Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:09
Meniñ göreçlemde kakam ýaşaýar

Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar
Ol ýatyr. Ýan berip krowatynda,
Onuň agras başy ýerden galanok.
Lenç bolan ökjeler, ysgynsyz dyzlar,
Ýöremek isleýär, ýöräp bilenok.

Ynjalyk tapmaýar şirin janyna,
Ýassygyn gujaklap agýar-da, dönýär.
Göýä oň göwnüne ýelek düşekçe,
Synanyň astynda göwreýär, ýanýar.

Elinde granat, bagryn ýere oýkap,
Gar üstünde süýşüp barýar ol ýene.
Bombalar ýarylyp, titreýär zemin.
Ýalaňaç döşlerde gülleler gyzyp,

Sanaýar ençeler iň soňky demin.
Käsi arkan, käsi ýüzin ýykylşyp,
Ýatyr ine, ene süýdün emenler.
Merdemsi kükregin al-gana boýap,

«Watan!» diýip gözün baky ýumanlar.
Eňräp ak bulutlar, garalýar asman,
Bagry bilen süýşüp barýar ol ýene.
Gam çekýär sähralar, aglaýar düzler:

«Adam ajal zyňýar adam üstüne.
Barýaryn ýanyna, sypaýan başyn, diýýän:
«Çaý demledim, tursana kaka!»
Kakam ses berenok, titreýär kakam,
Ýetişiň, adamlar, bu niçik waka?

Çykyp barýar göreçleri hanadan,
Bedeni gögerýär, ýüzi gögerýär.
Bilmen, ol näme üçin soňky deminde:
— Öňe! Öňe! Öňe! — diýip gygyrýar.

Olar ýola düşdi, barýarlar, ana...
Eginlerde atam bilen merdiwan.
Merdiwany alyp barýar gerçekler,
Biliň, meniň ömrüm size bendiwan.

Göz öňümden ýitip barýar tabydyň,
«Eý, atam jan, gidip barýaň gelmeze!»
Iki ýoluň çatrygynda aljyrap,
Ine, men şeý diýip, çökmerin dyza...

Gözleriňi göreçlemde saklaryn,
Seň gözleriň küýsäp maňa seretsin.
Köp ýerde yz goýan agyr täleýiň,
Goý, rehimsiz ýüreklerem eretsin.

Habar berer göreçlerim görene,
Şol gaýly ýyllarda synaň owulşyn.
Synaň azar çekip krowatyňda
Damarlaň dartylyp käte düwülşin.

Men seni ýatlaryn, seni küýsärin,
Atam, bagtym üçin saňa minnetdar.
Aglamaň, jigilem, rahatlan, enem,
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar.

Güne öwşün atýan kümüş ýapraklar,
Hoşlaşmady, eziz atam, seň bilen.
«Ol adam guşlaryň ganatynda» diýp,
Saýrady bilbiller ala-daň bilen.

Sen entek-entekler ýaşamalysyň,
Öňde galdy ýaşamaly ýyllaryň.
Deňiz kenarynda, daglaň gerşinde,
Öçmändir henizem aýak yzlaryň.

Aýak yzlaryňy ýelden goraýar,
Patrak dek açylan erkin almalar.
Ýyllar gaýyp bolup geçip gitse-de,
Kökünde saklajak adyňy olar.

Ýatlaýar dünýämiz, seni ýatlaýar,
Köne dörän, täze dörän şäherler.
Gyrmyzy gülünde adyň nagyşlap,
Ýatlaýar şol ýyllar, ala-baharlar.

Ýöne boşap galdy biziň dulumyz,
Men agyr oýlanyp, atyrdym daňy.
Şol säherde dünýä inen nesiller,
Dakynýarlar seniň eziz adyňy

© Annasoltan KEKILOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Annasoltan Kekilowa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203