10:07 Restawrasiýa | |
RESTAWRASIÝA Akar ýaplar akar ýatar bimany, Uja daglar öňküsi deý beýik däl. Gaytadan dikeltdim argyn synamy, Döwük-ýenjik pikirlerimi seýikläp. Egsibersem ýürekdäki gussamy, Siňer gider ýazylmadyk hatlara. Deňiz gökden peşgeş alar mas-mawy, Ýöne käte garlar ýagar gap-gara. Onuň üçin kalbym göz ýaşyn dökmez, Günler güme gitse, başyňy gutar! Şahalarna ala seretse kökler, Bir gün çyn söýginiň yhlasy tutar. Ýary ýolda yza gaýtma söz berip, ýazýan bolsaň, ýazgydyňy ýazgarma. Gül reňkine boýalypdyr gözlerim, Sary atyr sepilipdir ýazlaryma. Sözler möhür bolup ýazylsyn daşa, Erkinligi küýsäp kişňände atlar. Bu söýgi kalbymda ebedi ýaşar, Bu ýigrenç içimde ömürlik ýatmaz. © Sungat GURBANGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |