Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:40
Ynjama

YNJAMA

Giç gelen ýaz ýaly garagöz ykbal,
Meni beren gözlegiňden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüňi ýykman,
Nazaryňa dözmegimden ynjama.

Bir gonan bagyňdan uçup gitme kyn,
Köňülden köňüle göçüp gitme kyn.
Bolsa-da pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriňden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy saralyp ýagdy,
Şemal ne dälidi, ne-de bir sagdy.
Saňa heser bilen bakmaly wagty,
Gabak örten gözlerimden ynjama.

Ýürekdeş ýagyşlar inende sessiz,
Saňa bagtly günler hemaýat etsin.
Ömrümde bir gezek mähirden tesdim..
Öz gownümi ezmegimden ynjama.

Sen bir eziz serwi, başlary galyk,
(Eh, owadan owa,, çyglanma çalyk),
Meniň aýdylmadyk sözlerim bolup
Damja gaçsa, gözleriňden
ynjama.

* * *

Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr,
Takdyr däldir urulmaklyk daşlara.

Bagtyna öwrülýär adamyň erki,
Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham.
Şor suwly käsäni saňa kim berdi
Süýjülik suwuna teşnekä dahan.

Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp,
Ýellenen gabagyň ýelpär giderler.
Durmuşa wepaly bolanda anyk
Ysgynsyz pikirler selpär giderler.

Güýçli däl, akylly bolany üçin
Tebigat adama ynanýar şeksiz.
Tükenmez utanja goýarsyň meni
Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň.

Aý bize egnini deňlär ýene-de
Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy.
Ýaňy ýylgyranda garry ene deý
Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?!

Men beýle takdyra bermerin seni,
Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin.
Döwülen küýze deý zyňarys ony,
Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn.

* * *

DURMUŞ

Daň atandan syldym seni ýüzüme,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!
Şükürlikden ýaş aýlandy gözüme,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Sag-aman oýandym, başym gökdedir,
Baş gara bolsa-da, gözüm akdadyr.
Ýurdum barka «bilmen» nedir, «ýok» nedir,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Gül meňzini görseň bolmaz howsala,
Darykmaryn agyz urup owsara.
Medet bergin öz boýuna towsana,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

«Görüner-görünmez bela bar» diýler,
«Ýöne garşysyna gala bar» diýler.
«Daşyňda mizemez halal bar» diýler,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Elmydama ýagşylyklar görmeli,
Her teňňäňi durmuş üçin bermeli.
Mysapyr bolaňda biraz durmaly,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Sabyr edip menzillere ýetişgin,
Şeýde-şeýde il-günüňe gatyşgyn.
Ýazgyt bilen altyn aşyk atyşgyn,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Ýüregim suw boldy, zora sataşdym,
Şükür etdim, ýene nura sataşdym.
Ýaşaýyş diýilen pire sataşdym,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

© Mämmetnazar BABANAZAROW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Medicall • 14:49, 29.12.2022
Biz "täzeçe" Edebiýat diýip, Türkmeniñ owadan edebiýatyny, ussatlaryny undup barýana meñzeýäs. Belli belli halypalary ýatlaýas, belli-belli goşgulary gaýtalaýas. Bu gowy zat. Ýatlamaly..

Şol bolup ýörşümize-de
kapiyasyz goşgulary dabaralandyrýas, öwüp arşa çykarýas-da: "türkmende iki üç śahyrdan başga şahyr ýok. Täzelik girizmeli edebiýata diýýäris..." Aslynda okalmaga, öwrenilmäge, ýatlanylmaga, hatyralanylmaga mynasyp, kalby ŞAHYR USSATLARMYZ, edebiýata owadan poeziýa peśgeş eden şahyrlarmyz köp. Kapiýa bilenem, çarçuwa bilenem aýtjagyny onlukdan urup aýdyp bilenlermiz diñe on dãl,öwrenilse bar olaram ep-esli..
Olaryñ biri-de Mãmmetnazar aganyñ poeziýasy.
avatar
1
2 Pero • 23:12, 29.12.2022
Hawa,gaty dogry bellediñ. Biziñ görmeýänligimiz ýoklugyny añlatmaýar diýilşi ýaly-da garaz. Bar bizde-de bar... Mämmetnazar aganyñ goşgulary krilisada ýazylan bolmaly,elipbiýe öwrüp ýetirmek wagt hemem gaýrat talap edýär,aýaldogan! Elleriñe güller bitsin!
avatar
0
3 Medicall • 00:51, 30.12.2022
Tagalla edip ugradanlaram sagbolsun, Meñlim!
avatar
0
4 Pero • 10:02, 30.12.2022
Mämmetnazar Babanazarowyñ ömri-durmuşy barada maglumat ýokmyka?!
avatar
1
5 Medicall • 12:52, 03.09.2023
Şu mahal miras tv-da "Ruhy çyragym" gepleşigi Mämmetnazar Babanazarow barada bolup dur eken. Gowy iş edipdir Täzegül Gelneje, sagbolsunlar!.
Şahyryñam ruhy şat bolsun!
avatar
1
6 Pegas • 18:53, 03.09.2023
Köp arzuw edip, ýöne dirikä didarlaşyp bilmedik şahyrym... Ruhy şat bolsun.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203