11:28 Zähmet | |
ZÄHMET Zähmet hakda kän setirler ýazypdym, Zähmet meniň durmuşdaky şygarym. Zähmet hakda ýene bir söz aýtmasam Hiç ýetmedi kararym. Babamyň babasyn öldüren zähmet, Babamyň özünem öldüren zähmet. Müň gezek agladyp atam pahyry, Ömründe bir gezek güldüren zähmet. Ajal töweregne guranda duzak, Ýatypdyr geplemän, ýatypdyr uzak. Iň soňky deminde: «Gidýän hoş galyň!» Diýip, ýylgyranmyş ýekeje gezek. Belki-de ol ýatlap altmyş ýaşyny, Ýatlap çeken gumun, ören daşyny, Iň bolmanda, ölmezden öň bir gezek Ýylgyrdandyr ýylgyrmadyk dişini. Belki-de ol şol ýylgyryp bakanda, Seredendir ýyldyrymyň çakanna. Öýüň tüýnüginden ýagtyny görüp, Oýlanandyr ýagty günler hakynda. Soralmandyr ýylgyrannyň sebäbin, Özi bilen äkidipdir jogabyn. Ýene şol jogabyň gapdaly bilen Äkidipdir altmyş ýylyň azabyn... Ondan bäri döwür-döwran üýtgeşip, Toprak, dünýa, ynsan, zaman uýtgeşip, Şol toprakda çekýän zähmetimiz-de Boldy ähli zähmetlerden üýtgeşik. Indi güýjümize güýç goşýan-da şol Islese ýer ýaryp, dag deşýände şol. Umyt, ynanç, mähir, muhabbet bilen Ýag bilen süýt ýaly goşluşýan-da şol. Indi zähmetimiň hili başgadyr, Indi zähmetimiň ýoly başgadyr... Ynsany haýwana dönderen zahmet Indi bizden ýarym asyr daşdadyr. Dünýä ýeter ol miweleň lezzeti Ol miweler – zähmetimiň hezzeti Şonda-da öz adyn üýtgetmän çykar Watanymyň «Zähmet» diýen gazeti. Babalaň zähmeti – zähmete – mähnet, Biziň zähmetimiz – zähmete – rehnet. Iki dürli zähmet gördük dünýäde, Ös, Watan, üçünji zähmete-de ýet. Isläniňçe işle, isläniňçe geý, Öz çeken zähmetiň miwesinden doý, Babalaryň çeken zähmetine-de Nesilleň adyndan ýadygärlik goý! Üstümizden milýon ýyllar geçse-de, Zähmet bolar durmuşdaky şygarym. Zähmet bolar ýaşlygymda mydarym, Zähmet bolar gojalykda kararym. *Goşgy gysgaldylyp alyndy. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |