Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:08
Munyň karam bolýa!

* * *

Durmuşda nähili karam ýagdaýlar bolýar! Goja şahyrymyz Çary Gurbangylyjow bir gezek şeýle wakany gürrüň berdi.
― Biz uruşda duşmana ýesir düşemizde, faşistleriň döreden “Türküstan legiony” diýen guramasy türki dilde gazet çykarýardy. Bizden ozal ýesir düşüp, mejbur edilip ýa-da öz islegi bilen duşmana hyzmat edýän bir türkmen ofiseri legion gazetine Sowet Soýuzyna garşy goşgy ýazmakdan boýun gaçyranym üçin meni şeýlebir ýençdi welin, ysgyndan gaçyp, ýere ýazylanymdan soňam, adikli aýagy bilen agzyma-burnuma depip, ýüzümi gyzyl ganyma boýady. Ahyram, uruş gutaryp, Watana dolananymyzdan soň, nemeslere hyzmat eden şol adam “Legiona giren” diýip, Mary şäherinde bizden sorag etdi, sud mejlisinde “Dönükler!” diýip, üstümize heňkirdi. Şeýdibem, meni Werhoýanskä Staliniň konslagerine iberdi. Men ol ýerde tä 1956-njy ýyla çenli tussagda boldum.
Men Çary aga:
― Sizi Maryda sud eden adamyň özüniň kim bolandygyny degişli edaralara duýduryp bolmadymy? ― diýen sowal berdim.
Töhmet oduna köýe-köýe durmuşdan ädi ýanan ýaşuly maňa tarap naýynjar garady-da:
― Wah, inim, görjegiň gowy bolsun welin… ― diýip sakyndy. ― Konslagerde görlen görgüler ýada düşende, adam pahyr bolaýmagy ahmal beterinden ýaýdanýar-da…
* * *

© Atajan TAGAN 1970. Mary.

"Kyrk ýylda ýazylan kitap" eserinden bölek.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 140 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Atajan Taganow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Mekan2 • 10:46, 27.03.2024
hany, bar-da Orazyň atasy... Nejep Baýadyň "Depegözündäki Oguz. bärdäki o dä bolmaly.
avatar
1
2 sussupessimist • 10:48, 27.03.2024
Birden syrymy açaýmasyn diýip, "gorkan öňürder" diýlenini eden borly.
Ýöne bu-da: "O ýerde senem-ä bardyň" diýmäge gorkupdyr. Iki taraplaýyn gorky. Biri pida gorkusy, beýleki - jellat gorkusy.
Jellat gorkusy has aýylganç ýagdaýlara getirýär.
avatar
1
3 medi • 17:15, 27.03.2024
Uruş gaty ýowuz bolan. Ýesir düşmeli ýada ölmeli. Stalin gaty haramzada bolan diýip bilýän. Urşuň başynda ýesir düşenleriň bary öldürüldi diýen ýaly. Ýesirleriň gyzyl goşunyň Germaniýa girmegine garaşyp 3-4 ýyl çydam edmekligine ýagdaý ýok. Öldürildi ýa-da agyr şertlere çydaman öldi. Urşuň soňky ýyllarynda ýesir düşunleriň ykbaly ondan gowy däl. Sowet goşunlary günbatara tarap haýdap barýarka öňünden çykan konslagerleri, turmeleri azat edip barýardy. Azatlyk nire. Köp ýesirler gyzyl goşun tarapyndan azat edildi. "Bar gidiň, siz boş diýildi" Emma dolandan soň hamana meýletin ýesir düşen ýaly barde azar berip başlandy, " siz dönük, siz nemeslere hyzmat eden " diýip sorag edilip, gulak lagerlerine ugradyldy, türmelere salyndy. Köpüsi şol ýerlerde amanydy tabşyrdy. Çary aga ýaly ýek-tükler käbirleri bolaýmasa, ýesirlikden soň ýesirligiň pidasy boldy.
avatar
-1
4 medi • 17:45, 27.03.2024
Uruşyň soňky ýyllarynda ikinji front açyldy. Sowetleriň duşmany sürenine gysyp başlandan soň, nemes faşistler ýeňiljegine göz ýetirlen soň. Bolmasa öňürak açylan bolsa has gowy boljakdy. Amerikanlar Italiýa, Fransiýa gapdaldan girdi. Maýa çenli ol ýerlerini azat edip Germaniýa girdiler. Gyzyl goşunam bärden bardy. Amerikanlar basyp alan ýerlerinde sowet ýesirlerini azat etdi. Olara aýtdy "Siz watanňyza dolanyň, ýöne sizi dönük diýip basarlar"
avatar
1
5 sussupessimist • 20:51, 27.03.2024
Medi,ikinji front diýýäniň - sowet taryhy öwrenilişinde bar esasan. Aslynda Sowet
Soýuzyndan 2 ÝYL ÖŇ nemeslere garşy iňlisler bn fransuzlar urşup ýördi.
Amerikanlaram urşa köp kişiniň pikir edişi ýaly hemme zat çözülenden soň
girenok. 1941-nji ýylyň dekabrynda Perl-Harbordan soň söweşip başlaýarlar.
Üstesine-de, faşistler ähtiýalanlyk bilen çozmanka, SSSR ikisi Polşany paýlaşyp ýördi.
Näme üçin "ähtiýalanlyk bilen" diýilýär. Howada gaýyp duran dartgynlyga
garamazdan (her kim aşaklyk bilen misginsokarlyk edip ýör), Stalin bn Gitleriň
arasynda äht bardy, ýagny Molotow-Ribbentrop pakty. Brestde bile parada
gatnaşyp ýördiler...
Häzir kimden uruş haçan boldy diýip sorasaň, 1941-45 diýer. Aslynda 1939-da başlan.
Polşadan gaýry, SSSR Finlýandiýanyňam bir bölegini basyp aldy (ýa serhedi
Leningraddan daşlaşdyrmak üçin, üstüne abanýan howp zerarly goňşy ýurduň bir
bölegini anneksiýa etmäge mejbur boldy diýmelimi? Garaz, özüň üçin her zat
diýip aklap bolar).
Ýöne ýagdaý, elbetde, has çylşyrymly. Dogrusy, şol wakalary birazajyk bolsa-da,
içginräk öwrenmän (iň bolmanda ensiklopedik makalalary okaman), gönümel agzyny
köpükläp jedel edip başlanmagyny halamok. Şeýle adamlaram soňky döwür köp
duşýar. TW-däki käbir psewdotaryhçylaň leksiýasyny diňläp, güp ynanýar adamlar.
Özbaşdak analitik pikirlenmäni, herki zada öz kelläň bilen akyl ýetirmäni
öwrenmäge çalyşmaly. Häzirki döwrüň iň esasy problemalarynyň biri şol. Belki,
her bir döwrüňem problemasydyr.
avatar
-1
6 medi • 06:07, 28.03.2024
Azajygam bolsa okadymla sussupessimist. sssr fin urşundanam habarym bar. Amerika, Angiliýa Ýuwaş ummanynda Ýaponlar bilen başagaý bolup ýördi. Ikinji front diýýänim soýuzdaşlar, sssr Germaniýany ýeňjegini bilenden soň başlady. Ýagny Amerika nemeslere garşy urşyň soňuragynda goşuldy
avatar
1
7 sussupessimist • 09:09, 28.03.2024
öwrenmän jedele giryänler diyip, umumy aydyan, medi. Size diyemok, özüňize çekmäň.
Yeňjegini bilenden soň goşuldy diyyaniňiz welin... 
Soyuznikleň komegi bolmadyk bolsa, yeňjegi konkretno bellem däl. Diňe Lend-liz meselesini alaňda-da: şo boyunça SSSR-e eyyam 1942-43-nji yyllarda komek ugradylyp başlady. Urşuň soňuna çenli SSSR-e berlen komegiň mocberi şo döwrüň pulunda 11,3 milliard dollara barabar, Britaniya bn Kanadaň komegini goşsaň – 13 milliard. Hazirki pul hümmedine geçirseň – 160 milliarddanam kän kömek berlen. Bu sany SSSR tarap ya-ha asyl yatlanok, ya-da juda peseldip aydyar, Amerika tarapam has beter çişirip aydagan.
avatar
0
8 Mekan2 • 09:50, 28.03.2024
öz pikirim-ä, başdan kömek bolmadyk bolsa, iki ýyla ýetirmän nemesler gyzyl meýdandan parat gurap geçerdiler. iň bärkijesi şahsy düzümiň ýaraglary - urşuň başynda üstlerine eli awtomatly gelýän nemeslere garşy ruslaň ibaly ýaragam ýokdy. osnownoý bäşatar, olam hemme esgere ýetenok, ölen salladyňkyny almaly.

fin söweşi barada kiçikäk reklama edýädiler: "pylança günde (51 gün diýýädiler öýdýän) sssr finleri ompa oturtdylar..." zat diýip. häzir orslaň özlerem o söweşi masgaraçylyk diýip ýatlaýalar.
avatar
0
9 Mekan2 • 10:13, 28.03.2024
şumat seretdim 105 gün eken. ýadym aldaýan bolmagam ahmal weli, bize has az aýdýadylar ýaly. howwa, taryh mollymy aýdanokdy. ulular oturanda sssr-iň adyndan öwünýädiler. bizem taryh mollymdan soramalydyram öýdemizokdyk. ýöne sssr bet ekendigine begenýädik, tolgunýadyk.

hä, ikinji jahan urşy diýlende iňlis matematigi, kompýuteriň, emeli aňyň atasy hasaplanýan Alan Turingiňem roluny ýatdan çykarmaly däl. özi neme bolsa-da, eden işi uly - nemesleň "enigma"synyň şifrowkasyny rasşifrowka edýän maşyn ýasaýa.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202