Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:59
Pul
PUL

Gep-sözüniň many-maňzy, owazy, şirinligi, suratkeşligi bilen seni ýüpsüzje daňýan dilewar kişileriň «Atam eýýamy» diýäýmesi bar. Diňleýjisi rawusyna göräkä, oňa düşündiriş gerek däl. Olar häzirki zaman türkmen dilinde wagt birligi diýläýýän o sözleri Pindar döwründemi, bärräkmi ýa has soňrakky wagtlaramy, garaz, haçana, näwagta ýöňkäp boljagyny bilipjik oturandyrlar. Şeýle döwürleriň günleriniň birinde, ýollaryň alsynda, ýedi ýoluň üstünde, ähtimal, mömin bir kişi bolarly, ýaglygyň eplenişinden bile daňlandygy aňdyrýan, içi-de pulludygy bildirýän düwünçegini gaçyrýar. Häli-şindimi ýa seýregräk, parhy ýok, ýoly ýol edýän zat — onuň ýolagçylary, gatnawy. Ýaňky pully ýolda-da bärden barýandyr aňyrdan gelýän gözi içi pulludygy aňdyrýan düwünçege kaklyşandan, aýak çekip, ýa saga, ýa sola sowlup, onsoň ýola düşýär diýýär. Şeýde-şeýde, ýol iki ýana egrem berip, öňki oklaw ýalylygyndan egrem — egri ýola öwrülýär. Niçeme asyrlarmy ýa ýyllarboýumy, gatnalyp ýörlen gös-göni ýoly egreldip bilen pully düwünçek hakdaky bu rowaýaty gürrüňiň dilden-dile, hakydadan-hakyda geçip gelmesiniň syry nämedekä?! Ýagşy eýýamyň rowaçlyklaryndan ýüzi yşyran türkmeniň her gezek o gürrüňiň üstünden barlanda, ylla dek şu wagt eşidip oturana, göýä «Watan» habarlar gepleşigine seredýän ýaly, iki gözde bir gulaga öwrülmesiniň sebäbi nämede? Bu gürrüň bärde galsyn, onuň sebäbini ýazgynyň soňuna goýup, habary pul hakdaky görlen-eşidilen, bilnen zatlardan alynsa näder?
Wah, bolmajysy şol-a! Ýa, sözüň piri!

Sowuk pul

Ondan bäri, gör, niçeme gyşlar geçip, çöp başy näçeler burjulady diýsene! Alabaharyň sazak ýaran gara ýelleriniň niçemesi gamçysyny bulaýlap geçdi. Uzaklardan hamala, gymyldysyz ýaly, asman-zemin arasynyň sütünine meňzeş towlam-towlam tomus tüweleýleriniň hasabyny çot kakyp çykaryp ýören bolmanda-da, bihasaplygy belli. Gyrawly güýzlerinde iki-üç towşandan soň, näçe uzakçyl bolsa-da, dilini sallap, tiz-tizden çöpüň düýbüne süýnýän aw tazysynyň içine gor düşene dönüp, gyraw ýalaýşyny diýsene! Dogup-dörän, önüp-ösen obasynyň, okan mekdebiniň salgyny türkmen dilidir matematikadan aýlaw depderleriniň daşyna «Aşgabat raýonynyň Diňli obasyndaky 35-nji orta mekdebiniň...» diýip ýazan okuwçylaryň ornunda oturan bu günki çagalar depderleriniň daşyna «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 40-njy mekdebiniň...» diýip ýazýarlar. Wagtyň işini diýsene! Bu ondan bäri taýly ýüki bilen argyşa barýana däl-de, argyşdan gelýäne meňzeş ýyllar kerweniniň ençemesiniň taryhyň alyslyklaryna rowana bolandygynyň alamaty. Ýazga zerurdyr öýden liriki yza çekilmä dümtünilip, söz uzaldylan bolsa-da, sabyrly okyjynyň bagyşlajakdygyna umyt ýok däl. Ýazgynyň ady bilen bagly sözüňem ýeri geldi. Obamyzdan 5 kilometr ogrujadaky Kükürtli diýen ýerde kükürt zawody bardy. Onuň işçileriniň aýlygy şol wagtky Aşgabat raýonynyň «Ýerbent» garakölçülik sowhozynyň 5-nji fermasynyň merkezi bolan Diňli obasynda ýaşap, çopançylyk edýänleriň aýlygyndan artygrak eken. Gyşyň örküjidi gerek, bir gezek şol zawodda işleýän Begberdi aga kakamyň ýanynda gürrüňçilikde:
– Sowuk pul berdiler bize-de – diýdi.
– Nesip etsin, bolaýypdyr ol-a. Garaşman ýörkäň berlen zat gözüňe degýär.
Kakamyň sözlerine şol sowuk pul diýilýäni hamala, ikinji gezegem alaýan ýaly bolan Begberdi aganyň ýüzi has ýagtyldy. Uly adamlaryň arasyndaky bu düşnüksiz sözler gulagymda galan borly. Ertesi-de ýatdan çykman eken. Ikinjide okadýan Aşyrguly mugallymyň türkmen dili sapagynyň ahyryndaky her gezekki sowaly ýene gaýtalandy:
– Kimde sowal bar?
Düýnki «Sowuk pul» diýen sözler ýada düşdi. Eliňi galdyranyňy bilmänler galsaň nätjek? Aşyrguly mugallym okuwçysyna ýüzlendi:
– Aýdyber!
«Aýdyber» diýlen okuwçy tarsa ýerinden galdy:
– Mollum, düýn «Sowuk pul» diýen söze düşünmedim.
Sorag okuwçynyň özünden lokgarak çykdymy, nämemi, mugallym çalaja ýylgyrdy. Eli bilen «Otur!» diýen yşarat etdi-de, düşündirmäge başlady:
– Ol — zawod-fabriklerde, kärhanalarda çärýek boýunça gowy işlenendigi üçin berilýän pul höweslendirmesi. Oňa baýrak, pul baýragy-da diýiläýär. Ýylyň jemi boýunça şeýle pul höweslendirmesine 13-nji aýlyk diýlibem ýör. Şolaryň hemmesi ýaňky «Sowuk pul» diýen söz düzümi bilen atlandyrylaýar. Düşnüklimi?
Ýerli-ýerden çykan okuwçy sesleri otagyň aýnalaryny böwsäýerli duýuldy.
– Düş-nük-li.
Aşyrguly mugallym hoşallykly gürledi:
– Sowal sapagy durmuş bilen baglamagyň iň ýerlikli sowaly boldy.
Kärini ykbaly saýansoň, işde-de, durmuşda-da şol bir bolşy bolan şeýle mugallymlar unudylmazdyrlar. Şahyr aýtmyşlaýyn:
– Olaryň bary bar, olaň ýogy bar...

Hoja baýragy

Ak bugdaý etrabynyň uzak gum içindäki Kükürtli obasynda Seýitjan aga diýen goja ýaşapdy. Jarçydy. Diňlidir Büküri, Gyzyltakyrdyr Sakarçäge, Gamyşlydyr Sözenli obalaryndaky toýlar onsuz geçmezdi. Gelnalyjy geler, nahar çekiler, ýagşy dilegli töwirden soň, belentden ýakymly ses eşidiler.
– Halaýyk, göreş meýdana çykd-o-ow!
– Aý, göreş meýdana çykandyr-la, ha-a-w!
Bu — jarçy Seýitjan agadyr. Toýçy mähelläni göreş meýdanyna çagyrýandyr. Toýçy bary çöp-çalamy gyrçalyp, tomus bolsa birkemsiz suwlanan göreş meýdanynyň daşyna aý berer.
Göreş meýdanynyň depesinde ýene Seýitjan aganyň sesi ýaňlanar. Bu gezek ol toýuň göreşine kimiň näme, näçe gatanç edýändigi hakda jar çekýändir. Jarçy göreşe gatanç edilýän çebiş bolsa çebişligini, tokly bolsa toklulygyny aýtsa-da, pula gezek gelende beýdenokdy. On manat bolsa ýüz, elli bolsa hamala, bäş ýüz manat ýaly jar çekýärdi. Gör, haçaneýýamlaryň toýundan gaýdan beýle dessur ýerden ýöräne tanyş. Onsoň onuň ters yzyny çalsaň, bereket, bolçulyk bilen bagly yrym-ynançlara baryp ýetýän bolmagy mümkin. Beýle dessur toýlarda adaty, hatda zerurlyga diýen ýaly öwrülip gidene meňzeş.
Göreş başlanmanka berjaý edilýän ýene bir däp — «hoja baýragy» däbidir. Bekewülleriň biri içi pulluja düwünçegi ortara zyňar weli, jarçy Seýitjan aga «Hoja bolsaň, baýragyňy al-ow!» diýip gygyrar. Diýilýän baýraga eýe ýokmy ýa bolaýsa-da dokmäde birimi, garaz, ýet-geç eýe çykylmasa, şowhuna zerre sebäp tapsa, göhi gelýän Ataly aga meňzeş biri «Haý, baýragy men aljak, meňkidir» diýip, içi hoja baýrakly pully düwünçege tarap ýegdekleýänden bolan bor. Garaz, eýder-beýder, içi pulluja düwünçek eýesine gowşar.

«Ýerden tapsaň, sanap al!»

Seýitjan aganyň «Göreş meýdana çykdy, ha-a-aw!» diýen sesini eşitse, kakamyň durary ýokdy. Şo gezegem pälwançylyk edip ýörmese-de, çaýyrça çykyberegen kakam, «Ýör!» diýdi. Obanyň ortasyndaky maşyn ýoly diýilýän ýoldan kelte tirkelen ýaly bolup, toý ýerine tigirlenip barýan ataly-ogul birden aýak çekdi. Olary saklan zat — ýolda ýatan üç sany gyzyl onlukdy. Aýak çekilse-de, kakam ýerde ýatan pula ýet-geçden el uzadaýmady. «Goýmadygyňy göterme!» diýilýän pähim ähtimal, şunuň ýaly ýagdaýda dörändir. Almasaňam-a göwnejaý däl. Kimdir biri ýitirendir-ä ony. Kakamyň elleri ýerde ýatan pullara uzady. Şo pursat puluň eýesi üçin entek ýitigem bolsa, onuň kakamyň elinde amanada öwrülendigine düşünerden men juda kiçi bolan bolmaly. Ony jübüsine salaýman, gysymyna gysyp barşyny geňlänim ýadymda. Onuň sebäplerine weli, soň-soň düşünip galdym. Hawa, kakamyň elindäki şojagaz pul sähel zat, göräýmäge gürrüňi edilenine edip oturanyňa degmeýänem ýaly. Aslynda weli, ol — amanat. Amanady jübiňe salaýmagy bolsa, ol adamlar hyýanat hasaplan bolmaly. Gysymy özi üçin amanat, kimdir biri üçin ýitig pully kakamyň göreşjek bolup ýörmän, toý ýerine barşyna jarçy Seýitjan agany tapyp, ýitig pul hakda jar çekdirmesiniň sebäbi elbetde, soň-soň düşnükli boldy. Asyl ol gysymyndaky amanat pula pul däl-de, köz gysymlan ýaly bolan bolsa nätjek?!
Ol aýda-aýda, diýe-diýe diliň syrylara gelýän öwüt-ündewiň ýerine bolşuň, göreldäň bilen sessiz sapagyň mekdebi eken.

***

...Söz berip sözüňde tapylmak, wadalaşyp, oňa ygrarly bolmak adam oglunyň ýaraşygy.

Içki gözelligi emele getirýän beýle boluşlylar ýedi ýoluň üstünde ýatan pully düwünçege ýetende aýlanyp geçer. Elbetde oklaw ýaly göni ýol egrem berer. Zyýany ýok. «Goýmadygyňy göterme» diýen pähim bar. Pähimli, pähimçil bolsaň, amanada hyýanat etme, geçiber, goýmadygyňy göterme. «Ýol egreler» diýýäňmi? Dogry, ýöne el egrelmez. Meger, bu ýazgynyň dowamynda düşnükli bolandyr.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW,
publisist,«Biznes reklama».

Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/7/2880. 24.01.2023ý.
Bölümler: Publisistika | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Gurbanmämmet Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 10:05, 24.01.2023
Şu wagt 5 ýyldyz dälde 10 bolsa 11-inede basardym.
Ýanyndan aýrylyp bolmaýan bir gürrüňçil biriniň ýanynda oturan ýaly boldum. Gurbanmämmet aga janyňyz sag bolsun.
Şeýle ýazyp bilýänler entek bar eken.
Diýmek dinozawrlaň hemmesi ölmändir.
Minnetdar.
avatar
0
2 Mekan • 20:42, 25.01.2023
Gowy
avatar

Старая форма входа
Total users: 202