Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:12
Söýgi (ýa-da däliniň samramalary)
SÖÝGI (ÝA-DA DÄLINIŇ SAMRAMALARY)

I
Söýgüsini ýatlap ýyglar setirler
Agşamlar asmanda Aý dogan çagy,
Hak aşyklar arzuwyna ýeterler
Bolsa-da arada aýralyk dagy.

Menem yşk odunyň datdym epgegin,
Oňam meni söýerini isledim.
Arzuwlardan doly arzuw depderim
Ýüregimde päk duýgular besledim.

Ýalňyz gijelerde darykma, öý giň,
Inçeden aç galyň kitaplaň gatyn.
...Nirede sen meniň ilkinji söýgim
Juwan ýüregimde goja hasratym?!

Gussa gaplap aldy töwerek-daşym,
Sen bir merdemräk bol buýsançly başym.

II
Sen bir merdemräk bol, buýsançly başym!
Büdreme menzili ýarpylanyňda.
Goý, tozana batsyn mahmal lybasym
Ullakan arzuwlar bar planymda.

Seret, başyn egip gojaman söwüt
Saklaýar ruhunda ysyn baharyň.
Sowuk gyş geçipdir çybygyn döwüp,
Ýuwdup otyr ol şonda-da gaharyn.

Öwüt gerek diýdiň, al saňa öwüt:
Köňüllere söwüt bolmak ýaraşýar.
Seret, başyn egip paýhasly söwüt
Öz söýgüli baharyna garaşýar.

Gül ömrüni ýola bakyp ötirler,
Kömür deý gijeler, süýt deý ertirler.

III
Kömür deý gijeler, süýt deý ertirler
Pynhan ýalnyň uçgunynda ýanarlar
Hamyrmaýaň düýşüň görse petirler
Dutar tary kimin iňlär damarlar.

Ýollar uzap gidip otyr bakyýa,
Gözýetimler gözün gyrpýar şadyýan.
Bu ýalançy durşy bilen kapyýa,
Beýle bolsa, hany meniň kapyýam?!

Aşygy bolmadym kümüşiň-tyllaň,
Bir gün çydap bilmän okadym nälet:
Eý, meni ýoklukdan bar eden Allam!
Sen meni şol gyzy söýmedik ýaly et!

Arzuwlar kenarna ýetsemdim basym,
Gussa gaplap aldy töwerek-daşym.

IV
Gussa gaplap aldy töwerek-daşym,
Syýamyň reňki-de şeýle öçügsi.
Maňlaýymdan düşen ilkinji saçym
Nirelerde ýörsüň, halyň niçiksi?!

Çümdüň haýsy hyýallaryň çuňlugna,
Kyn günlerde haýsy ýoldan ýörediň,
Göreçlermiň tütäp duran doňlugna
Haýpyň gelip, awadymy ýüregiň?!

Seret, çar-tarapam batypdyr gama,
Sorup jigerine güýz howasyny.
Ýüregime ýamap täze bir ýama
Içýän tebigatyň sap owazyny.

Asyrlara dönse her bir sagady,
Her kimiň bar başyn egýän halaty.

V
Her kimiň bar başyn egýän halaty,
Näçeler diýsem-de başym dik, merdem.
Däli göwnüm suw astyny halady
Ummanlaň düýbünden gözledim merjen.

Suwuň astynda-da sendiň kölegäm,
Näçe dilseň, ýüregimi diliber.
Çykdym göýä Mejnun bolup çöle kän
Süýji wysalyňy arzuwlap, dilber.

Güýzde ýaprak kimin gaýýar pikirler,
Pikirleň astynda ýegşerýär gerden.
Ýüreklere ýara salan bi kirler
Entek gyltyzrajyk başy egerden.

Tupan tursa, başyn ýaýkar agaçlar,
Diňe yşk öňünde egilýär başlar.

VI
Diňe yşk öňünde egilýär başlar,
Sebäp, damarda gan at salýar her ýan.
Şeýdip, söýgiň agyr günleri başlar
Günbe-günden ýakyp-ýandyryp barýan.

Duýgulaň içinde iň beýgi söýgi,
Muny hiç kim inkär edip bilenok.
Bir ýürege sygýar müňlerçe duýgy,
Başga bir galyba salyp bolanok.

Erkin sähralarda açylýar güller
Her gül baldagynda bolarmyş tiken.
Tiken batyp ýaralansa göwünler,
Söýgüler ýigrenje öwrülýär eken.

Al asmanda çapyp barýan al aty,
Hernä, onuň döwülmesin ganaty.

VII
Hernä, onuň döwülmesin ganaty,
Ganatsyz guş bolmaz, arzuwsyz ynsan.
Seni ýatlamasam geçmez sagadym
Ýürekde duýgular pynhandan-pynhan.

Pynhan görki bilen aklym alan gyz
Bilmedim, nirede onuň hyýaly
Düşüň gam-gussalar galamda ýalňyz
Maňlaý saçlarymyň düşüşi ýaly.

Tüssesiz ot bolmaz, gussasyz söýgi,
Gussada taplanýar söýgülerimiz.
Şeýdip, aýdyň bolýar iň tämiz duýgy,
Şeýdip, saplaýarys duýgulary biz.

Duýgulary yşk kölüni gulaçlar,
Ýogsam gül yşkynda saýramaz guşlar.

VIII
Ýogsam, gül yşkynda saýramaz guşlar.
Guşlar saýramasa, gülem solarmyş.
Nurly Gün baharyň gelenin buşlar
Ýene-de täzeden başlanar durmuş.

Ýene-de ot alar sönen ýürekler
Barha gyzyp barýan Günüň howrundan.
Ýel ösende başyn yrar derekler,
Gömülen duýgular çykar gabryndan.

Obadan kowulan misli ykmanda
Öz rysgyny diläp ýatyr ykbalym.
Bir görmesem sabyr-takat ýok mende
Bir göräýsem has-da beter ahwalym.

Bu duýgudan ganmadyga ýat olar,
Däli köňül gül howrundan ot alar.

IX
Däli köňül gül howrundan ot alar,
Soňra bolsa darar Günüň saçlaryn.
Ýürekden ýürege ýörär ýodalar
Sen-ä menden, menem senden gaçmaryn.

Ilki ýolumyzy duş etdi ykbal
Oň ýükün götermek kyn bolsa-da, kyn.
Bagtym bolaýmagyň ahmaldyr, ahmal
Meňem seniň bagtyň bolmagym üçin.

Saçlarymy ýagyş bilen ezerin
Soň bilmän ýataryn turar-galarym.
Men şonda-da seni gözläp gezerin
Ähli marşrutlaň duralgalaryn.

Käte gelýär şu apatdan dynasym,
Gülüstana öwrüp çölün synasyn.

X
Gülüstana öwrüp çölüň synasyn,
Teşne dodaklara rahmet damdyryň.
Yşkym meni, goý, synasa-synasyn
Köýen köňlüm böwri kimin tamdyryň.

Basylaýmaz bu pelekden sussum meň
Lowlap duran odum ýok-da, tüssäm bar.
Gülmäň tämiz duýgularmyň üstünden
Meniň örän mukaddes bir gussam bar.

Şol gussa ýetirer meni kemala,
Çyzar iň görnükli rotalarymy.
Giderin şol täsin pynhan jemala
Diňläp Bethoweniň notalaryny.

Durky bilen ýanyp duran ot olar
Ýeri, size näme diýjek notalar?!

XI
Ýeri, size näme diýjek notalar?!
Şonsuzam özüme ýetik azarym.
Goý, üýtgese üýtgäbersin modalar
Seň adyňy şygyr bilen bezärin.

Altyn suwy berlen ajap setir deý
Wasp edip ýazaryn şygyrlaň şasyn.
Garyp tünegime bagt getirdi
Meniň saňa bolan ähli yhlasym.

Goý, sen maňa düşünmeseň düşmän geç.
Ýok, bu däldir, bolmandy meň azarym.
Köňül saraýymda bir dem düşläp geç
Garaşyp dur maňa kämil mazarym.

Öýkenime oklap ähli minasyn,
Meni diňe meniň söýgim gynasyn.

XII
Meni diňe meniň söýgim gynasyn
Ýagmyryň zemini ýuwuşy ýaly.
Unudaly geçen günleň kinesin
Günüň gara buldy kowuşy ýaly.

Ýöne iňrik çöküp, üşände zemin
Şunça garaşsaň-da, gelmese säher.
Bir ýat ýurtdan gelýän nätanyş kimin
Seniň söýgiň meniň ýanyma geler.

Men ol yşky apalaryn, goraryn,
Söýgi setirlermi bererin okap.
Soňra seni seň söýgiňden soraryn
A men, nämüçindir, henizem tukat.

Mydam şo bir gussa, mydam şo bir heň
Tä Güneş batandan daň sazyna çen.

XIII
Tä Güneş batandan daň sazyna çen
Ýüzläp-müňläp pikirlere bolup ýar.
Ýüz ýola ot alyp, müň ýola öçen
Bezzat köňül öz bagtyna howlugýar.

Arzuwlarny düýşlerine nagyşlap,
Diňleýär kalbynyň joşgunlaryny.
Entek söýülmedik gyza bagyşlap,
Heniz ýazylmadyk goşgularyny.

Durmuşda iň täsin synagdyr söýgi
Ol geljek wagtyny öňden duýdurmaz.
Depäňden guýlan gaýnagdyr söýgi,
Ýöne hak aşygy ýakyp-köýdürmez.

Ýarar tolkunlary kükregi bilen
Hüwdüläp ýaraly ýüregi bilen.

XIV
Hüwdüläp ýaraly ýüregi bilen
Hiňlenende bagt ajaýyp sazyna.
Eý, sen, köňli aglan, gözleri gülen!
Şärik bolarmysyň bahar-ýazyma?!

Ýazan şygyrlarmyň mukamyn çalsaň,
Ýüregmiň sesini duýdugyň bolar.
Bir zaman örtenip ýadyňa salsaň,
Ine, şol.
Şol meni söýdügiň bolar...

Dünýä gelmegimiň manysy berkär
Keçjal ahwalymdan bir habar alsaň.
...Şahyr bolmak meniň nämäme derkar
Eger,
sen meniňki bolmajak bolsaň.

Gülün görse bilbil joşy göterler,
Söýgüsini ýatlap ýyglar setirler.

Magistral

Söýgüsini ýatlap ýyglar setirler,
Sen bir merdemräk bol buýsançly başym.
Kömür deý gijeler, süýt deý ertirler
Gussa gaplap aldy töwerek-daşym.

Her kimiň bar başyn egýän halaty,
Diňe yşk öňünde egilýär başlar.
Hernä, onuň döwülmesin ganaty,
Ýogsam, gül yşkynda saýramaz guşlar.

Däli köňül gül howrundan ot alar
Gülüstana öwrüp çölüň synasyn.
Ýeri, size näme diýjek, notalar?!
Meni diňe meniň söýgim gynasyn.

Tä Güneş batandan daň sazyna çen
Hüwdüläp ýaraly ýüregi bilen.

Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/3290. 04.02.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 93 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Sungat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Bagabat • 13:15, 04.02.2023
Surat, Moskwaly nakgaş, 1963-nji ýylda doglan Ýelen Sotskowanyň eseri.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203