Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:54
Hydyr Derýaň goşa pudagy barada

* * *

1981-nji ýylyň 8-nji awgustynda Hydyr Derýaýew ikimiz Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýüniň giň bagyna gezelenje çykdyk, belent dubuň saýasyndaky ýumşak otuň üstünde gyşaryp goşgy aýdyşdyk.
Birden Hydyr aga ýazyjy Gylyç Kulyýewiň kakasy Gul burnuň gaty eňekçi, dawaçy adam bolandygyny ýatlady, Körmolla şahyryň ol adama bagyşlan göşgusyndan iki bendini aýtdy:

“Günaşadan çagyrdylar diwany,
“Göle meňki!” diýip, saldy dawany.
Gul burunyň heý, barmydyr imany?
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn.

Dawagärler girdi ýeke-ýekeden,
Wekil geldi kyrk müň öýli tekeden.
Gul burun “Meňki!” diýp, tutdy ýakadan,
Göle dawasyny aç, Çotan arçyn”

Hydyr aga meniň klassyky poeziýadan käbir goşgulary ýatdan bilýänimden ozal habarly bolansoň, Mollanepesden şygyr aýtmagymy sorady. Men birnäçe goşgy aýtdym. Hydyr aga ol goşgularyň biriniň Mollanepesiňki däldigini nygtady. Men ýan bermedim. Bir çüýşe ermeni konýagyndan jedel etdik.
(Aşgabada baransoň, dawaly goşgynyň Mollanepesiňkidigini anyklan goja ýarym ýyldan soň şol utduran konýagyny maňa gowşurdy.)
Birdenem Hydyr aga:
─ Hany, “Goşa pudagyma” geçsene, Soltan Hüpbi! — diýdi.
(Hydyr aganyň maňa ýaňsylap. “Soltan Hüpbi” diýýänini ozalam ýatlan bolsam gerek. Soltan Hüpbi ýigitleriň piri bolanmyşyn.)
Men “Goşa pudagyma” geçdim:

“Pelek iki nyşan salmyş synama,
Birisi düwnümdir, birisi — dagym.
Iki dag ýykylmyş bu gün üstüme,
Biri başym basmyş, biri aýagym”

─ diýen setirleri diňlän Hydyr Derýaýewiň bokurdagy doldy. Men ýagdaýa üns bermedik bolup dowam etdim:

“Hany meniň Mirhaýdarym, Miresen,
Ýekelik tygydyr bagrymy kesen.
Naçar emekdeşim Orazbibi, sen
Eşitseň, ýas tutup, gara geý imdi”…

Ýene:

“Agyr derdiňiz alaýyn,
Alyp, janymga salaýyn.
Sizden ozal men öleýin,
Geliň, gabra salyň, balam.

Daglar dözmez, daşlar dözmez,
Akar, gözde ýaşlar dözmez.
Ot alar, agaçlar dözmez,
Tap getirmez çölüň, balam.

Seýdi diýer: “Tur, Haýdarym!
Haldan habar ber, Haýdarym!”
Sözleri şeker, Haýrdarym,
Ýakdy meni tiliň, balam”

─ diýen setirler gulagyna ýeten Hydyr Derýaýew elimden çekdi-de:
─ Saklan, Soltan Hüpbi, saklan! — diýip hamsykdy. —Ýürek gaty ýukalypdyr.
─ Hydyr molla, nämä hapa bolduň?
─ Ýaňky setirler meni geçmişe aldy ötägitdi…
─ Seýitnazar Seýdiniň döwrünemi?
─ Ýok. 1937-ä. 1937-nji ýylda, edil Seýdiniň goşa pudagy ýaly, meniňem goşa pudagym ─ heniz bir ýaşyny hem doldurmadyk ekiz ogullarym bir günde ýogaldy. Özi-de hut maňa sud edilen günde. Nähak töhmetiň pidasy bolup gidenlere “troyka” diýilýän üç sany adam sud edýärdi. Menem göni bäş minutyň içinde “halk duşmany” boldum galyberdim. Sud başlanmanka “Ekizleriň ikisi-de ýogaldy” diýen habar gelipdi. “Iň soňky haýyşyňy aýt!” diýip, başlyklyk ediji maňa ýüzlendi. “Edil bir sagat mundan ozal ekiz oguljyklam ýogaldy. Şo neresseleri öwlüýä eltip, jaýlap gaýtmaga rugsat ediň! ─ diýdim. — Başga haýyşym ýok”. Öz çagalary gözüniň öňüne gelendir-dä, suduň başlygy rugsat berdi.
Men öz garyndaşlarymyň, duz-emek bolan tanyş-bilişlerimiň mert adamlar däldiklerine şonda göz ýetirdim. Hatda olar meniň ölen çagalarymy göterişip öwlüýä gitmäge-de gorkdular. Sebäbi men eýýäm halk duşmanydym.
─ Dost-ýarlardanam hiç kim öwlüýä gitmedimi?
─ Ýekejesi gitdi.
─ Ol kimdi?
─ Oňa Akmyrat Orazow diýýärler. Asly Kaka raýonunyň Ýüzbaşy obasyndan. “Meni öwlüýäde ataýsynlar. Getir oglany!” diýdi-de, palasa dolangy ýatan çagalaryň birini Akmyrat goltugyna aldy. Özümem ikinji oglany göterdim…
Hydyr aga elýaglygyny çykardy.
Men gürrüňi başga ýere sowmak bilen boldum.
(Akmyrat Orazow diýilýän orta boýly salyhatly adamy men telim gezek görüpdim. Ol Türkmenistanyň metbugat komitetiniň başlygy (ministr) bolup hem işläpdi.)
* * *


© Atajan TAGAN

"Kyrk ýylda ýazylan kitap" eserinden bölek.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 142 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Atajan Taganow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Mekan2 • 17:05, 25.03.2024
A.Tagan şu eserini ýazmadyk bolsa...
bu eserem käbir ýerjagazlara fanus tutupdyr.
näme üçin beýleki şahyr-ýazyjylarymyz gündelik, ýatlama, esse... ýaly eserleri ýazmandyrlar. gorksalar, ýazyp, gizlin saklaýmal-a. wagty gelende ýüze çykar ýaly.

J.Hudaýgulyň "döwür kyssasy" hem oňat eser. "kyrk ýylda..."ça ýogam bolsa.
avatar
0
2 aygull • 17:29, 25.03.2024
Ýazmaýanlaryny näbilýäň,myhman?
avatar
0
3 Mekan2 • 17:38, 25.03.2024
köpüsi dünýesini täzeledi, gündelikleri welip ýok.
avatar
1
4 sussupessimist • 03:29, 26.03.2024
Ilki bilen... nämüçin Hydyr Derýaň özi ýazyp, ýygşyryp goýmady diýsene!... Hernä Atajan aga gündelik edip ýazypdyr, aslynda ýöne şu wakalary aýratyn eser etse-de bolardy (beýleki şuňa meňzeş bolan wakalary bir sapaga sepläp, ullakan beýik roman!)
Ýöne nämüçin ýazmandyklaryny men aýdaýyn. Şol 37/38-de geçirilen aksiýa, aslynda, maksadyna ýetdi, nyşanasyna urdy. Şonuň üçin. Şondan galan dagdyrama, ziňkildeme... howatyr sözi-hä bärden gaýdýar, zähretelek sözi bar, ine, şol.
Ýazyjy-şahyrlary, intelligensiýany hatda kabinetinde, stol başynda, kagyz bilen ýeke galanynda-da ganyna, süňňüne siňen eýmenç gorky belasy terk etmedi.
Şonuň üçin hiç biri ýazmady.
Şo kitapda Atajan aga aýtmandyr, ýöne özüm çaklaýan: Hydyr Derýa şu wakanam, iki bolup tokaýyň jümmüşindäki adam-garasyz, janly-jemendesiz daçada gürrüň beren bolaýanda-da, aňýan, pyşyrdap gürrüň berendir.
Men olara gorkak diýjek bolamok. Daş edewersin, olaryň ýagdaýyna doly düşünýän. Olar gaty aýylganç döwri başdan geçiren adamlar. Hatda Hydyr Derýaň ekizjelerini jaýlaşmaga barmadyk adamlara-da, meger, düşünse bolýandyr (düşünesiň gelmese-de). Olaryň ýerinde Hydyr agaň özi bolsa bararmydy? Kim bilýär. Bu aýry mesele.
Ady agzalan Akmyrat Orazyňky ýaly ekstremal mertlik - fenomen bolaýmasa.
Sowet döwrüni süýji küýseg bilen ýatlaýan adamlar mydama özleriniň ýaşlyk duýgularyna, şahsy ýatlamalaryna berlip, salgyma aldanýarlar. Haýsyndan sorasaňam, öz durmuşyna degişli, durnukly, keýpiçag günlerini ýatlar, başgalaryň başyndan inen musallaty "adatdan daşary ýagdaý" hasaplar. Aslynda diňe bir adamyň tragediýasam - umumy adamzadyň tragediýasy. Hydyr Derýaň tragediýasy - meniň tragediýam.
Ine, diňe şunuň ýaly tragediýalaram garaşsyzlygyň, erkinligiň näderejede mukaddes zatdygyny görkezýär, meniň pikirimçe. Haýsydyr bir imperiýaň (ol näderejede beýik bolsa bolubersin, bu olaryň öz kompleksi) welaýaty, okrainasy bolanyňdan, şu garaşsyzlyk üçin, şu 37/38-i getirmezlik üçin, ykbalyňy şol troýkaň eline, çekistleriň eline bermezlik üçin janyňy orta goýanyňa degýär (bu näderejede pafosly ýaňlansa-da), sebäbi gözüm ýetip dur: gelmegine ýol berdigiň - öldügiň.
avatar
1
5 medi • 05:49, 26.03.2024
Atajan aganyň ýatlama essesini birnäçe ýola okadym. Diýseň gowy kitap. Özüm gündelik, ýatlamalary, bolan wakalar esasynda ýazylan çeper eserleri okamagy halaýan. Dogurdanam "kyr ýylda ýazylan kitapdan" bölek ýatlamalary şu saýtda goýsaň gelişmän durmaz. Meselem "Bir kastýumyň taryhy" ýaly bölümlerini.
avatar
0
6 Mekan • 05:58, 26.03.2024
Şonýalak bir niýetim bar, Medi Sinaýewiç. Nesip bolsa.
avatar
0
7 medi • 06:21, 26.03.2024
37-38-nji ýyllardaky repressiýa gaty aýylganç bolupdyr. Sürgün, Türme, Gulag lagerler, atuw. Sähel bahana tapylany gümläp otyrypdyrlar. Şol repressiýa jany-teni bilen gatnaşan ýolbaşylaryň, nkwd-çileriň köpüsini şol döwür atylypdyr. Meselem Türkmenistanda köp adamynyň basylmagyna, atylmagyna sebäp bolan sekratar Papogyň özünem atdylar. Moskwada şu işleriň başynda otyran Ýežowam atyldy.
avatar
0
8 Mekan2 • 09:08, 26.03.2024
Beriýa-da atyldy, ýöne stalinden soň. çakym: ol "game of thrones"uň gurbany boldy.
avatar
1
9 sussupessimist • 09:32, 26.03.2024
Şu wakanyň ýene bir aýylganç, edebiýatda açyp bolaýjak gahrymany -  "öz çagalaryny gözüniň öňüne getirip", "halk duşmanyny" ogullaryny jaýlamaga goýberip bilen "suduň başlygy". Olam şol wakalardan öň ýönekeý adam bolandyr belki, onuňam, meger, aýdyşyňyz ýaly, özüniňem başyndan näme injegi belli däl.
Mehanizm bir üwäp başladygy, etiň parhyny bilenok.
avatar
1
10 medi • 08:13, 27.03.2024
Şol döwürde şeýle ýagdaý bolupdyr. Her kalhozuň oba şura başlygynyň görkezmesi, goly bolmasa şol kalhozdan jezalandyrmak üçün nkwdçiler adam alyp bilenok eken. Her kalhoza plan diýen ýaly görkezme gelýär plança maşgala sürgüne ýollanmaly, plança adam halk duşmany hökümünde basylmaly . Oba şura spisok berýär we ýygnalýar.
Mary raýonynyň Aşgabat kalhozy. Oňa 4 uçastok oba degişli Gyzylagranom, Moltow, Sowet hem-de 8-nji mart. Kalhozyň oba şura başlygy ýeke adamada basylmaly diýip gol çekmändir. Bigünä adamlaryň hähak gitmegini islemändir. Netijede oba şuraň özüni ýygnapdyrlar. Oba şurasynyň mert durmagy bilen kalhozyň ýaşaýjylary Stalin pidasy bolmandyr ýa-da az bolupdyr. Türkmenistanda repressiýa duçar bolmadyk ýeketäk oba diýip berýär taryhçy.

Ýokarky getirenlerime fakt diýip bolmaz, men anyk bilemok. Men muny okuwçy döwrüm taryhçy Kakajan Muhammetberdiýewiň 4-nji klas üçün çykarylan taryh kitabyndan okaýdym oýdýän. Ondan bäri ençe ýyl geçdi, wakalary başgarak beýan eden bolmagymam müňkin. Ýöne çyn bolmagam müňkin çünki taryhçy Muhammetberdiýew şol obada doglan, repressiýa döwri 13-14 ýaşly oglan, şaýadam bolandyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203