Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:10
Seýilgähleriň üznüksizligi / hekaýa
SEÝILGÄHLERIŇ ÜZNÜKSIZLIGI

Bu kitaby okamaga ol birnäçe gün mundan ozal başlady. Gyssagly işler okamagyny kesmäge mejbur etdi we ol kitaby, gaýtadan diňe otluda, öýüne – mülküne gaýdyp barýarka açdy; ýuwaş-ýuwaşdan ony romanyň hadysa ýordumy hem gahrymanlary özüne çekdi. Agşam özüniň wekilin-ä hat ýazyp, dolandyryjysy bilenem hojalyk işlerini maslahatlaşandan soň, ol üçünji gezek kitaby açdy – penjireleri bilen toýra seýilýodasyna garaýan iş otagynyň ümlümliginde. Söýgüli kürsüsinde jaýlaşykly oturyp, gapa tarabam arkasyny öwrüp – kimdir biriniň gelmegi hakynda hatda pikirem döremez ýaly – wagtal-wagtalam tirsekçäň ýaşyl mahmalymy sypalap, ol soňky baplary okamaga boýyn çümdi. Ol gahrymanlaryň atlaryny we wakaň mazmunyny gowy ýadynda saklaýardy; kitabyň dünýäsi ony bada-bat gabsap aldy. Oňa lezzet berýärdi – hut azgyn keýpe barabarrak – her setir bilen daş-töweregini gurşaýan hakykylykdan daşlaşmak hem-de şol birwagtda-da kelläň-ä kürsüň belent gerşiniň mahmalynda rahat ýatandygyny syzmak, çilimiň bolsa, gerekli pursadynda – hemişe şu ýerde, eliniň aşagyndadygyny, penjireleň aňyrsynda, toýralaň pürüniň astynda bolsa gijeki howanyň akýandygyny duýmak. Sahypadan sahypa hadysalaryň ganhorluga eltýän detektiw ösüşi, onuň ünsüni has-da eýeleýärdi, gahrymanlar göze görner derejede janlanýardy hem-de ol olaryň dag külbesindäki iň soňky duşuşyklarynyň şaýady bolupdy. Ilki külbä zenan sümüldi, tizdenem oýnaşy girdi, onuň ýüzünde – şahadan täze sypjyryk bardy. Aýal eşret bilen onuň ýüzüni öpüşdirip, ganyny ýalamaga başlady, ýöne erkek onuň sypaň-sermeňinden çeke durýardy, ol pynhan yşgyň aýşy-eşretine meşgul bolmak üçin gelmändi, ýogsa bu ýerde, gury ýapraklaryň we ýodajyklar kerebiniň dünýäsinde olar üçin howpsuzdy. Onuň kükreginde, köýneginiň astynda – pyçak; gursagynyň içinde – erkinlige teşnelik. Üzlem-saplam gepleşik setirden setire ýylan deý sünýärdi, özem duýulýardy: hemme zat birmahal çözülen. Hatda zenanyň oýnaşynyň tenini muhabbetleýän posalaram, edil ony saklamaga, raýyndan gaýtarmaga çytraşýan ýaly bolsa-da, öldürilmeli özgäniň bedenini ýürekbulanma bilen ýadyňa saklamag mejbur edýärdi. Hiç zat undulmandy: alibi (jenaýatyň bolan wagty onuň bolan ýerinde ýoklugyň subutnamasy), tötänlikler, mümkin bolan säwlikler. Şu pilleden başlap, her pursat aýratyn manydan püre-pür bolýar. Olar ýene-de bir sapar zalym meýilnamany jikme-jik hetjikleşdiler, zenan diňe ograşynyň ýaňagyny ýeňiljek sypamak üçin ünsüni sowdy. Eýýäm iňrik garalypdy.
Eýýäm birek-birege seretmän, öňlerinde duran waka bilen pugtadan-pugta çatylan olar külbäniň deňesinde aýrylyşdylar. Zenan ýoda bilen demirgazyk tarapa gitmelidi. Ol ýoda bilen günorta ýöredi, bir sellemlik yzyna gaňrylanda-da, gördi: zenan ylgap barýar we onuň saçlary ýelpeselenýär. Olam ylgady, agaçlara, haýatlara bukulyp, tä benewşe ümüriň salgymynda öýe eltýän seýilýodany görýänçä. Itler üýrmeli däl, olar hakykatdan üýrmeýärdiler. Dolandyryjy bu çakda bolmaly däl, ol ýokdam. Erkek kişi pessejik bosaga eýwançasyna galdy-da, öýe girdi. Gulaklarda urulýan ganyň arasyndan, ol häzire çenlem zenanyň sözlerini eşidýärdi: ilki – mawy myhman otagy, soňra – däliz we haly bilen örtülen basgançak. Ýokarda – iki gapy. Birinji otagda – hiç kim, ikinji otagda-da – hiç kim. Ahyrynam iş otagynyň işigi we – pyçak elde, penjireden içerä guýulýan ýagtylyk, kürsüniň ýaşyl mahmal örtükli, beýik gerşi, kürsüde detektiw romany okaýan adamyň kellesi.

© Hulio Kortasar
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 77 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hulio Kortasar | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 12:01, 14.12.2022
...он вновь раскрыл книгу в тишине кабинета,
выходившего окнами в парк, где росли дубы.

...ol üçünji gezek kitaby açdy – penjireleri bilen toýra seýilýodasyna garaýan iş otagynyň ümlümliginde.

1) ...dub baglygyna garaýan... (...dub agaçly baglyga garaýan... )
2) ...toýra seýilbagyna garaýan... (...toýra agaçly seýilbaga garaýan...)

---
Она самозабвенно останавливала кровь поцелуями, но он отворачивался от нее...

Aýal eşret bilen onuň ýüzüni öpüşdirip, ganyny ýalamaga başlady, ýöne erkek onuň sypaň-sermeňinden çeke durýardy...

ýalamakmy? saklamakmy?

---

На груди его грелся кинжал, а под ним билась вера в долгожданную свободу.
Тревожный диалог катился по страницам, как клубок змей, и чувствовалось, что все давно предрешено.

Onuň kükreginde, köýneginiň astynda – pyçak; gursagynyň içinde – erkinlige teşnelik. (arzuwlanan, köp garaşylan erkinlige ...ýalyrak???).
Üzlem-saplam gepleşik (belki... "Gaýgy-aladaly gepleşik...") setirden setire ýylan deý sünýärdi, özem duýulýardy: hemme zat birmahal çözülen.

---

...свет, слабо льющийся в окна, высокая спинка кресла, обитого зеленым бархатом и голова человека, который сидит в кресле и читает роман.

...penjireden içerä guýulýan ýagtylyk (belki: "...içerä düşýän ölügsi ýagtylyk"), kürsüniň ýaşyl mahmal örtükli, beýik gerşi, kürsüde detektiw (dedektiw) romany okaýan adamyň kellesi.

soňunda roman diýjek bolsa, hekaýaň başynda-da roman diýäýmeli ýaly.
"Bu kitaby romany okamaga ol birnäçe gün mundan ozal başlady."

terjime kimki?-kä?
avatar
0
2 Мango • 12:06, 14.12.2022
kitaba şeýle berilýär welin, gahrymanlar janlanaýýamy?
ol dildüwişýän aýalam kresloda oturanyň aýaly bolmaly.
öýe, otaglara, ikinji gata, kitaphana... kresloda nähili oturylýanyna çenli bilýär.
---
ýöne bir bellik.
arkaňy gapa berip oturmak - iň birahat hasaplanýan oturma şeklidir. isleseňiz barlap görüň.
arkaňyzy gapa berip uzak (ýa-da rahat) oturyp bilmersiňiz, sebäbi arkaňdan biri geläýjek ýaly, arkaňdan biri seni synlap duran ýaly bolýaň.

"ikindi bilen agşam arasy ýatmaň" diýýäler-ä, şoň ýaly ol ýaşulam arkasyny gapa berip oturmaly däl eken.
öz ölümine özi günäkär :-)
(ölen bolsa).
avatar
0
3 sussupessimist • 16:03, 18.11.2023
Okap oturan gahryman bilen onuň okap oturan eserindäki dünyä - yagny barlyk bilen eser garylyp gidyär.
Bizem bu detektiw matryoşka-hekayany okap otyrkak, yeňsamizden eli pyçakly adam gelmese-de biridir...

Kortasary terjime etmek gaty kyn, bu yerde terjimeçi doly hötdesinden gelipdir diyip biljek däl. Yone synanyşmagynyň õzi gowy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203