, 21.01.2023
Kolhanu (erbet adm) ýeñýädi öýdyan soñunda, mustangeriñ başyny kesip atyñ üstünde üstüne zat ýapyp ugradyadymy, soñlaryny doly okasym gelmändi soñ..başda gyzygyp okadym. Biri okamaga aldy, şol gidişi o kitabyñ
avatar
0
12 Medicall • 18:26, 21.01.2023
Hawa, şeýledi
avatar
1
13 Kyyas • 18:33, 21.01.2023
Kolhani mustangeri öldürmek üçin üçinji bolup gitýàr, gyzyñ jigisi mustangeri yzyndan gitýär, umuman Kolhani mustangerdir diýip Öz ýegenini atýar we damagyny çalýarmy garaz mustanger şol ýigidiñ kellesini öñüne goýup dañyp alyp gaýtýar we ýolda atyñ ürkmesi bilen tokayda ylganda ýykylyp özünden gidýär. Gowy kitap. Öñ okapdym
avatar
0
14 Mekan • 22:05, 21.01.2023
Mende ikisi bar
avatar
0
15 Mekan • 22:08, 21.01.2023
Ýylky doly yabany däl. Adamlaryñ kontrolyndaky sürüdaki atlar. Heniz baş öwredilmedik.
avatar
0
16 Мango • 23:02, 21.01.2023
Öňem bir sergide Çymmyllykdan suratkeşiň çeken suraty barada pikirini sorapdyrlar.
Olam, olam diýýänim Çymmyllygam:
– Owadan ramkasy ba ken - diýipmiş.
===
–Mustang, tulpar, argun, suw sygyry, gäwmiş, ýabany sygyr, suw aty, ýabany at, ýylky... bulaň baryny kowuň!
– Niräk?
– Hotak!
– Soň?
– Soň goşgy barada aýdyň-da-how.
– Ramkasy gow ken diýdiler-ä.
– Nämäň?
– Mustangyň.
– Aý, baryňsanaý, baryňyz hotak!
avatar
0
17 Mekan • 23:16, 21.01.2023
Goşgynyñ o diýen bolmanyny aydasym gelenok. Awtor halamazda onsoñ.

Belki kämilleşer, ýazybersin. Gowy yazyp başlanda öwgüli söz aydarysda
avatar
0
18 Kyyas • 23:18, 21.01.2023
Minnetdar şu sözem öwgi
avatar

Старая форма входа
Total users: 202