Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:21
Nesihatly hekaýatlar
NESIHATLY HEKAÝALAR

AÝRALYK

Mejnun Leýliden aýralygy sebäpli syrkawlaýar, lukman ondan gan almaly diýen karara gelýär. Haçan-da, lukman onuň eline işilen boguluk goýup, damaryna iňňe dürtjek bolanda, Mejnun onuň hyzmatyndan ýüz öwürýär.
Lukman juda geňirgenip, şeýle diýen:
– Sen çölde gezip ýörkäň ýolbarsdan, beýleki ýyrtyjylardan heder etmediň, indi gel-gel iňňeden gorkýaňmy?
– Agyry maňa gorkuly däl! Men islendik yza döz gelip biljek, ýöne meniň bütin durkum Leýlä bolan söýgi bilen püre-pür doldurylan. Häzir men Leýliden uzakda, ikimizem aýralykdan ejir çeksegem, biziň aramyzda barybir hiç hili çäk ýok. Sen meniň damarymy deşeniňde, mähribanymy ýaralarsyň öýdüp gorkýaryn, çünki biz aýra bolsagam, ruhumyz birdir – diýip, jogap berýär.

MEJNUN WE IT

Bir gezek Mejnunyň bir ite mähir bilen ideg edýändigini görüpdirler. Ol iti sypalapdyr, oňa dürli nygmatlar berip, gül suwy bilen ýuwupdyr. Bu ýagdaýy synlap ýörenleriň biri Mejnuna şeýle diýýär:
– Seň bolşuň nähili? Eýsem, Hudaýyň ýaradan bendesiniň ygyp ýören hapa itiň öňünde peselmegi bolýan zatmydyr?
Ol şeýle diýip, ýene-de ähli it tohumyna nälet okapdyr. Mejnun onuň sözüni ahyryna çenli diňläp:
– Gadyrdan eger-de, sen dünýä meniň gözüm bilen seredip görsediň, meniň Leýlimiň köçesinde ýaşaýan bu ite başgaça göz bilen garardyň. Şonda maňa onuň ýaşaýan ýeriniň tozanynyň hem dünýäniň bar zadyndan arzylydygyna düşünerdiň, men bu itiň penjesindäki şol çaňy öpmäge taýyn – diýip, hormat bilen jogap beripdir.

TÜÇJAR WE LEÝLI

Tüçjar baýa bir gyzy görkezip, onuň Leýlidigini aýdanlarynda, ol şeýle diýipdir:
– Aý, ýog-a, sen şol diýilýän Leýlimi, eýsem, betbagt Kaýsy näme akylyndan azaşdyrdyka? Men-ä sende hiç hili üýtgeşik gözellik göremok!
Juwan gyz oňa garap şeýle diýýär:
– Meniň gözelligimi görmek üçin sen diňe Mejnun bolmaly. Sen maňa onuň gözi bilen seretmeli, maňa o dünýä, bu dünýä wepaly bolmaly. Meniň bir bakyşymdan serhoş bolmaly, şirin serhoşlukdan aýňalmak islemeli däl. Şeýle telbelik siziň gözüňizi açýar, hakyky gözelligi dolulygy bilen görmäge size mümkinçilik berýär. Eger-de, seniň bar gaýgy-aladaň özüňe geljek peýdanyň ýa-da zyýanyň daşyndan aýlanyp duran bolsa, onda saňa nebsim agyrýar. Çünki sen hakyky bagtyň nämedigine akyl ýetirip bileňok. Sen durmuşyň diňe saýasyny görýärsiň!
Şeýlelik¬de, biz käwagtlar ömrümizi diňe saýalaryň we alamatlaryň yzynda geçirip, Hakykaty we Gözelligi görmeýäris.

GÄMIDÄKI JEDEL

Gämileriň birine ýolagçy hökmünde dilçi alymam münýär. Alym heniz gämä münüp-münmänkä, kapitandan dil biliminden başynyň çykyp-çykmaýanlygyny soraýar.
– Dil bilimi baradaky kitaplary okamadym, bu ylmyň syrlaryndan hem başym çykanok – diýip kapitan jogap berýär.
– Gowy däl – diýip, alym aýdýar.– Siz ömrüňiziň deň ýaryny boş geçirdim diýip, hasap edäýiň.
Gämi ýüzüşini dowam etdirýär, birdenem apy-tupana sezewar bolýar.
– Görýän welin, gämimiziň ömri paýawlady – diýip alym janygypdyr.
– Eýsem, siz ýüzmegi öwrenipdiňizmi, eý paýhasly adam?
– Hiç haçan. Çünki bu hünär maňa laýyk däl – diýip, alym jogap beripdir.
– Onda sen ömrüň ýaryny däl-de, baryny boş geçirdim diýip hasap edäý – diýip, kapitan sözüni jemläpdir.

Terjime eden: Ýegenmämmet Taýlyýew

MÖWLANA JELALEDDIN RUMYNYŇ NESIHATLARY

Ölümimizden soňra mazarymyzy ýerde gözlemäň!
Biziň mazarymyz akyldarlaryň köňüllerindedir.

Gel, gel, ýene-de gel, kim bolsaňam gel! Otparaz bolsaňam, dinsiz bolsaňam, butparaz bolsaňam gel! Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaňam gel! Bu ýeri umydyň gapysy, her näme bolsaňam gel! (Ynsanlary söýdük, Ýaradandan ötüri!).

1. Jomartlyk we kömek etmekde akýan suw ýaly bol;
2. Şepagat we merhemetde Gün ýaly bol;
3. Başgalaryň günäsini örtmekde gije ýaly bol;
4. Gahar we gazapda öli ýaly bol;
5. Kicigöwünlilikde ýer ýaly bol;
6. Hoşniýetlilikde deňiz ýaly bol;
7. Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol!

Kakylan her gapy açylsady, hiç kim umydyň, sabyryň, islegiň nämedigine düşünmezdi.
Bölümler: Filosofiýa | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Jelaleddin Rumy | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203