Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:39
"Il-ä seni Aýa deňeýän eken..."

* * *

Il-ä seni Aýa deňeýän eken,
Meň-ä seni Aýa deňäsim gelenok.
Gel, men seni Marsa deňäýin-le.
Hawa, sen Aý ýaly owadanam,
Akja-da...
Ýöne meni göreňde gyzarýaň-da
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤMars ýaly.
Seret, men sende iliň görmeýän
ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤzadyny görýän,
Hany, maňa jogap ber,
Şu söýgi dälmi?

© Parahat BATYROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 161 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Parahat Batyrow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Мango • 10:23, 16.04.2024
gyzyklyja cemeleşme.
marsa deňelmek... :-)
aslynda o gyzyl planetada ýaşaýyş bolanmyşyn diýip çaklaýarlar alymlar.
näme-de bolsa ýere ýakyn planeta...
Parahat Batyr welin "iliň görmeýänini" gördi...
ýere ýakyn marsyň gyzaryp durmasy "söýgiden" ekeni.
---
suraty intellektual akyla zakaz edýäňizmaý?
şeý diýoňyzmy?:
-akylym, maňa gyzyl köýnekli, ýaňaklary gyzaryp duran, haýadan ýaňa aşak bakyp duran gyz suratyny çeksene, arka fonda-da ýüzi söýgi yzly mars bolsun.
avatar
0
2 Mekan2 • 10:30, 16.04.2024
dagy näme, sto%
avatar
0
3 Mekan2 • 10:32, 16.04.2024
goşgy oňat eken. ýöne ýekeje no-sy bar-da. Marsyň türkmençe ady Myrryhmyşyn. heh, "Myrryh" ýamman protiwniy eşidilýä.
avatar
0
4 sussupessimist • 10:34, 16.04.2024
Marsly surat internetde doly-haw. Gözlemeli, ýoldaşlar!

Goşgy Lengston Hýuzyň (Langston Hughes) eserlerini ýadyma saldy. Şeýdiberse, Parahat Batyr öz originalja sesini tapsa gerek. Üstünlikler!
avatar
0
5 sussupessimist • 10:35, 16.04.2024
tesw.3-e
Öýlenenden soň Myrryha öwrüläýmegi ahmal))
avatar
0
6 Mekan2 • 10:41, 16.04.2024
beý diýseň Parahat öýlenmän oturbermesin. oýun edýändir-ow, arkaýyn öýleniberiň (öýleniň bakaly (şeýtan stiker) hi-hi-hi)
avatar
0
7 aygull • 11:19, 16.04.2024
Òñ Aý gyzlar, köplenç toýdan soñ Güne öwrülýärler
avatar
0
8 Rowaç • 19:15, 16.04.2024
Heniz taraşlamaly, üýtgeşik meňzetme ýa forma tapylan ýalydyr weli, "men", "sen" kän. "Sene-mene" etmek meýlim ýok, ýöne has güýçlüräk ýazmaly.
avatar
0
9 derwushhana • 22:26, 16.04.2024
Türklerdäki gowy görýän diňledýänje duyguly erkinje setirlerimi gördüm. Tüweleme.
avatar
0
10 ToylyOraz • 03:22, 19.04.2024
Мм говы язылыпдыр Голдаян!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203