09:11 Şu nälet siňen ýazyjylyk senedi / esse | |
ŞU NÄLET SIŇEN ÝAZYJYLYK SENEDI Sport meýdançasy. Aňyrsynda öňi uly eýwanly jaý, çep tarapda Günüň ýagtysyna aýna ýaly lowurdaýan köl görünýär. Çar tarap çemenzarlyk. Günorta çagy. Şu görnüşde gurnalan we janalgyç gam-gussa deňzine ogşaýan pursady aňladýan sahnada, çet ýakanyň çola bir ýerinde juwan gyz daraklygyna galyp dur. Onuň boýnuny ýokary süýndürip ellerini çala galdyryp durşy, göýä ganatlaryny gerip, uçjak bolýan çarlagy ýatladýar. Ol gyz pikirleri dagynyk halda seýil bagynyň gapysyndan çykan we gyzyň bolşuny geňläp, bir hili aljyrap aýak çeken eli kitaply hem ýazuw depderçeli jenaba ýüzlenip, şeýle diýýär: ― Ne ajaýyp durmuşyňyz bar!... Size şeýle bir gözüm gidýär, wah, siz muny bilsediňiz! ― Tolgunmadan ýaňa gyzyň sesi ýürek senasy ýaly eşidilýär. ― Arman, her kim bijesine görä ýaşamaly bolýar. Biriniň durmuşy ýöne bir gussaly mydar etme, göze iljek gumany ýok. Şeýle adamlar biri-birine meňzeş, ählisi-de betbagt. Beýlekilere bolsa, mysal üçin, siz ýaly milliondan birine gyzykly, many-mazmunly, röwşen durmuş nesip edipdir… Siz şeýle bir bagtyýar… Onuň ýüzlenýän adamy ― eýýäm ýaşy durguşan, hekaýalary we sahna eserleri bilen paýtagtda tanalýan meşhur ýazyjy Boris Alekseýewiç Trigorin egnini gysýar, pikirleriniň duw-dagyn bolmagy sebäpli gaharlanarly görünýär. Gödeklige ýakyn geňirgenmesini ýaşyrman: ― Durmuşymyň nämesi ajaýypmyş? ― diýip soraýar. ― Bu gulaga ýakymly sözleriňiz meniň üçin marmelad ýaly, men bolsa marmelady hiç haçan halamokdym. Soňra ol sagadyna seredýär. ― «Bagyşlaň, men gitmeli, stol başyna geçip ýazmaly. Wagtym ýok…» «Çarlagyndan» alnan bu pursatdan soň Anton Çehow Trigorini gepledip, Pýer-Žozef Prudon aýtmyşlaýyn «şu nälet siňen ýazyjylyk senedi» bilen meşgullanmakda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi barada gürrüň berýär. «Munuň nämesi oňatmyş? ― diýip, ol söze başlaýar. ― Gündiz diýmän, gije diýmän, şol bir pikir hiç kellämden gitmeýär: men ýazmaly, ýazmaly… Powesti tamamlanym ýaňy ýaly, ýöne näme üçindir eýýäm ýene birini ýazmaly, soň üçünjisini, üçünjiden soň dördünjisini… Onuň asyl yzy üzülmeýär, edil aňyrsy görünmeýän uzak menzilli ýola çykan ýaly bir zat. Aýdyň hany, munuň nämesi ajap, niresi röwşen? Ine, häzir hem men siziň ýanyňyzda, özümem tolgunýaryn. Emma şuňa garamazdan, öýde tamamlanmadyk powestiň garaşýandygyny bir pursat hem unudyp bilemok. Gözüm roýala meňzeş bir buluda düşýär welin, hekaýanyň bir ýerinde asmanda roýala meňzeş buludyň süýnüp geçendigini agzamaly diýip pikir edýärin. Howada aşygotynyň ysyny duýsam, tomus agşamyny beýan edenimde, ol barada aýdyp geçmek hakydama gelýär. Siziň aýdýan sözleriňizi-de, ulanan üýtgeşigräk jümläňizi-de, belki, gerek ýeri bolar diýip, dessine hakyda «horjunyma» salýaryn. Işlerimi boldum edip, teatra ýa-da balyk tutmaga ugraýaryn. Ähli aladalary unudyp, dynç alaýjak ýaly welin, şonda-da rahatlyk ýok. Täze bir ýordum kellä gelýär-de, kagyzdyr galama ýapyşanymy duýman galýaryn. Ýazmaly, ýene ýazmaly. Hemişe, her pursat şunuň ýaly, öz-özüme dynçlyk beremok. Göwnüme bolmasa, öz ömrümi bir ýanyndan gemrip, tükedip barýan ýaly. Hamala, töweregimdäkilere paýlamak niýeti bilen toplaýan balym üçin naýbaşy gül-gunçalarymy ýoluşdyryp, köklerini-de depeleýän ýaly. Eýsem, bu dälilik dälmi? Bu senetde ilkinji ädimler ädilen ýaşlyk ýyllarymda hem ýazyjylyk hünäri meniň üçin durşuna bir ezýetdi. Ýaş ýazyjy, ylaýta-da, işleri ugruna bolmasa, özüni tagaşyksyz, emelsiz, hiç kime gereksiz duýýar, sähel zada ynjap gaharlanýar. Özi-de, sana goşulmaýandygyna gynanyp, edebiýata we sungata dahylly adamlaryň töwereginde köwejekläp, olaryň gözüne dikanlap seretmäge çekinýär. Öz okyjymy görmesem-de, ol meniň üçin yzgytsyz, betguman bir kişidi. Men köpçülikden çekinýärdim, hatda gorkýardymam. Bardy-geldi, täze eserimi sahnalaşdyrmaly bolsa, göwnüme adamlaryň bir bölegi maňa gyr duşmandy, beýlekiler bolsa, gyşyň buzy kimin perwaýsyzdy. Aýdyň hany, şundan beter ezýet bolarmy!» Şuňa garamazdan, ýazyjy bolmagy arzuwlaýanlar köpelmese, azalar ýaly däl. Munuň sebäbi näme? Näme üçin şeýle köp adam bu hünäre höwes bildirýär? Näme üçin gyzykly, özüne çekiji we abraýly kesbi-käri bolan adamlar hem şu güzaply senet bilen meşgullanmaga jan edýär? Näme üçin ene-atalar dogmalarynyň öňünde şeýle köp ýollaryň açykdygyna garamazdan, olaryň şu çarkandakly ýola düşmegini isleýär? Ne sebäpden ylymda işleri rowaç alan we uly üstünliklere mynasyp bolan alymlar hem bu hünäriň yşgyna düşýär? Elbetde, munuň sebäbi diňe şöhrata ymtylmak, garaşýan hupbatlardan habarsyzlyk, esassyz ham-hyýallar, hatda gülkünç we salykatsyz öýkünjeňlik bilen hem asla çäklenmeýär. Bu hili arzuw-islegler köplenç örän çynlakaý we asylly matlaplara ýugrulýar. Çehow döwrüniň Russiýasynda çola bir çet ýakada ýaşaýan baý ýer eýesiniň gyzy Nina Zareçnaýa öz ömrüniň manysyna akyl ýetirmek, onuň has önjeýli we işjeň bolmagyny gazanmak we şeýlelikde, bu durgun tukatlygy böwsüp, nurly-owazaly alyslara aralaşmagy ölermen arzuwlaýardy. Sungat bilen iş salyşmak bütin ömri takyk ylymlara bagyşlanan adamlaryň durmuşyny edenli juwanlygyň gaýdyp gelmegi ýaly örän göçgünli şowhun bilen bezeýär. Rowaçlyk ugrunda erjelligiň gaýgyrmaýan kişilere sungata dahyllylyk awy egsilmeýän awlak, tükeniksiz mümkinçilikler älemi bolup görünýär. Bagtyň çüwse, bu senetde beýleki pudaklarda onlarça ýylda gazanmadyk üstünlikleriň sähel salymda elýeterli bolýarmyş. Mahlasy, her kim öz maksat-arzuwlarynyň bahym hasyl bolmagyna umyt edip, nazaryny sungat dünýäsine, ýazyjylyga sary öwürýär. Ýöne diňe arzuw ýeterlikmikä? Ýazyjylyk senedine ertekiler dünýäsi hökmünde garamak ýalňyş bolaýmasyn? Ýazyjylyk her kişiniň şahsy işidir öýtmek ýalňyşdyr. Hatda siziň ýazýanlaryňyz iňňän hususy zatlara, mysal üçin, içki dünýäňize degişli ýazgylar we gündelikler bolaýanda hem, ol jemgyýetçilik işidir. Fransuz ýazyjysy Žulýen Benda şeýle diýýär: «Ilatsyz bir ada düşen adam hiç haçan edebiýat bilen meşgullanmaz, sebäbi ýazyjylyk hemişe beýlekilere täsir etmek isleginiň miwesidir we bu pişä baş goşýanlar okyjylaryň seslenmelerine tamakindir». Eser bärde dursun, iň ýönekeýje hat, şahsy bolsun ýa resmi ― parhy ýok ― juda bolmanda iki adama: haty ýazýana we ony okajak adama degişlidir. Oňat oýlanylman, ýagny gowuja bişirilmän ýazylan bäş-üç setiriň hem nähili kyn ahwallara eltýändigini her kes bilýär. Kitap ýazmak bolsa, jemgyýetçilik hadysasydyr, sebäbi adamlar «Kitaplar hemmelere niýetlenýär we hemmeler olar barada öz pikirini aýtmaga hakly» diýip pikir edýär. Başlanda ähli zat oýun we güýmenje, tötänden we maksat-matlapsyz başlanýar. Ýöne munuň soňy ýamana ýazýar, birinjiden soň ikinji, üçünji… Täze bir hadysa düşendigiňi, täze bir göçgünliligiň çoçgaryna çolaşandygyňy, täze bir senediň guluna öwrülendigiňi birden duýup galýarsyň. Indi şol hünäriň senden soraşylman kabul edilen kanunlaryna we talaplaryna tabyn bolmaga mejburdygyňy bilip galýarsyň. Ilkinji ädimlerde diňe öz göwnüňi awlamak üçin baş goşulan oýun bolup görnen pişe ur-tut juda jogapkärli işe öwrüliberýär. Indi şol iş sebäpli sen müňde bir kynçylyga duçar bolýarsyň, tükeniksiz sowallaryň jogabyny tapmaga mejbur bolýarsyň. Ahyr bir gün iş otagynda tenhalykda otyrka, ýazyjy bolandygyna, aňynyň-kalbynyň täzelenendigine göz ýetirende, birden ähli zadyň, hemmeleriň, şol sanda hut özüniň-de özüne garşydygyny görüp, içini tutup galýar. Senediň gysaçlaryna düşenden soň, ol özi üçin-de garaşylmadyk ýagdaýdadygyny, öň hiç haçan dikleşmek kellesine gelmedik adamlar bilen basdaşlyk edýändigini, olary agramlap görýändigini, olaryň gowşak ýerlerini gözleýändigini bilip galýar. Ol dürli häsiýetli, dürli yrymlara eýerýän we hil-hil ahlak gymmatlyklaryny ileri tutýan adamlardan başga, indi öz biliminiň çäkliligine, ýaltalygyna we ukypsyzlygyna garşy gijesini gündiz edip barlyşyksyz göreşmeli boljakdygyny bilip galýar. Özi-de, bu darkaş beýleki hünärlerde bolşy ýaly, diňe iş wagty bilen çäklenmez. Bu pişäniň ýaman ýeri, iň agyr çaknyşyklaryň, ikirjiňlenmeleriň we şübheleriň kagyzdyr galamy eliňe almazdan öň we stoluň başyndan aýrylanyňdan soň, başgaça aýdanymyzda, işe başlamakçy bolanyňyzda ýa-da töweregiňizdäkiler siz indi dynç almakçy bolduňyz diýip pikir edende başlaýanlygyndadyr. Beýleki ähli hünärlerde işleýänleriň belli bir iş wagty bardyr, şondan soň olar arkaýyn dynç alyp, bir zada güýmenip, dost-ýarlar bilen oturyşyp ýa-da maşgalasy bilen seýle-syýahata çykyp bilýär. Ýazyjy adama bu elpe-şelpelikler ýat, sebäbi onuň işi üznüksiz dowam edýär we ol hiç haçan, bir pursatlyk hem, hatda uka gidende-de dynç almaýar. Bu senede baş goşanyňdan soň, zatlar hem, adamlar hem özlerine mahsus esasy alamatlaryny we hümmet-häsiýetini ýitirýär: ýazyjynyň töweregindäki zatlaryň ählisi, onuň görýän we dokunýan zatlarynyň hemmesi onuň üçin diňe işiň barşynda ulanyljak serişdedir. Işlenip, bejerilip, timar berlip ulanyljak gurluşyk serişdeleridir. Has oňat ýazmaga, her soňraky kitabyň has kämil bolmagy üçin yhlas edip, birdenkä bu işiň indi öňküsi ýaly begendirmeýändigini bir gün duýarsyň. Eliňe pil alyp, ýer depmek janyň ujy bolup görner. Durmuşy has giň we doly görkezmäge çalşyp, şu ejirli hünäriň seni, hakykatda, durmuşyň umumy akymyndan bir çete itip çykarandygyny, seniň indi ýöne bir keseden synlaýjy bolup galandygyňy görersiň. Bu senetde beter ezberledigiňçe, şowly bir sözlemi düzmek, takyk sözi tapmak üçin barha köp wagt we tagalla sarp etmeli bolýandygyňy görersiň. Ýürekdeş dostlar bilen gatnaşyk saklamaga, täze dost tapynmaga, myhman kabul edip, dost-ýaryňka gitmäge, dynçlyga we güýmenjelere zar bolup galarsyň. Syýahat etmek, teatra, konserte gitmek kynlaşar, kitaplary-da öňki ýaly höwes bilen okap bilmersiň, ýöne göz gezdirmek bilen oňarsyň. Ýadawlyk we ähli zatdan doýgunlyk sebäpli içki intellektual gujur-gaýratyň egsilmeginiň we gowşamagynyň alamatlary peýda bolar. Eýsem, bu käre baş goşanyňda arzuwlan netijäňiz şumydy? Heý, şeýle iş adamda yhlas joşgunyny döredip bilermi? Onda näme üçin ýazyjylar ýazýarka? Senediň şeýle howply we bigadyrdygyny göre-bile, näme üçin biz şu senetden el çekmeýäris? Ýazyjynyň sarp eden tagallalary, çeken ezýet-hupbatlary üçin ýapyljak serpaý nähilikä? Bu sowala jogap bermekden aňsat zat ýok, sebäbi onuň orta atylmagynyň özi nädogry we ýerliksiz. Hiç bir serpaý-da ýok, öwezini dolmak-da. Sebäbi biz öz isleýän we başarýan pişämiz bilen meşgullanýarys. Hünäri ähli beýleki zatlaryň seçilişi ýaly saýlap alýarys, şunda käte öz meýillerimizden ugur alýarys ýa-da beýlekileriň maslahat-ündemelerine görä hereket edýäris. Kararyň tötän we ýalňyş kabul edilýän halatlary seýrek bolmaýar. Adamyň uçarlary synagdan geçiriji bolmagynyň ýa atom energetikasynda işlemeginiň, jogapkärli syýasy işlere baş goşmagynyň sebäbi näme? Ähtimal, onda başga ugry saýlamaga mümkinçilik bolýan däldir ýa-da muňa durmuşyň belli bir aýgytly döwürlerinde töweregiň täsiri, özüniň isleg-umytlary ýa-da jemgyýetiň agzasy hökmünde pikir-garaýyşlary sebäp bolýandyr. Adamlar ýazyjylary her hili göz öňüne getirýärler. Bir görseň olar “Müň bir gijedäki” Şährizada kimin gürrüňe güýmäp, abanýan gutulgysyz ölümden ünsüňi sowýar. Käte bolsa wagyz-nesihatçy, weli adam, gözbagçy, täze taglymlary we garaýyşlary jar ediji, ynsan kalbyna aram beriji lukman, jemgyýetde bolup geçýän wakalaryň teswir-ýordumyny teklip ediji alym hökmünde göz öňüne getirilýär. Käýarym bolsa ýazyjy we onuň döredijiligi ýol ugrunda goýlup, özüňe keseden ser salmaga kömek edýän aýna mysaly bir närsedir. Her bir döwrüň, zamananyň jemgyýetçilik hajatlaryna baglylykda ýazyjynyň öňünde täze wezipeleri goýýandygy äşgär. Şol wezipeleriň çäklerinde bolsa, ýazyjynyň özi meşgullanýan pişesiniň zerurlygyny delillendirýän sebäpleri tapyp görkezýär. Çehowyň «Çarlagynda» Nina Zareçnaýany gepletmek arkaly ýazyjy bu senet barada şeýle pikirleri orta atýar: «Men indi sahnada oýnasak-da, sahna üçin ýazsak-da, biziň işimizde esasy zadyň söz däldigine, meşhurlyk şuglasy däldigine, eýsem, sabyr-kanagatly bolmakdan ybaratdygyna göz ýetirdim. Öz saýlan pişäňde ezber bolmagy başarmaly we ýan bermeli däl. Kalbymda synmaz ynam bar wagty, hupbatlaryň ýüki ýeňlän ýaly bolýar. Şu kesbiň täleýiň maňa miýesser bolan eşretli emridigi barada pikir edenimde, durmuşyň hiç bir muşakgaty meni üýşendirmeýär. Diýmek, esasy zat ― kanagaty elden bermezlik! Bize ezeli berlen ýazyjylyk bilen bagly ähli kynçylyklara we kemsitmelere döz gelmegi başarmaly. Öz saýlan pişäňde ezber bolmagy başarmaly we ynanmaly. «Nämä ynanmaly» diýýäňizmi? Saýlanan kesbiň täleýiň eşretli emridigine, onuň bize durmuşyň külpetlerinden gorkmazlyga güýç berýändigine, ömrümiziň peýdaly we akylly-başly işlere bagyş edilendigine ynanmaly. Sebäbi ezeli berlen kesp ― zähmet çekmekdir, zähmet bolsa ― belli bir işiň başyny tutmakdyr, bir işiň başyny tutup bilseň welin, ol seni durmuşda ejizletmez, ýan berdirmez, çünki bu müdimilige şäriklikdir, ýaşaýşyň we älemiň teýinde duran hem şudur...». © Erih KOŞ (Serbiýa) Terjime: © Serdar Ataly | |
|
Ähli teswirler: 0 | |