Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:39
Redaktora ýazylan hat
REDAKTORA ÝAZYLAN HAT

"Diliňe bitýär-ä, bagyşlap goýber"
Seýitmyrat Geldiýew


Sözüňe bitýär-ä, "bor" diýip goýber,
Goşgularmyň çap bolmagna kömek et.
Men gowşak bolsamam zor diýip goýber,
Goşgularmyň çap bolmagna kömek et.

Ejiz pikirlermi ýonup, aryflap,
Ýöntem setirlermi magtap, taryplap,
Dagynyk bolsalar sepläp, galyplap,
Goşgularmyň çap bolmagna kömek et.

Bir mätäje ýardam berseň sogap bor,
Kän çekilen yhlasyma jogap bor,
Arzuwyma ýetmegime sebäp bor,
Goşgularmyň çap bolmagna kömek et.

Parahat BATYR
Bölümler: Goşgular | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Parahat Batyrow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 sylapberdimuhamov • 07:18, 07.07.2023
Gysgadan gowy aýdypdyr. HAýyş
avatar
1
2 sylapberdimuhamov • 07:22, 07.07.2023
Italmaz aganyñ şu zeýilli goşgusy bardy.
Gowşut meñ goşgulam haçan goýberýäñ diýip. O döwür Osman aganyñ döwründen öñräkdi Sapar Öre pahyr başlyklaýyn Garagum jurnaly Enekäbe Karaowalaryñ monopoliýasyna öwrülipdi. Onsañ Italmaz Akmyrat ýaly Hakdan içen zehinler näçe zeýrense-de zatlary çykmanjyk geçipdi.)
avatar
1
3 Мango • 10:51, 07.07.2023
"Ejiz pikirleri... aryflamak" nähili bolýar?

Aryp (Aryf) - Bilimli, edepli, paýhasly, parasatly.
Aryp (Aryf) bolsaň habar algyn sözünden, Bir köýnegi bardyr egri dyzyndan. («Görogly» eposy)
avatar
1
4 Parahat6499 • 11:33, 07.07.2023
bilýän "aryf" şol ýerde ýerliksizräk. Ejiz (manysyz) pikirlermi, aryf(parasat(ýagny many)) goşaýyň diýjek boldum. Başga söz bilen aňladyp başarmadym pikrimi.
avatar
0
5 Parahat6499 • 11:33, 07.07.2023
minnetdar
avatar

Старая форма входа
Total users: 202