02:08 Myrat bilen Gülälek | |
MYRAT BILEN GÜLÄLEK Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa, Göýä dünýämize bergili ýaly. Iri halplar bilen ýylçar göwsüne, Ýazylypdyr ―Myrat bilen Gülälek. Adatdaky ýaly gündi ol günem, Dünýe parahatdy, durudy asman. Göýä gözellige gark bolan ýaly, Durdy bu gaýada iki ýaş juwan. Ah, olaň arzuwy niçiksi giňdi... Ýigit başarmandy pikirin jemläp. Diňe şeý diýipdi, gysgajyk sözde, Gyzyň ýogyn saçlaryny gysymlap: - Sen meňki bolarsyň... Toýumyz bolar, Bu gözleri öperin men ömürlik. Bize sorag galar ajap ýyllardan, Eşretki ýaşaýyş hem mydam birlik. Şonda gyz gülküsi daglara dolup, Batly ýaňlanypdy jadyly ýalak. Hawa, şol gün ýazylypdy bu ýazgam: Iri harplar ― Myrat bilen Gülälek. Olaryň duýgysy gözeldi şeýle, Durmuş! Romantika! Gaýgy–gam ýatdy, Aýralyk diýen zat ýatlanylmazdy. Ol söz söýülmeýän, elhenç bir zatdy. Emma olar duşuşmandy şondan soň, Ýigit urşa gitdi, aýralyk geldi. Diňe ýylçar goja gaýaň ýüzünde, Umytly ýazylan ýazgylar galdy. Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa, Delminip birine garaşýan ýalak. Iri halplar bilen ýylçar göwsüne, Ýazylypdyr ― Myrat bilen Gülälek. © Annasoltan KEKILOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |