14:34 Söwüt | |
SÖWÜT Guşlar owaz edýär ýaýbañ egninde, Oñarsa olaryñ raýyny ýykmaz. Adamlaryñ meñzeşlik bar göwnünde, Ýagşylyk-ýamanlyk ýadyndan çykmaz. Uzakdan seretseñ garalyp otyr, Durky bilen öz aslyna örklenen. Käteler ýuwaşja yranyp otyr, Meñzäp sazdan humar bolan türkmene... Mämmetnazar Babanazarow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |