Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
"Şeýtan" üçburçlygy

* * *

Biz orta mekdebi tamamlan döwrümizde, oba oglanlara pasport almak meselesi gaty kyn düşýärdi. Dogry, olara pasport berilmesiz diýen açyk görkezme-de ýokdy. Şeýle görkezme bar hem bolsa, biz ony bilmeýärdik. Ýogsam, gizlenmeýän kanuna laýyklykda, on sekiz ýaşa ýeten adam degerli dokumentleri jemläge-de, pasport alybermelidi. Ýöne, şol zerur dokumentleri ýygnaýançaň welin, hupbat baryny iýdirýärdiler.
Pasport almak üçin öňi bilen-ä oba Sowetinden sprawka bolmalydy. Ol hem diňe kolhoz başlygynyň rugsady bilen berilýärdi. Başlyk hem şol rugsady bermeýärdi. “Geçä ― jan, gassaba ― ýag”. Orta mekdebi tamamlan oba oglanlary ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşmak arzuwundady, kolhoz başlygy bolsa kolhozçylaryň, onda-da ýaş kolhozçylaryň sanyny köpeltmek isleýärdi. Şonuň üçinem ol ýaşlara pasport edinmäge ýol bermeýärdi. Oglanlar pasport edinseler, ýokary okuw jaýyna girseler-girmeseler, yza ― kolhoza dolanmak islemeýärdiler, şäherde onda-munda işe durýardylar welin, oba gaýtmaýardylar.
Meniňem pasport almak ugrunda, köneje welosipedimi münüp, Gojuk obasyndan “Gyzyl baýdaga” ( ol ýerde kolhoz prawleniýesi ýerleşýärdi), “Gyzyl baýdakdan” Murgabyň merkezi Semendige (gepiň gerdişine görä: bir žurnalist “Semendik” sözüniň Marydan Guşga demirýol çekilen döwürlerinde Semýon diýen rus işçisiniň adyndan gelip çykandygyny tekrarlap, hatda gazetde hem çykyş etdi. Emma ol çaklama ýalňyş bolsa gerek. Sebäbi, Semendik ýa-da Semenduk sözüne men 19-njy asyryň birinji ýarymyna degişli, ýagny biziň topragymyza heniz “Semýonlar” gelmezinden has irki taryhy maglumatlarda hem gabat geldim) gatnanymyň sany-sajagy bolmandy. Kolhoz prawleniýesine bararsyň welin: “Biz nä pasport berýän edaramy? Raýona git!” diýerler. Raýona barsaňam, Salahow diýilýän saryýagyz tatar ýaşuly: “Sprawka ketirmeseň, paspurt ýuk. Kit mundan!” diýip, kowup goýberer.
Bir sapar men şol marşruty ot-yssynyň içinde bir günde iki gezek gatnap, jemi 70 km. çemesi ýol geçmeli boldum. Öz obamyza ýetmäge iki kilometr töweregi aralyk galanda, juda suwsadym-da, welosipedimi ýol gyrasynda goýup, ene ýabyň boýuna bardym. Bärki kenar suwa el ýeterden has beýikdi hemem çöp-çalama bürenip ýatyrdy. Aňyrky kenarda bolsa, böwede gum alnansoň, edil güzer ýaly bolup ýatan arassa ýer bardy. Ýap böküp geçerden giňdi. Şonuň üçinem düýbi bärki kenarda bolsa-da, egri hem uzyn şahasy bilen aňyrky kenara kölege salyp oturan tala mündüm-de, egri şahanyň kömegi bilen aňyrky kenarda peýda boldum. Elimi-ýüzümi ýuwdum, suw içdim, iki-üç minut çemesi “hähimi” aldym. Akar suwuň pyşyrdysy, talyň salkyn saýasy maňa jana ýakymly susluk berdi. Men gaty argyn bolanym sebäpli, böwede gum alnan raýşa ýaplanyp oturşuma irkilipdirin. Şol ýagdaýda näçe wagt geçenini bilemok welin, birden biri “Tur!” diýip gygyran ýaly boldy. Gabagymy galdyrsam, mähnet bir gara ýylan edil iki gözümiň arasynda gös-göni bolup dur. Onuň gara sapak ýaly diliniň meniň maňlaýymdan bary-ýogy bir garyş aralykda oýnap durany heniz-henizlerem göz öňümden gidenok. Men bir-ä çirkin gygyranymy, birem ene ýabyň beýleki kenaryna atylyp düşenimi bilýärin. Aňyrdaky gumak ýoldanam ýigrimi-otuz ädim geçip ylgawumy ýazdyranymdan soňam, aýaklarymyň diýen etmeýändidgini duýdum. Aşak otursamam, gorkudan ýaňa tutuş göwräm sandyraýardy. Esli garaşyp, birneme demimi dürsänimden soň, ýoluň gyrasynda ýatan bir taýagy elime aldym-da, talyň ýanyna bardym. Ýylanam ýokdy, içýanam. Ýöne kenardaky böwede gum alnan ýeriň raýşynda agzy garalyp duran hiniň bardygyny gördüm. Meni geň galdyran zat, edil bir garyş gapdalynda gyşarsam-da, hoňkaryp duran hini ozal görmeýşim ýa-da ýylanyň meni çakmaýşy (“Ýatana ýylan degmez” diýilýän gep ugrunda barmyka?!) däldi-de, giň ýapdan, onda-da pesden belende, şonça aralygy böküp geçmegimdi. Ynanyň, ol aralygy badalgasyz, ýatan ýeriňden turaga-da, böküp geçmek türgenleşigi ýetik sportsmene-de gatybir başardaýjak iş däldi (Adamyň “stress” ýagdaýa uçranda adaty mahalda başarmaýan işini hem başarýandygyny soň-soňlar gazet-žurnallarda kän okadym).
Dogrusyny ýazsam, aýaklarym welosipediň ýeňil pedalyny sordan aýlady, oba ýetýänçämem bedenimiň sandyramasy galmady.
Agşamlyk işden gelensoň, bolan wakany eşiden ejem mendenem beter sandyrady. Ol: “Hudaýym, şol paspurdam gurasyn, üstesine Han Garagulam ýer çeksin!” diýip gözýaş etdi. Han Garagul diýilýän maňa sprawka berdirmeýän başlykdy.
Gojuk ― “Gyzyl baýdak” ― Semendik üçburçluk marşruty bilen günde iki däl, on iki gezek gatnasamam, öz islegim, öz güýjüm bilen pasport alyp bilmejegime açyk göz ýetirdim. Şonuň üçinem ýokary okuwa girmäge synanyşmak höwesimem ýuwaş-ýuwaşdan ýatyşdy.
Ýöne, pasportly mesele ahyr ap-aňsat düzeldi duruberdi. Men entek orta mekdepde okaýarkamam raýon, oblast, hatda respublikan gazetlerde-de goşgularym çap bolýardy. Özümem Marynyň “Lenin baýdagy” oblast gazetiniň redaksiýasynyň ýanyndaky edebiýat birleşmesine gatnaşýardym. Ata Köpek Mergen, Çary Gurbangylyç ýaly belli şahyrlar, Atabaý Kokan, Tagan Söhbet, Nury Baýram, Çary Ýalkan, Italmaz Nuryýew, Ogultäç Orazberdiewa, Näzik Annatyýewa, Ümür Esen, Ata Abdyrahmanow, Abdyrahman Mülkamanow, Alty Akmämmedow, Gowşut Şamyýew, Ýazmyrat Mämmediýew ýaly adygyp ugranlar bilenem ilkinji gezek şol ýerde tanşypdym.
Edebiýat birleşmesine şahyr Akmyrat Çaryguly ― Erkin ýolbaşçylyk edýärdi. Ol çal saçly, mylaýym hem juda az gepleýän, agras adamdy. Bir gezek ol maňa uniwersitetiň filologiýa bölümine okywa girmäge synanyşmagy maslahat berdi. Men oňa özümiňem şeýle hyýalymyň bardygyny, ýöne pasport alyp bilmeýändigimi aýtdym. Ol maňa kömek etmäge söz berdi.
Aradan kän mahal geçmänkä, Akmyrat aga şol mesele bilen şahyr Ata Salyha ýüz tutandygyny aýdandan soň, men ýene köneje welosipedime atlanyp, Murgabyň Şordepe obasyna tarap eňdim.
Men baran wagtym Ata Salyh goja tuduň saýasynda, konelişen halyçanyň üstünde oturan eken. Salam-helikden soň men oňa öz adymy, kimiň adyndan näme maksat bilen gelendigimi aýtdym. Şahyr ýanyndaky ýigide galam-kagyz getirmegi tabşyrdy. Ýaş ýigit şahyryň uly ogly Myrat eken. Ol jaýdan galam-kagyz alyp çykdy hemem batyl kakasynyň aýdan sözlerini kagyza geçirdi.
“Ýol.Han Garagul! Şu baran ýol.Atajan Tagana pasport almak üçin gerekli sprawkany bermegiňi haýyş edýärin.
Ata Salyh”

Hat Ata Salyhyň öz blankasyna ― Mary oblast sowetiniň deputatynyň kagyzyna ýazylandy. Ol mahallar Ata Salyhyň haýyşy Han Garagul ýaly kolhoz ýolbaşçylaryna döwlet başlygynyň tabşyrygy ýaly bolup täsir edýärdi.
Men Şordepeden “Gyzyl baýdaga” eňdim. Eline Ata Salyhyň haýyşy gowşurulan “Ýol.Han Garagul” gür gaşlaryny birneme çytsa-da, maňa gerekli sprawkany bermeli boldy. Şeýlelikde men diňe Ata Salyhyň kömegi bilen pasport edindim.
Bu waka 1958-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda bolupdy.

* * *

© Atajan TAGAN

"Kyrk ýylda ýazylan kitap" eserinden bölek.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Atajan Taganow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 00:24, 30.03.2024
häzirem sprawka diýip barsaň musora tölediňmi, toga tölediňmi, gaza tölediňmi.... we kryşaňy ýaşyla boýadyňmy - diýip soraýarlar.
bu zatlarda kemiň bolsa sprawka berenoklar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202