Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:20
Ýadygärlik galsyn
ÝADYGÄRLİK GALSYN

Serediň adamlar, sözleýär asman,
Sözleýär seslenip mawy bulutlar.
Serediň, serediň, baksaňyz her ýan,
Sözleýär seslenip bägüller, otlar.

Derýalar möwç urýar, deňizler joşýar,
Tolkunýar ol, mawy asman tolkunýar.
Tolkuna ýyldyzlaň suraty düşýär,
Serediň dostlarym, güneş galkynýar!

Toplanyşyp gökden uçýar durnalar,
Saýraýar serçemen baglaň guşlary.
Ganatlaryn gerip geçýär durnalar,
Seslenýär daglaryň belent başlary.

Bat bilen silkinip sözleýär Watan,
Näletläp ol elhenç atom bombasyn.
Ynsanlara gülüp gözleýär Watan,
– Eşitmek islämok! – bombalaň sesin.

Gaýtalaýar muny enem – mähriban,
Gaýtalaýar çagalar dürli dillerde.
Atom bilen ýandyrylsa bu jahan,
Aýdyň ahyr, mekan tutjak nirede?

Goý, güneş parlasyn, tebigat gülsün,
Ynsanlaň öňünde çöksün ol dyza.
Biziň döwrümizden ýadygär galsyn,
Päk parahat asman nesillerimize!

Annasoltan KEKILOWA.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Ak-sary | Teg: Annasoltan Kekilowa | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 23:11, 10.12.2023
Goý, güneş parlasyn, tebigat gülsün,
Ynsanlaň öňünde çöksün ol dyza.

ynsanlaň öňünde dyza çökmeli zat näme?
tebigatmy?
aslynda her zat ynsan üçin ýaradylan. şeýlekä tebigaty dyza çökerjek bolmak gerekmi? bir döwür bolupdy tebigata garşy uruş yglan edipdiler, tebigata garşy gidip sibiriň derýalaryny orta aziýa akdyrmakçy hem bolupdylar.

goşgyda azajyk propaganda bar.
sowuk uruş, atom bombasy...
zakaza ýazylan ýaly (erbet diýdigim däl, ýöne aýdýan).
avatar
0
2 Мukam • 23:36, 10.12.2023
Fullest tebigat, Adam naz nygmatyny ecilse dyza conditions bor.
Gown yazylypdyr
avatar
0
3 Мukam • 23:37, 10.12.2023
*güllese
avatar
0
4 Atsyzatly • 12:35, 11.12.2023
Döwrüne görä, döwrüniň aktual temasyna ýüzlenip ýazylan oňat goşgy. Goşgyda atom bombasy ulanylsa onuň mahrum edip biläýjek gözellikleri sanalýar, ýöne içinde ýekejede adam eli bilen döredilen gözellik geçmeýär. Hemmesi tebigata mahsus.
avatar
0
5 Atsyzatly • 12:47, 11.12.2023
Men-ä ony Mango daýy uruş diýip yglan etmezdim. Sibiriň dolup-daşyp, möwç urup ýatan däli derýalarynyň ummasyz süýji suwuny demirgazyk buzly ummanyna boşuna akdyryp isrip edenden, merkezi Aziýanyň guraksy çöllerine, suwa teşne takyr düzlerine akdyryp, eliňdäki materialy has ýerlikli ulanmak we çöl-beýewanlygy bagy-bossanlyga öwürmek diýip düşünerdim.
avatar
0
6 Мango • 14:01, 11.12.2023
tebigata garyşyberseň (derýalaryň akymyny başga ugra gönükdirseň) tebigatyň balansy bozulýar... alymlar dogry hasaplanok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202