Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:27
Oýlanma
Ýazyjy.3-nji mart. 13:20

Bu seýilgäh öň beýle dymyşlyga duçar bolup görmändi,muňa özüm şaýat. Her gün bolmasada, köplenç ylham uçgunjygymy gözläp şu ýere gelýärdim. Aklymdan geçenleri diňlemek üçin bu ýer gowy mesgen. Ençeme eserlerimiň döremegine sebäp bolan bu ýer kim bilýär,ýene näçe eserlerimi döremegine öz täsirini ýetirer. Bu seýilgäh üçin bügün adaty gün däldi, bu ýer bugün öň şaýat bolmadyk wakasyny gördi. Bu ýere ýaşlar durmuş gurmak teklibini bermek üçin, ýa-da durmuş gurýanlar bu gözelligi suratlarda ýadygärlik saklamak üçin gelýärler. Bügünki söhbetdeşimem şeýleräk niýetde bu ýere gelipdir. Emma netije garaşany ýaly bolmady...

Mekan. 3-nji mart. 10:45
"Bügün meniň üçin möhüm gün. Men ahyry ukusyz geçiren gijelerime soňlama bererin. Ençeme ýyl ýüregimiň bir töründe syr bolup saklaýan duýgymy äşgär ederin. Men onuň jogaby nähili boljakdygyny oýlaman ähli zady uly töwekgelçilik bilen aýtmaly, indi garaşmak dogry bolmaz. Ýüreginiň sesine diň salmak, kalbynyň gapysyny kakyp görmek pursady ýetdi." Şeýle pikirleri aklymdan geçirip gelşime seýilgähe gelenimi duýman galypdyryn. Ylalaşylan wagtdan gaty ir geldim,sebäbi öýde wagt geçenok, garaşmaga sabrym ýetmedi. Hem-de seýilgähe irräk gelip Marala aýtjak gürrüňlerimi oýlanaryn,taýýarlanaryn. Duýgularymy has açyk,has täsirli düşündirmegim gerek.Elbetde ol maňa düşüner.
Seýilgähiň säherinde onçakly adam ýokdy, özüm üçin oňaýly oturmaga ýer tapyp otyrdym. Garşymda orta ýaşly bir adam otyrdy. Ol şeýlebir pikir ummanyna çümüpdir welin, seýilgähdäki saýraşýan guşlaryň sesleri, ýada uzagrakdan eşdilýän awtoulaglaryň sesleri muňa päsgel berenokdy. Käwagty eline galamyny alyp depderiň ýüzüne bir zatlar ýazýar-da ýenede oýlanmagy dowam edýär. Mende onuň bilen biraz söhbetdeş bolmak islegi döredi. Ýöne nähili bolarka, men oňa päsgel bermezmikäm diýip ikirjeňlenip otyrkam, ol meniň ýüzüme seretdi. "Ana seret duýdy,adam görmedik ýaly, ýüzüne seredip otursaň duýmazammy ýogsam" diýip özüme daşymdan gürlänimi duýman galypdyryn. Ol ýylgyrdy we men tarapa ýöräp başlady. Maňa ýakynlaşyp: "ýaş ýigit, ýanyňyzda otursam bolýarmy" diýdi. "elbetde, baş üstüne". Men oňa "bagyşlaň size dikanlap seredip galypdyryn,beýle pikire çümüp depdere näme ýazýanyňyza gyzyklandym" diýdim. Ol özüniň ýazyjydygyny, köplenç bu ýere gelip akylyndan geçenleri depdere göçürýänini aýtdy we menden "birine garaşýandyrsyň herne" diýip sorady. Men ähli zady oňa aýtdym.

Maral. 3-nji mart. 12:05

Düýn Mekan maňa jaň edip "möhüm zat hakda gürleşmelidigini, ertir görüşmek üçin boş wagtymy sorady" şol gürrüňi telefonda aýdaýanda-da bolardy. Ýöne men ony kiçiligimden bäri tanaýan. Meniň iň ýakyn dostum, çagalygymyň bir parçasy. Diňe bir çagalygymyň däl, ýüregimiňem bir parçasy. Hawa, ol meniň söýgüm. Oňa bolan söýgim edil çagalygym ýaly sada we eziz. Emma muny özi bilenok,oňa duýgularymy duýdurmadym. Duýdurmaga hakymam ýok. Men ganatlary döwülen guş mysaly. Ol aýtmak üçin möhüm zady bolmasa çagyrmazdy. Sanlyja minutdan bu çagyryşyň sebäbini bilerin, elbetde.
Mekan. 3-nji mart. 12:30
"Hanha Maralama gelýär" diýip ýazyjy bilen bolan gyzgyn söhbetimizi saklamaly boldum. Maraly görip ýazyjy birneme sägindide: "Şulmy söýen gyzyň?" diýip aljyraňňy ýagdaýda sorady. "Hawa näme boldy?". Ýazyjy soragyma jogap berip ýetişmänkä, Maral geldi. Ýazyjy sagbollaşyp bizden sähel aňyrrakdaky oturguja geçip, başdaky ýagdaýyny dowam etdi.
Men ilki hal ýagdaý soraşdyryp,gürrüňi nireden başlajagymy bilmän oturdym. Maral: "Mekan näme boldy? Näme gürleşjekdiň men bilen?" diýdi. Indi meselä geçmek wagty gelipdi: "Maral bilýäňmi näme? Men saňa öň äşgär etmedik duýgularym barada aýtmakçy. Maral men seni söýýan...Maňa rugsat ber seni ömrüň ahyryna çenli bagtly edeýin." Bu Marala garaşylmadyk jogap bolany onuň ýüzündenem bellidi. Ol jogap bermekde köp oýlandy we titreýän sesi bilen:"Mekan bu näme diýdigiň. Biz dostduk we bu bize ýaraýady. Men hakda beýle duýgulary duýmagyň mümkin däl...Bagyşla Mekan men seniň bu teklibiňi kabul edip bilmen. Meni başga biynjalyk etme. Sag bol!" diýdi.
Ýüregim durdy öýdýän,ýaňky atyp duran sesler indi eşdilenok. Näçe ýylymy elden gidirdim şu sanlyja minudyň içinde. Meniň duýgularym ýer bilen bir boldy. Maralyň yzyndan gidişine seredip, niçeme duýgular duýdum muny söz bilen beýan edip bilmen.

Maral 3nji mart. 13:00
"Bagyşla, söýenim bagyşla. Saňa haksyzlyk etdim. Maňa garşy nähili duýgy duýýan bolsaň, meniň ýüregimdede şol duýgular döredi. Ýeriň ýüregimde, şol ejiz, hassa emma saňa aşyk ýüregimde. Sen bu dünýäde wagtlaýyn adama ýagny maňa baglanyp galmaly dälsiň...

Ýazyjy. 3nji Mart. 13:15
Mekanyň ýanyna gelen gyzy bilýädim. Ýakynda dostum infarkt geçirip hassahany düşdi. Ony görmek üçin hassahana bardym we dostumyň ýatan otagyna huşundan giden gyzy getirdiler, gyza ilkinji kömek berdiler. Dostum lukmandan gyza näme bolanyny sorady. Lukman: " bu meniň hemişeki müşderim. Onuň çagalygyndan ýüreginde deşijek bar eken emma muny giç bilipdirler. Deşijek barha ulalyp görlen çäreleriňem peýdasyz bolarlyk ýagdaýyna geldi. Gyzyň 3 aý ömri bar" diýdi. Şonda bu gyzyň keşbi ýadymda galypdyr.
Maral Mekana onuň garaşmadyk jogabyny aýdany daşdan seredeniňdede bellidi. Diýmek ol Mekanyň durmuşyny ýakmak islemändir. Maralam ony gowy görýär ahbetin. Sebäbi ol Mekandan uzaklaşdygyça aglaýardy. Ol akylly we güýçli gyzdygy daşyndanam belli. Bügün biri birini çyndan söýýän aşyklaryň ýüreklerine söýgülerini gömen güni boldy. Bu seýilgäh indi olara iň erbet, ýakymsyz duýgulary ýatladar...

© Abat AŞYRGELDIÝEWA
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Abat | Teg: Abat Aşyrgeldiýewa | Рейтинг: 2.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Medicall • 20:41, 06.10.2023
Salam, oýlanmañ awtoryny ýazmansyñyz, öz adyñyz-a Abat, nik adyñyz "Adyrgeldiýewa" dogrymy, ýa ýalñyşmy? "Aşyrgeldiýewamyka" Ýalñyş bolsa dogrulap bolyar, aýdaýyñ, düzederis
avatar
0
2 Abat • 21:40, 06.10.2023
Salam. Bagyşlan täze giremsoň ýalňyşlyklar bar. Hawa adym Abat Familýam Aşyrgeldiýewa. Nädip düzedip bilýän?
Awtory özüm))
avatar
0
3 Abat • 21:43, 06.10.2023
oýlanma başyndan goýulmandyr(
avatar
0
4 Medicall • 21:45, 06.10.2023
Bolýar, düzederin, ýöne men düzeedemden soñky gireniñizde, eger saytdan çykyp girseñiz "Login" diýen ýere Aşyrgeldiýewa diýip ýazyñ, bolmasa girip bilmersiñiz...
avatar
0
5 Medicall • 21:50, 06.10.2023
Haa, onam özüñizem düzedip bilýäñiz, goýulmadyk bölegi kopýalap alyñdañ oylanmañ gapdalynda nastroýka şekiljik bardyr şoña giriñ ol ýerde ruçka(galam) şekiljige giriñ we oýlanmanyñ goyulmadyk bölegini postuñyza ýerleşdiriñ, aşak geçip sohranit ediñ)
avatar
0
6 Abat • 21:53, 06.10.2023
Köp sag boluň. Maslahatlar we kömek üçin. Düzedildi))
avatar
0
7 Medicall • 21:53, 06.10.2023
Nik adyñyzy başga saýlabam bilersiñiz, şu ýere ýazaýyñ näme at goydurasyñyz gelse
avatar
0
8 Abat • 22:00, 06.10.2023
Familýamdaky ýalňyşlyk özgermedi öýdýän)
avatar
0
9 Medicall • 22:03, 06.10.2023
Türkmen elipbiýinde başda ş edip ýazmasañ düzedişde s etmeseñ sayt kabul edenok, ilki şol ýadyma düşmedi size ýazamda, eger düzedilende Asyrgeldiýewa etmeli bolýas, siz razymy? Şondan başga nik at saylajakmyñ diýdim :)
avatar
0
10 Abat • 22:12, 06.10.2023
Bolýar ylalaşýan. Diňeje Abat diýip goýaýyň nik adymy
avatar
0
11 Medicall • 22:16, 06.10.2023
Ana indi Abat boldy))

Login diýen ýere Abat diýip giriberiñ indi)
avatar
0
12 Abat • 22:18, 06.10.2023
Ýene bir gezek köp sag boluň)
avatar
0
13 Мango • 16:53, 07.10.2023
hekaýaň gurluşy gyzykly eken.
ýazyjy, oglan, gyz gezekleşdirilip gürledilýär...
ýöne manysy biraz hindi kino stil bolupdyr.
awtor hanyma üstünlikler dileýän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202