Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:11
Namazda gepleşen hindiler

NAMAZDA GEPLEŞEN HINDILER

Dört sany hindi musulman bir metjitde namaza durýarlar. Şol wagt metjidiň muezzini-azançysy ýanlaryna gelýär.
Ol dört hindiň biri namazdadygyny unudyp muezzinden soraýar:
– Muezzin gardaş, azan okansyň-a? Ýa, entek namaza wagt barmy?
Namazyny okap oturan ikinji hindi özüne erk edip bilmän ýoldaşyna gaharlanýar:
– Gepleme-dä. Namazda wagtyň geplenilmez. Namazyň bozuldy!
Üçünji hindi, ikinjä gygyrýar:
– Onuň bilen nä işiň? Asyl sen özüňe seret! Senem geplediň, namazyň hem bozuldy!
Şol wagt dördünji hindi gürrüňe goşulýar:
– Hemmäňiziň namazyňyz bozuldy. Hudaýa şükür, men siz ýaly ýalňyşmadym, geplemedim, namazymam bozmadym!
Şeýlelik bilen, boş sözler sebäpli dördüsiniňem namazy bozuldy.

Ne bagtyýardyr ki, ol kişi, öz aýbyny özi görer; kimdir biriniň aýybyny görse, o aýyby-utanjy özünde tapar. O aýyp, utanç, günä sende ýogam bolsa, ýene-de özüňe ynamly bolma; çünki, bir gün senem aýyp işe bulaşyp bilersiň; o aýyp seni hem tapar.

© Jelaleddin Rumy MÖWLANA
Mesnewiler
Türkçeden terjime: © MANGO
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 96 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Jelaleddin Rumy, Jelaleddin Rumy Möwlana | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
2
1 Мango • 20:18, 20.01.2023
deňäp görjek diýen tapylsa türkçesi:
NAMAZDA KONUŞAN HİNTLİLER

Dört Hintli Müslüman bir mescitte namaza durmuştu. Bu sırada mescidin müezzini yanlarına geldi. Hintlilerden biri namazda olduğunu unutup müezzine sordu:
“Müezzin, acaba ezanı okudun mu? Yoksa namaza daha vakit var mı?”
Arkadaşı, namazda olduğu halde, kendisini tutamayarak kızdı: “Sus yahu, namazda konuşulur mu? Namazın bozuldu!”
Üçüncü Hintli, ikincisine çıkıştı: “Ona ne karışıyorsun, asıl sen kendine bak! Sen de konuştun, senin de namazın bozuldu!”
Bu sırada dördüncüsü söze karıştı:
“Hepinizin namazı bozuldu. Hamdolsun ben, sizin gibi yanlış davranıp konuşmadım ve Namazımı bozmadım!”
Böylece, gevezelikleri yüzünden dördünün de namazı bozulmuş oldu. Ne mutlu o kişiye ki, kendi ayıbını görür; kim birinin ayıbını görürse, o ayıbı kendisinde bulur. Sende o ayıp yoksa da, yine emin olma; çünkü o ayıbı bir gün sen de yapabilirsin; o ayıp seni de bulur.

Mewlana Jelaletdin Rumi. Mesnewiler
avatar
1
2 Medicall • 20:27, 20.01.2023
Terjime üçin Alla ýalkasyn!
avatar
1
3 Kyyas • 21:16, 20.01.2023
Hiç kim öz günäsini görmeýär, boýun almaýar. Terjime gowy bolupdyr.
avatar
1
4 Анонимно • 21:30, 20.01.2023
Terjimä söz ýok.

Gowy.

Gebeze-boş söz. Başga näme diyip bolar diyip oylanyp göreyin.
avatar
1
5 Mekan • 21:31, 20.01.2023
Yene anonimno gitdi
avatar
0
6 Мango • 21:55, 20.01.2023
ýokarky hekaýata meňzeşini poçtama ugratdylar.
belki, paýlaş diýip ugradandyrlar.
ýazan, iberen, getiren, äkiden, okan, akyl eden... sag bolsun.
ine:

Biriniň 3 sany ýetişen gyzy barmyş. Üçüsem maňkamyş. Ahyr bir guda gelipdir. Ejesi o jaýdaky gyzlarynyň ýanyna baryp: ,,Häzir siziň üçüňizem synlamaga geljekler. Geplemän, sülmüräp oturyň” diýip gaýdypdyr.
Birhaýukdan sawçylar gyzlaryň oturan jaýyna geçipdirler. Gyzlar keşde çekip, sülmüräp otyrmyşlar. Üçüsem Aý ýalyjakmyşynlar. O barmana gyzlaryň biriniň gözi sandygyň aňrysynda jyklap duran syçanjyga kaklyşaýmazmy, Saklanyp bilmän: ,,Whaý, heje, hyçan!” (Waý,eje, syçan!) diýäýipdir. Ikinjem ony hymsyklap: ,,Hamsyk, hejem: ,Hürlemän hoturyň!” hiý-dä” (Samsyk, ejem: ,,Gürlemän oturyň!” diý-dä”) diýipdir. Üçinjem ümsüm oturybermeli halyna: ,,Mhen-ä hürlämogam” (Men-ä gürlämogam) diýýämişin.
avatar
1
7 Мango • 22:02, 20.01.2023
kän ýadyma düşenok, ýöne, ejemden eşdipdim öýdýän...
ýokarky ýaly "maňka" :-) birini durmuşa çykarjak bolýalar. yzy ýada düşenok-da.... ýöne gyzyň aýdýan bir gepi bar. şeý diýip gaýgylanýamyş:
– onnoň äre barsam, ärimem birden ölse, soň men kime äre baraýyn - diýen ýaly samraýar....
rowaýaty doly bilemok. belki bilýänler bardyr. :-)
avatar
1
8 Мango • 22:13, 20.01.2023
O aýyp, utanç, günä sende ýogam bolsa, ýene-de özüňe ynamly bolma; çünki, bir gün senem aýyp işe bulaşyp bilersiň...

bir gezek içegen birinde umyt yşygyny ýakmak üçin ýokarka meňzeş söz diýipdim: "bir günäkär kişi tobasy bilen düzelip gowlanyp biler, edil şonuň ýaly bir namazhon kişi ýalňyşlary bilen zaýalanyp biler. hiç kim hiç zatda garantiýaly däl..." diýen ýalyrak akyl satypdym.
geçdi harydym. bu sözler ol günäkäre şeýle bir ýarady welin, edil tobasy kabul bolan ýaly ýüzi ýagtylyp gitdi.
ýöne dogry şol.
biz eýläk-beýläk dönüp-dänip durýan birileri.
biz stabilnyý däl.
biz perişdelik bilen haýwanat arasynda eýläk beýläk yrgyldaýanlar....
avatar
1
9 Kyyas • 00:33, 21.01.2023
Okapdym, birnäçe görnüşi bar bolmaly.
avatar
1
10 Medicall • 00:54, 21.01.2023
Ýazyber, @myhman anonimden ýazýa diýip hiç kime aýtmaryn :-))))))

Ýöne her bilmän ýazañda yzyndan "anonim ýazypdyryn" diýip aýdýañyz-a, ana şoñ beýleki tarapam bar: indi kim anonim ýazsa @myhmandyr öýderler okanlar:-))
avatar
2
11 Mekan • 21:06, 21.01.2023
Kimdigiñi tanatmazlygyñ gowy taraplarynyñ biri: eger yatlama yazañda gybata girjek zat bolsa, diñleyjiler (okyjylar) gürrüñiñ kim hakyndadygyny çaklap hem bilmeýändigi. Beýle halatda gybat bolmaya. Indi (Serdar aga sag bolsun :-)) meñ adymy bilýäñiz, onda-da tanayan dälsiñiz diyip pikir edyän.

Iki waka yadyma düşdi. Biri hakyky bolan waka, beýleki prikol.

Real: çaga wagtym. Doganym kommerskide işe başlady. Menem mekdepden soñ yanyna kömekleşmäge barmaly. Baramda, dükanyñ eýesi namaz okap oturan eken. Doganymam bärsinde dur. O wagtky dükanlary bilýäñiz - butka, öñünde-de akoşkasy ba. Şondan biri boýnuny uzadyp, bir zadyña bahasyny sorady. Doganym işe şu gün başlanyny, entek bahalary bilmeýänini aytdy. Tahyýýatda oturan dükanyñ eýesi kellesini egniñe salam bereniñdäki hereketi etdirip "pylança manat" diydi-de, hiç zat bolmadyk yaly namazyny dowam etdi. Alyjy bizden beter añk-tañk boldy.

Prikol. Biri namaz okap otyrmyş. Yzynda ýöne oturan biri gapdalyndaka namaz okap oturany öwýämiş: "äý, şü maladis, okumyş oglan, özem şeýle takwa, diñe parzlary dä, nepil namazlaram okyýa..."
Namazdaky yzyna öwrülipjik: "şu wagt agzymam bekli" diyip, oñ sözüniñ üstüni ýetiripdir-de, namazyny dowam ediberipdir.
avatar
0
12 Bagabat • 15:26, 23.01.2023
Meňzeş rowaýat:

Biriniň gyzy dili beýnisinden öň işläp başlaýan laňňasymyş. Onsoň günlerde bir olara osmakçy gelip, birki günden sözaýdyjy gapylaryny kakjakdygyny duýduryp gidipdir. Öňem näçe sawçy, gyzy bilen iki agyz gepleşen badyna getiren saçagyn-a alyp, köwşünem geýmän goltuklap jyrýan görgüliler, bu gezek gyzlaryna öliň sargydyny edipdirler: “Gepläýmegin, zynhar gepläýmegin! Ýeke agyz dil ýardygyň, barysyny bulaşdyryp äpberýäň! Sag-aman garamatyňy başlaryna ataly, onsoň o taýda diliňe degirmen dakýançalar, gürle-de otur!”.
Joralarynyň hemmesi durmuşa çykan gyzam gitmäge göwünjeň bolany üçin aýdylanyna pugta eýermegiň kül-külünde, ýaman berkden otyrmyş.
Sawçy gelipdir.
Bissimylla, işikden ätläp, törde jaýlaşypdyrlaram welin, daşarda gök gümmürdäp, jala geläýipdir.
Öýüň eýesem awçy bolansoň oň salpygulak tazysy barmyş.
Şol janawerem öň şeýle ýagyn-ýagmyrda öýe girip, ojagyň başynda guranyp ýatmaga endik edipdir. Şol sebäpli bu gezegem janawer öýde myhman bar-ýokdugyna ähmiýet bermän, süsdürilip öýe giripdir-de, ezilendigi zerarly art aýaklarynam açyp, jaýjarylyp, ojaga golaý oturyberipdir. Sähel wagtdanam tazyň endamy gyzyp, onuň garnynyň aşagyndan, satanynyň arasyndan ýeňiljek bug göterilmäge başlapdyr.
Munam ýaňky öýüň durmuşa çykmaga höwesek gyzy, uz sülmüräp gabak astyndan synlap otyrmyş.
Ine şu ýerde-de, “gan bilen giren, jan bilenem çykar” diýleni bolupdyr.
Ýaňky gyz özüne erk edip bilmän dil ýaranynam duýman galaýypdyr:
-Aý kaka, eje, “gürleme” diýseňiz gürlemäýin welin, häzir tazyňyzyň-a t...şşagy ýanýa! :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202