Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:03
Ýerbende çenli ýolda

ÝERBENDE ÇENLI ÝOLDA
(ýolýazgy)

Apreliň mahmal ýaly säherinde suwlup barýan dört ulagyň ugry geografiýaçalanyňda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumdy.
O diýilýän ýerler bäri-bärdemi diýsene! Paýtagtdan ol ýerlere çenli ýüzläp-ýüzläp kilometr menzil ýatyr. Ähtimal, şonuň üçindir, kelte tirkelen ýaly, biri-biriniň söbügini basyp barýan, ýyndamlykda, çydamlylykda, rahatlykda birini alyp beýlekisini goýup bolmajak «Nissan Patrol», «Toyota Hilux» ulaglaryň sapandan sypan ýaly bolup barşy, hamala, gözýetimi kowalap tutjak bolýan ýalydy. Gözýetim, elbetde, gözýetim bolýar. Ol — salgym däl. Sen ýetdim-ýetdimde, bardym-bardymdasyň weli, ol aňry gidip oturandyr, şeýde-şeýde, seni barmaly ýeriňe aşyrar. Jylawy gowşadylyp, gamçysy ýeten «demir bedewleriň» toýnagy Ýerbende çenli mazaly gyzdy, ýöne jylawdarlaryň dördüsi-de edil dilleşen ýaly, jylaw çekdiler.
«Dördüsi-de» diýilýänleriň biri — Nurberdi Mämmedow, ikinjisi — Serdar Gurbanmyradow we telekeçi aga-iniler Merdan, Kemal Ataýewlerdi. Hawa, dördüsi-de telekeçi.
— Bularyň oba giräýerligi bar eken. Kürtdürişip durlar-aý!
Bu ýerlere bäş barmagy ýaly belet diýilýän Gurbanberdi Gurbanseýidow toý-sadaka, häzirki ýaly ýolugra ýa meýdan ýerlerinde biş-düşe, atar-düşüre ökde, el-aýak ýaly diýilýän Batyr Tejenowyň söz atyşyna ýylgyrdy.
— Batyr, bärden gaýrak Bürgütlä çenli, 100 kilometr töweregi gowrak ýoly külterlemeseň, göreýin diýseňem oba ýok. Asfaltdan gündogardaky Gyzyltakyrdyr Diňlä çenlem şeýle. Onsoň.... — diýdi-de, Aşgabat — Daşoguz ýolunyň günbatar ýakasyndaky ýangyç bekedini nazarlap durşuna dowam etdi: — onsoň benzin şaýyňy tutjak bolsaň, sowulmabilşiňden sowulma.
Baryp-ha, has oglantagrak wagtlarymyzyň gojasy Ataguly aga aýtmyşlaýyn, demir bedewleri benzinden gerk-gäbe bolan jylawdarlar ýoluň uzagydyr agrynyň entek öňdeligindenmi ýa endige görämi, garaz, «Eýe gözi em» diýlenini edip, ulaglaryny barlap, gözden geçirmäge başladylar.
«Nissan Patrol»-yň daşyndan aýlanyp ýören Nurberdi Mämmedowyň sesi ünjüli çykdy.
— Be-e, ýag dökýär-aý...
— Aý, göwnüňedir...
Kärdeşi, telekeçi ýigit Mämmedoraz Baýramowyň häzirem hemişekilerindäki ýaly, «....deňiz topugyndan» diýilýän arkaýynlygy Nurberdini kejikdiräýdi gerek, janykdy.
— Göwnüme-de däl, gözüme-de, gel-de, göräý!
Ýag damjalaryna gözi düşen Mämmedoraz, täp-täzeje ulagyň beýdişine geň galdymy, nämemi, sygyryp goýberdi. Birhaýukdan soň:
— Amortizatorydyr-ow! — diýdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi: — «Ýigit ilde, ulag ýolda synalar» diýlenimikä bi? Aslynda, dört tirkeş bolup ýörmek nämä gerekdi diý-ä! Iki maşyn artygy bilen ýeterlikdi.
Nurberdiniň sesi müýnlüräk çykdy:
— Gumuň agyr ýoluna nähiliräkdigini biläýjekdik-dä.
«... ýola ýoldaş bolduňmy?» diýen pähim ýadyna düşdümi-nämemi, Mämmedoraz raýkeşlik etdi.
— Duýanlygyň bir gowy zat. Gidip-gidip, iňlär siňeksiz bir beýewanda şeýden bolsa nätjek? Ýerbent — oba ýeri, ussasyz däldir. Dörjelär, çukalar, ýag dammasynyň sebäbini, bolmanda, anyklab-a berer.
Bu ýerlere juda belet Gurbanberdi Gurbanseýidow:
— Ussa taparys. Goýmaly bolsa obada goýup gidiläýende-de bor — diýip, bir ýerlere jaň etmäge durdy. «Geliberiň!» diýlendir-dä, «Ýörüň!» diýen terzde ümledi. Ussa boljak köne tanyşlaryň biri — Halmyrat Atagarryýew bolup çykdy. Ýag syzmanyň sebäbini amanyny-zamanyny bermän anyklady.
— Amortizatordan syzdyrýa...
Ulag eýesi Nurberdi jan barlajak boldumy-nämemi, gyssanmaç gürledi:
— Gidip gelermi ýa...
Halmyrat ulag eýesiniň diýjek bolýanyna düşündi:
— Goýmaly bolmaz, iki gezegem gidip geler.
Ussanyň sözüne ýüzi ýagtylan Nurberdi bir ýylgyrdy. Diline gelen söz hemaýat edilende aýdylýan söz boldy.
— Taňryýalkasyn!
— Bile ýalkasyn. Çaý-suw meýliňiz bolsa, öýe gireliň!
— Sag boluň, «Ýolagçy ýolda ýagşy» diýýä.
— Onda ýoluňyz ak bolsun!

Ýerbentden-de aňyrda

Ýerbentden gaýra uzaýan asfalt ýoldan ýüzin salyp barýan dört tirkeş ulag Garaçulbadan saga gidýän ýolaýryda «Haçan bararkak?» diýdirip, boýun sozdurmady. Ýogsam 100 kilometrräk ol ýoluň gysgalyp, ýarpa gelmedigi anyk. Munuň bir sebäbini, elbetde, gaýypmy ýa taýypmy ýaly barýan ýyndamdan rahat ulagyň işi hasaplasyň gelýär. Belki, bu hernä, munuň ýaly uzak ýola çykylanda, edähede görä, ýantorba oklanaýýan žurnala gümralygyň işidir. Ol taryh bolup galan jemgyýetiň ýazyjylar guramasynyň ýaşlar üçin aýda bir gezek çykýan edebi-çeper, jemgyýetçilik-syýasy žurnalynyň 1978-nji ýyldaky 11-nji sanydy. Geň zat, Wladimir Kostrowyň «Юностың» 4-nji sahypasyndaky «Дорога на Родину» («Dogduk depä barýan ýol») atly goşgusy önüp-ösen ýerlerine barýanyň ahwaly bilen ahwaldaş duýuldy. Şeýleräk bir sebäbi bolmasa, baryp-ha, 61 ýyl ozal kosmonawt Ý.Gagarini älem giňişligine, astronawt M.Armstrongy Aýa çykaran adamzadyň bu günki nesliniň tizlige geň galjak işi barmy?! Hawa, ýoluň tiz geçilen ýalylygy diňe tizlikde däl-de, öňde biriniň aýdyşy ýaly, «ba-a-şga zatda». Bahar — şol «ba-a-şga zatda» diýilýäniň özi. Onuň gaýma gaýan, keşde çeken elleri bilen «bijanlar jana gelipdir». Apreliň şol ter-tereň günleri Gurbannazar aýtmyşlaýyn:
— Sährany diýsene, elheder aman — diýilýändi. Sähra al-ýaşyla beslenensoň, ol şol pursat bukjasy çatylyp, durmuşa çykjak bolýan ulugyza meňzeşdi. Beýle görnüş suratçy däli suratkeşlige, heniz kör iňňäni götin sanjyp görmedigi keşdeçilige, ýene birlerini meniňki bolsun, senmi diýer ýaly sesiň bolaýmanda-da, aýdymçylyga ylykdyrarlydy. Ýol ýakasyndaky sülmüräp oturan sözenleri şelpelände göräýseň! Asmangözeliň çekelikli gupbasynyň şelpelerini gör-de, şony göräý! Burum-burum, towlam-towlamja diýmeseň, sarylygy dagy agynja şoldur.

Aňňat-aňňat aklaňlar

Garaçulbadan saga sowlup, 22 kilometrlikdäki gaz-kompressor stansiýasyna çenli uzaýan çagyl ýolaýrytdan soň, Nurberdiniň ulagyny synasy gelýän kesgin-kesgin, aňňat-aňňat gum ýoly başlandy. Demir bedewlerdir jylawdarlarynyň Diňlä çenli 18 kilometr töweregi ýolda synalma kemi galmady. Uzak ýoluň argynlygydyr günorta çaý-suw wagty ýetensoň, Diňlide, Ak bugdaý etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň çopany Serdar Kakajykowyň öýünde dem-dynç alar salym dyz epip, ugur Damla tarap boldy.

Diňliden Ösere çenli

Diňliden aňyrdaky ýollarda gözüni daňsaň-da azaşaýmajak öý eýesi Serdar Kakajykow öz ulagynda, obadaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy Baýmyrat Kakajykowdyr çopan ýigit Amanberdi Nurberdiýew öz motorlarynda ýolbeletlik edip, öňe düşdüler. Üňüz aňyrsyndaky Damla çenli 44 kilometrlik menzil göwnüme bolmasa, 44 minuda ýetirilmän külterleniläýen ýaly. Oba eňäýmänkäň, gyryň üstünde oturan göze gelüwli jaý alysdan göründi. Gapysynda saklanan ulaglaryň sesine bolsa gerek, Görogly etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň çopany Aman Kulyýew daş çykdy. Ýylyň şol günleri — owlak-guzy döwri çarwaçylyga dahylly bolanyň öýüne myhman wagty. Geň zat, şol gün Aman öýünde eken. Geňlänimizi aňan ýaly gürledi:
— Beh, beýle gabatlaşaýşymyzy, azyk-suwluk üçin gelip durşumyzdy.
Ulaglardan adam bary düşüp dur, onuň weli, azaryna-da däl. Göwnübir ýaly, juda arkaýyn.
— Geleweriň-de, geçeweriň! — diýýär.
Serdar töweregindäkiler eşider ýaly pyşyrdaýar:
— Amanyň kakasydyr atasy-da myhmansöýer adamlar ekenler — diýip, ýanyndakylara birlaý göz aýlady: — Myhmanlar gyr üstüniň ýazyny görmekçi. Çomuçly, kömelekli meýdanda aýaklarynyň ýelini alarlar. Azyk-owkat, ýapynja üpjünleri düzüw. Ygal-yslaňdan, ýel-guzdan goranara taşalary-da ýanlarynda. Şonda-da, çopan goşuna golaý ýerde yklansa, kem däl. Seniň Öserdäki ýaz ýurduňa barmakçy weli...
Aman ýene ýylgyrdy:
— Onuň welisi bolmaz, baryberiň! Gaýta bize-de del gürrüňçilik bor...
— Onda biz ir günümizi giç etmäli. Ýöräbereli?! Irräk baryp, çalmar edinip, çadyr gurunsak ýagşy.
— Beýdip, tarakga baryny tutup ýörmäň! Ýaz ýurdudyr, myhman üçin öý, kepbe bardyr.
— Bolýa — diýip, Aman bilen hoşlaşan Serdar ýene iki motorly bilen öňe düşdüler.
Ugralandan, ho-ol aşakda, iki gyryň arasyndaky arymyň içinde Damla obasy, ylla, guýynyň düýbünde ýaly göründi. Oba eňilýän ýeriň dik başaşaklygy jylawdarlary dar dag kötelleriniň öwrüm-öwrüm ýollaryçarak bolmasa-da, garaz, şonçarak howatyrlandyrdy öýdýän, öňden barýan ulaglylaryň yzyndan iňňän haýallyk bilen eňdiler. Obanyň içini kesip, guşluga çykan bäş awtoulagdyr iki motorly ýolagçylar şeýde-şeýde, Öser ýaýlasyna barýan 15 kilometrlik menzili külterläberdiler. Öser guýusynyň-da, edil Damla obasy ýaly, çuň arymyň içindeliginiň sebäbine telekeçi hasabyndan düşünjek bolan bolarly, Merdan Ataýew sagadyna seredip gürledi.
— Gün ýaşaryna 15 minut dagy bar, ýöne ol eýýäm görnenok...
— Arym içinde ýurt tutunylmagynyň sebäbini kakam-a bilse, bilýändir — diýip, Amanyň ogly, Görogly etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň çopany Rejepmyrat Kulyýew sag elini namaz arka tarap uzatdy: — Böwrüdeşik, Kyrkguýy, Mürzeçyrla ýaly obalar-da şunuň ýaly çuň arymyň içinde.
Merdan çopan ýigit Rejepmyradyň ýüzündäki aňylar-aňylmaz ýylgyryşy özüne düşünilmänliginiň alamaty saýdymy-nämemi, ýene sagadyna seredip gürledi:
— Aý, Gün — dünýäniň ýaraşygy, onuň dogup-ýaşyşyna gözüň düşüp dursa ýagşy. On bäş minut töweregi bar bolsa-da, bärde Gün eýýäm ýaşan ýaly.
Myhmanynyň söz atyşyndan, onuň bihal adam däldigini aňan Rejepmyrat anyk bir zat pyşgyrmakdan saklandy.
— Elbetde, bir hasaby bardyr-da... — diýip, ulaglardan meýdan ýerinde zerurlyk üçin alnan ýapynjalardyr çadyry düşürişdirip bolan myhmanlaryna tarap ýöneldi. Telekeçi Serdar Gurbanmyradowyň ýerde-gökde goýman öwýän aşpezi Batyr Tejenowyň öňündäki syrçaly, ýaşyl pitidäki dogralan etden çişlik üçin syha düzüp oturyşy diýseň-diýmeseň, aşpez çulumlygydyr ebeteýi bara meňzeş. Sürüji Arsen Grigorýan bolsa, üwelen eti syha düzüp otyr. Sylanan süňklere gözi düşen Rejepmyrat eti pudarlanyň «Eli gelşip barýa» diýilýänleriň biridigini aňdy. Onuň pikiriçe, çişlik bişirip oturan Batyr tagamy tagam şekilli taýýarlap bilýänleriň biri çyksa gerek. Aşpezligiň suwuny içen hasaplanýan beýle kişileriň biş-düşünden ajygyp iýseň, garnyň galyp, aňryňa il gonan mysaly, gözüňem ýerine gelen ýaly bolýar. Ol Serdar Gurbanmyradowyň aşpez ýigidi öwüp oturmasynyň ýöne ýere däldigini gözi kaklyşandan düşündi, ýöne başga bir zada düşünmedi: gelýän ýerleri Rejepmyratlar bolsa, onda Diňli ýaly ýerden dowar soýup alyp gaýtmak nämä derkarka?! Barybir, sarwan kärdeşi Serdar Kakajykow ýeň bermez.
— Azar bolmajak bolýas — diýer.
Ýogsa ol Rejepmyradyň özüniňem, onuň kakasy Amanyň-da, atasy Hajy aganyň-da, garry atasynyň-da könekileriň «Myhman rysgaly bilen geler» diýen pähimine ýykgynlydyklaryndan habarsyz däl-ä! Batyryň «Çişlik taýýar», Arseniň «Kebap bireýýäm bişdi» diýen sesleri Rejepmyradyň pikir ýumagyna çolaşdy öýdýän, oduň başynda oturanlara tarap ýaltyldady.
Çakgan gurup, ýygnap bolýan çadyryň töründe eýýäm küşde gyzan Merdan Ataýewiň sesi eşidildi.
— Çişlik diýýämi?
Garşydaşy bolarly, jogap sesi çykdy.
— Şeý diýýä şol-a...
Merdanyň göçmek gezegi bolarly, sesi gatyrak çykdy.
— Onda, ine, saňa çişlik!

Ot başynda

Nahar-şordur çaý-suwdan soň kim ýene küşt tagtasynyň başyna geçdi, kimler ýylyň gelşi, ot-çöp, mal-gara hakdaky peýrewe gürrüňçilige çörňeşdi. Daşarda uludan gallanan oduň başyna meýillilerem tapyldy. Oda bagryny berip oturan tyňkyja mis tüňçelerden demlenen çaýyňdan kädaýym bir owurtlap, çöl gijesine diň salmak tapylgysyz lezzet ahyry!
Daşyndan dört ogul, üç gyz ýetişdiren, ogul öýerip, agtyklar atasy hasaplardan ýaşawarak görünýän öý eýesi Aman Kulyýewem oduň başynda eken. Ol ody ölçerip duran Rejepmyrady görkezip:
— Ikinji oglum — diýdi. Ýantiliň diktofonyny işletdim: «Rejepmyrat Amanow, 1995-de Damla obasynda doglan. Obadaky 59-njy mekdebi tamamlan. Görogly etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň çopany. Öýlenen, bir ogly, bir gyzy bar».
Aman ýylgyrdy.
— Tanşypsyňyz-ow?!
— Hawa...
Aman gözlerini açyp görenleriniň çarwaçylykdygyny, bu köneden könelmez gadymy kesbiň özüne kakasyndan, kakasyna-da atasyndan geçendigini aýtdy.
— Ine, indem... — diýip, ol oduň aňyrsynda, garşymyzda oturan ogly Rejepmyrada tarap ümledi: — ogullam dowam edýär.
Onuň şol aprel gijesindäki «Bassyr iki ýylyň guraklygy telpegiňi ýere oklasaň, çöp ilişmez ýagdaýa ýetirdi. Şükür, bu ýylky ygal ot-çöpi elinden çekilen ýaly etdi. Bu jelegaýlaryň çarwalary Arkadagly
Serdarymyzyň aýagy düşdi diýişýärler» diýen sözleri şahyr aýtmyşlaýyn, hakydamyň lentasyndan öçmändir. Ot başyndaky esli wagtlyk gümür-ýamyrdan soň, göz awusyny alarman bolup, gara öýe girdim. Adam bary ukynyň gujagyna gapgarylypdyr. Bir Arsen Grigorýan oýa eken.
— Sen näme?
Ol hor çekegendigini, iliň soňundan uklamaly bolýandygyny aýtdy.
— Oň üçin gapyrga etme, ýat!
Arsen buýruk berlen ýaly boldy, ýöne dogrudan-da, myrlap däl-de, parlap uklaýan eken. Aýdyşyça bar. Daşarda tüsseçykary aýrylan ulag işläp duran ýalydy.
Öýüň tüýnüginden görünýän ýyldyzlary sanap, uklap bolar öýtdüm. Başartmady.

«Bähbit bolsun!»

diýip, ýene daş çykdym, ýeri, mahmal ýaly şeýle aprel gijesinde ýatmak nämä gerek diýsene! Arsen, sag bol ýatyrmanlygyňa. Ynha, men gijäniň tümlügini egnime atyp, arymyň içi bilen guşluga tarap barýan. Şeýdip gidip otursaň, daňdana çenli gyryň Üňze eňýän ýerine ýetmegiň mümkin. Asmanyň ýyldyzlary bolsa häzir ýyldyzlara däl-de, onuň egnindäki lybasynyň öňapbasylaryna meňzeýär. Olar maňa göwnüme bolmasa, «Sen nire, bu ýerleri nire? Gaýt yzyňa, azaşarsyň!» diýäýýänem ýaly. Ýeri, menmişimmi bu ýerlerde azaşjak? Gaýta, ýitirenlerimi tapmaga geldim. Bölünen, tazygan, goýun-geçidir duşagy ýazan düýämi gözläp, paýu-pyýadalan, ulagly geçen ýerlerimden galan yzlaryň bolmanda sudury bardyr öýdýän. Häli, gara öýden çykanymda, howa şabat ýalydy. Ýöreýänligimdendir-dä, häzir beýle däl. Penjegiňi eliňe alaýasyň gelýär, köýnekçe bolsaň kem däl ýaly. Yzyma gaňryldym. Çykyp gaýdan öýümiň gapysyndaky ot henizem görünýär. «Gije oda, gündiz tüssä gitme» diýilýäni, meger, şu bolsa gerek. Ýogsam 3-4 kilometr dagy ýörän bolmaly. Asmanyň päkizeligini! Onuň lybasyndaky öňapbasylar indi öňapbasa däl-de, ýyldyzlara meňzäp: «Şeýd-ä, dolan ahyry, dolan!» diýşip, şadyýan göz gypyşýan ýalydylar.
Aman Kulyýewiň ogly Rejepmyradyň sürüsi bolsa gerek, golaýrakda hamana, kimdir biri gaty-gaty kakýan ýaly, jaň sesi geldi. Süriniň öňüni çekýän boýny jaňly goýun bir zatdan tebil tapan bolarly. Oduň ýagtysyna öýüň gapysynda duran ulaglar saýgardyp ugrady. Şol tarapdan radio sesi eşidilip başlandy. Tanyşdan ýakymly, eger şeýle aýdyp bolýan bolsa, çeper sesdi. Batyr Çaryýew «Miras» radioýaýlymynyň şu günlükçe öz işini tamamlaýandygyny aýdýardy. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp ugrady.
— Ja-a-nym gurba-an saňa erkana
ýurdu-u-m,
Mert pe-ederleň ruhy bardyr köňülde.
Bi-itara-ap, Garaşsyz topra-agyň nurdu-ur,
Baýda-agy-yň be-ele-entdir, dünýä-äň
ö-öňünde...
Ikä iki minut bar eken. Bu Hydyr gören sähralarda ýarygije arymy pürepürläp ýaňlanýan Döwlet senasyna goşulmabilseň, goşulma-da!
Uzak gijäniň ýadawlygymy, nämemi, tas üstüme Gün dogran ekenim. Öý eýesi Aman Batyr Tejenowdyr Kemal Ataýew bilen daşarda, ot başynda gazan ataryp ýörler. Ak bugdaý etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň sarwany Serdar Kakajykow günortana çenli kömelek gözlemäge gitsek boljakdygyny aýtdy.
— Maňa-ha geregi şo. Häzir diýseňem taýýar.
— Onda bir käse çaý owurtlap ýöräris.
— Çaýyňky ýagşy, ýöne ajöze, ýaňy saglan düýe süýdüni içseň näder?!
Amanyň hödür-keremli sözleri Serdara kem ýaramadyk bolarly, «Näderis?» diýen terzde ýüzüme seretdi:
— Ol-a kem bolmaz.
Aman ýüzi köpürjikläp duran düýe süýtli şakäsäniň herimize birini uzatdy. Körpe köşekli düýe süýdünden aňryňa il gonan ýaly bolansoň, ýeňsäňem gyzyp durar eken. Serdar derrew ulagyny otlady. Çaý sebäpli eglenip ýörmän, niredesiň çomuçly, kömelekli meýdan diýip, ýola düşdük.

«Aýa tapyl, maňa tapyl!»

Gyr üstüniň kömelegi, aslynda, kömeleklik diýilýän ýyllarda-da gözläbräk tapmaly. Tapanyň weli, tapylan şekillidir. Käbiri elli kilogramlyk un haltasynyň agzyndan girmejek bolar, hamyr jamyň agzy, aş gapagyçarak bardyr. Kömeleklik ýyllar diýilýän bolanda, dogrusy, häzirki ýaly ulagly barýarkaň-da göze kaklyşýar. Bu ýyl beýle däl bolarly. Eger şeýle bolanlygynda, düýn Diňliden bäri gyra çykylansoň Damla, Damladan soň Ösere çenli ýol ýakasynda birdir ýarymdyr görnerdi. Ynha, çomuç weli, başga zat. Ol ugran ugruňda bar, özem ösüp-ösüp, sepirjigiňe ýetip ýören bolupdyr. Başyndaky peşmegi heniz güllemänsoň, keleme-de meňzemän duranok. Bir görseňem, peşmegi selle biçüwligi bilen çeper eserlerdäki medrese talyplaryny ýatladýar. Bu sözler, elbetde, gepiň gerdişine görädir. Çünki milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik neşirinde çomujyň dermanlyk-bejerijilik häsiýeti lukmançylyk ylmy nukdaýnazardan çuňňur seljerilip, özge birine aýdara-diýere hiç zat galdyrylmandyr.
Dört kilometr töweregi ýoldan soň, ulagdan düşüp, kömelek gözleginde Serdar bir ýana, şu setirleriň awtory bir ýana gitdi. Iki gyryň arasyndaky çuň ýerlere däl-de, sazakdyr çerkezli, ýowşanly, adyrsow tekizlige gum içlerinde «tagta» diýilýär. Ol şol tagtalaryň birinden çagalygyň sanawajyny sanap barýar.
— Aýa tapyl, maňa tapyl! Aýa tapyl, maňa tapyl!
Kömelek, kösük, guzybut gözläp ýören çaganyň «Maňa tapyl!» diýmesi düşnükli, ýöne «Aýa tapyl!» diýmesi nämedenkä? Üns bermändiris. Şeýdibem, ony-da edil çagalygyň geçip gidişi ýaly, bilmänler geçirilen eken, haýp!
Öten agşamky paýu-pyýadalyk onuň süňňünde indi bildirýär. Arkanlygyna süýndi. Asmanyň päkizeligini! Zemini diýsene! Adam ogly bu ikaranyň ýaraşygy. Ol bolmasa, bu gözelliklerdir päkizeligi kim görjek, kim duýjak, kim lezzet aljak?! Ol heran-haçan bu Hydyr gören sähralara çykanda, köňlüniň jümmüşinde bir ýerlerde döreýän sowala häzir elinden çekilen ýaly, laňňa ýerinden galdy. Geň zat, gamaga dönäýen eken. Häzir ol ömür ýollarynda südür baryny görüp, sapak ediner ýalysyny sapak edinen bir kişä däl-de, bigam, bigünä bir çaga öwrülen ýaly:
— Aýa tapyl, maňa tapyl! — diýip, ýene sanawaç sanap ýöräberdi. Gözi daş-töwereginde, şol gidip otyr, gidip otyr.
Allowarrada galan ulag indi çala görünýär. Şonda-da yza döneýin diýmedi. Kelte tirkelen ýaly, yhlasyň yzyna düşüberdi. Yhlas yhlas bolýar. Onuň öz yzyna düşeni heniz ät galdyran ýeri ýok. Birdenem kürtdürdi. Nobatçylykda ýarygijä çenli sahypa okanda gyzarýan çep gözüni owkalaşdyrdy. Gum dykylan ýalylygy häzirem gyzaranlygyny aňladýardy. Gözlerine ynanmajak boldy. Taýagatym ýerden aňyrrakda ýere ýazylyp ýatan ak kagyza meňzeş zat ak kagyz däldi-de, hakykatdan-da, ertirden bäri tapdyrman ýören kömelekdi. Kalbynyň jümmüşinde bir ýerlerde dörän kanagat duýgusy diline geçdi. Pyşyrdady.
— Gözüňe-başyňa döneýin, yhlas!
Kömelegiň düýbüni gazmyşlady, birdenem telek bir iş eden ýaly, aýran gumuny ýene üşeledi. Dogrusy, ony ösüp oturan ýerinden aýra salmaga dözmedi. Şol seretdi oturdy, seretdi oturdy. Birhaýukdan soň, ulag tarapa öwrülse, Serdar gol bulaýar. Hasyr-husur gazmyşlady. Hamyr jamyň agzy ýaly, ap-ak kömelegiň kirpiklerini diýsene! Ysgady. Ysgap-ysgap ganan däldir-dä, ýerinden galyp, «Barýa-a-a-an!» diýip gygyrdy-da, sesiniň yzyndan ulaga tarap ylgap ugrady...

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW,
Publisist, «Biznes reklama».

Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/8/134. 22.11.2022ý.

Bölümler: Ýol ýazgylary | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Gurbanmämmet Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203