Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:39
Tebigatyñ gözelligi diýsene...
Tebigatyñ gözelligi diýsene,
Ýer büräpdir bulutlardan ýorganyn.
Selçeñ düşen ýelek ýaly bulutdan,
Şugla saçyp, jyklap göz gypýar günem.
Gözelligi syn et meñ gözüm bilen.
Ýel başyñy sypap geçýär enaýy,
Tüweleýem göge galýar çarpaýa.
Gijesi aýdyñlyk bolanda Asman,
Köle suwa düşüp ýörendir Aýam.

Oba seret! tonna ýükiñ astynda,
Duýman otyr tozan basan çañlaryn.
(Uly bolmak üçin süýrekläp barýar,
Çaga,
Geýip agasynyñ jalbaryn).

Ynha-da,
Güýzem gelipdir jyklap,
Baglaram dakyndy sary öýmesin.
Tylla şelpeleriñ tänip düşişin
Ýerde şybyrdaýşyn,
Nenen duýmasyn.
Kalbym lerzan bolýar,
Lezzetem başga,
Tikenekläp üşendirýär duýgular.
On sekiz müñ älem döreden Nakgaş,
Her şekile siñdiripdir söýgüden.

...Ynsan! deñiñden geçirme hergiz,
Bu pursat berilmeýär gaýtadan...
...Garlawajyn çagalarna syn edip,
Doýup bilmän piçjiñ atýan bagtadam.

Bark urup dur mele topragyñ ysy,
Siñdirip özüne güneşiñ çogun
Säher aýdym aýdýan guşlaryn sesi,
Her kime paýlaýar bagtdan paýyn.

...Gyş geler.
gyşam gelmeli ahyr.
Pamyk ýasap tozgalaryn sepelär,
Asmandan gaýyp ýüzüme düşer,
Soñ erär...
Birje tozganyñ eräp gidişi,
Kalbymy oýaryp müñ setir dörär.
Körär.
Kürede ýanýan kömür deý,
Körär.
Tüsse bolar. Howasyz.
Soñ näme?
Taplansa-ha ne ýagşy,
Bolmasa ysgynsyz bir şygyr dörär...

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Medicall • 20:48, 29.07.2023
Agasynyñ jalbaryn geýip süýrenip barýan çaga çolaşyp ýykylar hökman, guşaklygyda giñ bolar, onam eljagazy bilen saklap ýöremeli bolar, beýdip iki ädim ätmegem hyllalla bolaýmasa çagañ)))
çagalar köplenç uly bolmak üçin süýräp ulylañ köwşüni geýegen bolýar
avatar
0
2 Мango • 21:42, 29.07.2023
Günüň we Güýzüň jyklamasy
1) Şugla saçyp, jyklap göz gypýar günem
2) Ynha-da, Güýzem gelipdir jyklap,
—-
Oba seret! tonna ýükiñ astynda,
Duýman otyr tozan basan çañlaryn.

Tozan we çaň - dostdur, dogandyr, hat-da bir zatdyr.

—-
(Uly bolmak üçin süýrenip barýar,
Çaga
,
Geýip agasynyñ jalbaryn).

Çaga süýrenýämi ýa-da jalbary süýrenýär?
Çaga süýrenmez. Çaga süýreniji däl.
avatar
0
3 Kyyas • 22:17, 29.07.2023
Minnetdar!
Sürekläp düzediş berdim emma beýlekileri näme diýip goýjagymy(ýagny göwne makul söz tapmadym)
avatar
0
4 Aksary • 22:58, 29.07.2023
Goşgyñ gahrymany "gözelligi syn et meñ gözüm bilen" diýýärkä diyilyanlerem biceme däl...

Tozanlaryñ tozan basmagy bu'da üýtgeşijek ekeni.ozalkylaryñ tozanynyñ üstüne ýenede tozan düşmegi...

Ezizowdada bolmaly.uly bolmak ü.n agasynñ penjegini geýýän...
avatar
0
5 Aksary • 23:03, 29.07.2023
Körükde ýanýan kömür deý,

Körükde kömür ýanmaýar.körük bu küredäki kòmri alawlandyrmak ü.n niýetlenen howagirer deşik...
avatar
0
6 Aksary • 23:06, 29.07.2023
Ýer BÜRÄPDIR bulutlardan ýorganyn.
Selçeñ düşen ýelek ýaly bulutdan

Büremek bu haýsydyr birzady dolylygyna örtmek.soñra awtor nämçün selçeñ düşen bulut diydikä?
avatar
0
7 Aksary • 23:11, 29.07.2023
On sekiz älemi döreden Nakgaş,

Şu setir başgada iki awtory ýatlatdy.ýöne bu setir awtora üstünlik berip biler.şu ýazyşyñ ajap bolupdyr.olaryñka meñzesede olar däl.
avatar
0
8 Kyyas • 23:22, 29.07.2023
Adyny tapman körük diýdim. Minnetdar!
avatar
0
9 Kyyas • 23:23, 29.07.2023
Bulutlar selçeñleşende gün görünşini ýatladym.
avatar
0
10 Kyyas • 23:29, 29.07.2023
Hawa, Onsekiz müñ älemleriñ Awtory diýen setirden mysal getirip. Şol wagt okanymda Suratkeşiñ şekillendirip, Ýa Heýkeltataşy ýatlap bir ýerlerde bellijek edinipdim.
Umuman şu goşgynyñ her setiri dürliçe wagtda gelipdi. (Hamana Muhammet S.A.W aýatlaryñ inişi ýaly diýseñ öte geçdigim bolar, emma gursagyña guýandyrda) ahyry jemlenmeli wagty bar ekeni...

Minnetdar! Hemmäñize teswirläniñiz üçin, eden kömegoñiz üçin!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202