Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:13
"Soñky ýolda öwrenerin söýmäni.."

"SOŇKY ÝOLDA ÖWRENERIN SÖÝMÄNI..."

Çala eşdip, çatma gurýarka güňler,
Düýşlemde döredip bir gerçek keşbi.
Tesbiň dänesi deý tirkeşen günler,
Ýagmazak bulut deý ahmyrly geçdi.

Söz açmadym içim gemren ýaradan,
Topraga öýkünip – içim hümledip.
Maňa menden belet beýik Ýaradan,
Neçüýn meni ýaratdyka düňle edip?

Ak ýollarda jylaw çekmän gowzaýyn,
Indi, meni mundan artyk egleme.
Gözüm ýumsam – ýolum baglar öwzaýym,
Nirä baksam x, y – deňleme.

Ak daňlaryň ak alnyna baglaryn,
Gün çogunda mäjum bolan öýmäni.
Orta ýolda yza bakyp aglaryn,
Soňky ýolda öwrenerin söýmäni

© Sungat GURBANGELDIÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 136 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Sungat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 21:39, 14.05.2023
gowy goşgy, gowy şahyr...
***
Gün çogunda mäjum bolan öýmäni.
(günüň çogy, öýmäni mäjum etmän solduraýjak ýaly welin...)
Soňky ýolda öwrenerin söýmäni
("soňky ýol" diýende tabyt, jynaza ýada düşdi. ondan soňky öwreniljek zatlar...)
avatar
0
2 Pero • 10:37, 15.05.2023
Wah, soñky ýolda öwnere giç bolar...

Goşgyny gowy gördüm. Pikirlerimi dörjeledi..."Nirä baksam x, y – deňleme." Hawa,şeýledir. Näbellilik kändir. Emma x,y-lary matemdaky ýaly çözäge-de "Ynha çözülişi şeýledir,adamlar öwreniñ" diýip bolonok. Sebäbi näçe adam bar bolsa,şonça-da x,y bar. Hemem olary diñe şol adamyñ özi çözmeli bolýa...
avatar
0
3 Pero • 10:43, 15.05.2023
Awtoryñ özüne kembaha garaýan ýeri bar goşguda:"Neçüýn meni ýaratdyka düňle edip? "
Şeýtmegiñ dogry ya ýalñyşlygy näbelli bolup galýa,ýagny günbatarlañ filosofiýasynda özüñi beýgeltmäge ýykgyn edilýän bolsa,gündogarda tersine,özüñi pespäl tut(gödek aýdanyñda özüñi wagtal-wagtal ýazgaryp durmaly,özüñe käýäp durmaly)
Geñ ýeri bolsa geçmişde iki metody ulanyp hem öz Menini tapanlar bar.
avatar
0
4 sussupessimist • 00:36, 12.12.2023
Şuny edil Gündogar bn Günbatar edip bölmegem nädogry. Beyiklik maniyasy gündogarda gaytam az däl. Kafka, Po, grek filosoflary, Dostoyewski (тварь
ли я дрожащая)... dagy gaytam ynsanyň ownujaklygyny, gowşajyklygyny görkezyär.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202