23:16 Piller bilen serçeler hakynda, ulular bilen kiçiler hakynda erteki | |
PILLER BILEN SERÇELER HAKYNDA, ULULAR BILEN KIÇILER HAKYNDA ERTEKI 1 “Haýwanlaň içinde Iň uly haýwan. Haýsy haýwan?” diýip, Beremde sowal, “Düýe, düýe!” diýdi Bir topar çaga... Düýäň haky ýokdur Uly bolmaga! Düýe-de ullakan Haýwandyr weli, “Pil bar – diýipdirler – Düýeden uly!” Hawa...Pil şeýle bir Ullakan haýwan. Görmedik armanly, Görenler haýran! Äpet aýaklaryn Gopbamsy basyp, Bäş tonna agajy Holtumna gysyp, Tokaýdan tokaýa Müňzäp barýandyr. Göýä äpet daga Meňzäp barýandyr. Düýe-de ullakan Haýwandyr weli, Düýäniň ýanynda Goýsaňyz pili, Düýe onuň ýanda Çaga ýaljakdyr. Piliň her uýlugy Iki gujakdyr. Boýy üç adamyň Boýuna ýakyn. Agramyn ölçeseň Bäş tonna takmyn. Ýaňy dünýä inen Bir çaga pili Gapanyň üstünde Goýdular weli, Leňk edip göterdi Ýüz kilo daşy. ...Düýäňkä üç esse Pilleriň ýaşy. Ýetmişem, segsenem Ýaşaýar olar. Gaty gidiberse Togsanam bolar. Hawa, ol şeýle bir Ullakan haýwan. Görmedik armanly, Görenler haýran! 2 Örän akyllydyr Şu günki piller. Gynansaň-gyssansaň Kömege geler. Uzak Hindistanda Atlanyp pile, Gidýärler toýlara, Çykýarlar çöle. Barýarlar tokaýa, Gidýärler daga. Bir pili idip ýör Kiçijik çaga. ...Haýwanat bagyna Barsaňyz eger, Gözüňiz müň dürli Wagşyny görer. Wagşylaň içinde Ýuwaşy ýokdur. Biri-birisinden Ýyrtyjyrakdyr. Ýolbars art aýagna Galyp durandyr. Gaplaň dişlerini Çalyp durandyr. Möjegiň gözleri Ýakyp barýandyr. Arslan gözenegi Ýykyp barýandyr. Piliň gapdalyna Barsaňyz weli, Hemme wagşylardan Bolsa-da uly, Wagşylaň içinde Iň ýagşysydyr. Iň edeplisidir, Ýuwaşjasydyr. 3 Ýöne weli mundan Million ýyl ozal, (Diňe millionam däl, Has kän ýyl ozal) Pil diýilýän haýwan Bet eken örän. Özünden kiçini Hiç zatça görmän, Azar ýamanyny Berer ekeni. Penjelär, parçalar Ýörer ekeni. Ejize tekepbir Garaýan eken. Garaz, baryp ýatan Garagol eken. 4 Gadym, Gadym bir zamanda. Köpetdagyň aňry ýanda, Eýrandamy Ýa Owganda, Ýa aňyrda – Hindistanda, Ýa onuňam aňyrsynda, Ymgyr giden çöl bar eken. Şol çöllügiň gaýrasynda, Gür tokaýlaň arasynda Bir ullakan pil bar eken. Her gün irden epeý basyp, Gezelenje çykarmyş pil. Agaçlaryň depesine Gözün çarhlap bakarmyş pil. Bir höwürtge göräýdimi – Şol agaja oýkanarmyş. Agaç bolsa çydap bilmän, Dört tarapa çaýkanarmyş. Gaçarmyşyn, Höwürtgeler, Döwülermiş Ýumurtgalar. Hasam beter bir eýjejik, Döşi akja bir serçejik Pilden ýaňa Çekip jebir, Saýrarmyşyn Jibir-jibir: “Ynha indi Ençe ýyl, Gandarymdyr Zalym pil. Daşy duw-ak, Içi gara. Şondan ýaňa Bagrym ýara. Ýykyp gidýär Höwürtgämi. Weýran edýär Ýumurtgamy. Heläk bolýar Balalalarym... Tutsun şony Nalalarym! Şondan ýaňa Bagrym ýara... Päliňden tap Päli gara!..” Ýöne weli serçejik Jibrinse-de şübela, Nalasa-da şübela, Gargasa-da şübela, Ýalbarsa-da şübela, Aglasa-da şübela, Pil almandyr Töwella! Ýene gelip serçäniň Höwürtgesin ýykypdyr. Zar-zar aglap serçejik Wagşy pile bakypdyr: “Indi ynha Niçe ýyl, Gandarym sen Goja pil. Naladym – Diňlemediň. Ýalbardym – Diňlemediň, Agladym – Diňlemediň. Ýene ýykdyň Höwürtgämi. Guma çaldyň Ýumurtgamy. Balalarmy Etdiň heläk. Ahmal bolma Şundan beýläk. Gaty görme Menden indi. Arym aljak Senden indi!” Şeý diýende, Wagşy pil Bir agajy gujaklap, Serçejige syn edip, Gülenmişin jak-jaklap: – Eý, samsyjak serçejik Şu dünýäniň şiri men. Tokaýlaryň piri men. Arslan ar aljak boldy, Gaplaň ar aljak boldy, Adam ar aljak boldy, Emma, seret, Diri men! Tutuş göwräň penjämden Ýüz müň esse kiçijik. Indi gel, gel, sen menden Ar alarmyň, serçejik? Kime arz etseň Arz et, akmajyk! Ýoluň rowaç, Dört ýanyň açyk!.. Serçejik aglap, Jigerin daglap; Dana dostuna Umydyn baglap, Alkyşlar okap Dostluk şanyna, Arza barypdyr Gargaň ýanyna: – Eý, köne şepe, Eý, dana şepe. Dananyň nepi Ýetermiş köpe. Indi üç ýyldyr, Gandarym pildir. Gaýratyň bolsa Dostlugyň bildir. Ejize ganym, Şeýle bir wagşy! Şeýdip ýaşandan Ölenim ýagşy! Ýalbarsam-da – Diňlänok ol. Gargasam-da – Diňlänok ol. Aglasam-da – Diňlänok ol. Ýykyp gidýär Höwürtgämi. Ýere çalýar Ýumurtgamy. Ne öýüm bar, Ne-de balam. Ne-de ony Tutýar nalam. Şol haýynyň ezýetinden Gözüm doldy gana, dostum. Maslahat ber, köne dostum. Bir wagt kömek etjek bolsaň, Kömek eýle, dana dostum! “Bolýa!” diýip, dana garga Uzyn-uzyn gagyldapdyr. Dana gargaň gak-gagyndan Çöpleň başy yrgyldapdyr. Daglar, çöller Seslenipdir, Otlar, güller Seslenipdir, Suwlar, ýeller Seslenipdir, – Näme gulluk? – Näme gulluk? Ýüz tarapdan Ses gelipdir. Garynjalar gelipdir, Pyşbagalar gelipdir. Teneçirler gelipdir, Gurbagalar gelipdir: – Geldik, geldik, Ynha geldik. Näme gulluk? Näme gulluk? Kebelekler gelipdir, Balarylar gelipdir. Uly, kiçi, aralyk – Bar arylar gelipdir. – Çagyrdyňyz. Geldik, geldik. Näme hyzmat? Näme gulluk? Dana garga pil hakynda Gür beripdir ýekän-ýekän. Hem diýipdir: – Şeýle güne Düşen diňe serçemikän? Müň ýyl bäri horlap ýör ol Ejizleriň köpüsini. Şu gün hökman ýapmaly biz Şol horlugyň gapysyny! “Gullugyňa taýyn biz!” Seslenipdir möjekler – Ýeke agyz söz diýseň, Pili diri iýjekler. Niresinden çakmaly? Niresinden çokmaly? Haýsy ýana kowmaly? Niräk alyp çykmaly? Dana garga olara Düşündiren dessine, Hemmejesi çozupdyr Zalym piliň üstüne. Biri ony dişläpdir, Biri ony çakypdyr. Biri dilin çokupdyr, Biri gözün çokupdyr. Giň dünýäsi dar bolup, Iki gözi kör bolup, Pil şeýle bir suwsapdyr, Dört tarapa sebsäpdir. Dodagyn, dilin sallap, Ugranda köle tarap, Gurbaga ony aldap, Çekipdir çöle tarap: – Gur-ryk, gur-ryk, Gur-ryk, gur-ryk! Bärik, bärik, Bärik, Bärik! Ol ýerdenem suw tapman, Ugranda daga tarap, Gurbaga ýene aldap, Çekipdir saga tarap: – Gur-ryk, gur-ryk, Gur-ryk, gur-ryk! Suw şu ýerde, Bärik, Bärik! Gözi çişip, dili çişip, Pil ýetende soňky deme, Dana garga gygyrypdyr: “Entejigem horlaň ýene! Goý, entegem eňki gitsin, Etmişine puşman etsin, Kiçileň hem üýşen wagty Gudratdygna gözi ýetsin!” Ary ýene Çakypdyr. Garga ýene Çokupdyr... Gurbaga-da gurryklap, Ýene aňryk çekipdir: – Gur-ryk, gur-ryk Gur-ryk, gur-ryk! Derýä bärde, Bärik, Bärik! ...Gargalara Çokduryp, Arylara Çakdyryp, Ganly gözýaş döküpdir. Diriň-diriň böküpdir. Ahyrsoňy çydaman, Lampa aşak çöküpdir. – Gulak salyň, Gargalar, Arylar, Gurbagalar, Garynjalar, Serçeler – Ähli menden kiçiler! Aman, aman, Eý, aman! Indi meni gynamaň! Şu wagta çen men sizi Gezipdirin tanaman! Pälim azyp şundan beýläk, Kiçileri etsem heläk, Etim iýiň çokup-çokup, Gözüm iýiň köwläp-köwläp! Aman, aman, Eý, aman. Mundan artyk Gynamaň!.. Pil diýen haýwan Şol günden bäri, Iň bir edepli, Iň bir ýuwaştap Haýwanlaň biri. © Kerim GURBANNEPESOW Surat: Döwlet AKYÝEW Çeşme: https://tasinhorjun.org/2020/03/20/piller-bilen-serceler-hakynda-ulular-bilen-kiciler-hakynda-erteki/ | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |