Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:50
Ýyllar
ÝYLLAR

Ýyllaryň geçerne howlugardym öň,
Indi arzuwlaýan yza teserin.
Tesmeýär ol, diňe hakydamyzda,
Ýazyjy deý goýup gidýär eserin.
Ýöne, ol eserleň galam hakyna,
Alyp gitdi juwanlygyň heserin.
Şoň üçinem giç bolmanka agtaryp,
Geçip giden ýyllaryň iň ýeserin,
Geçilen ýyllary ýüň ýaly egrip,
Ele alyp kämilligiň keserin,
Dokamaly bir halym bar, oň üçin,
Kalbym-a erişdir, argajy serim.
Düşelgesi bolmaz ýaly düşeksiz,
Toprakdan topraga gitmeli ýeriň.
Onuň göllerini haýyrdan çitip,
Gyryp synny bilen tanapyn şeriň,
Dokap bilsem islegimçe nagyşlap,
Ýeke-ýalňyz «Ömür» atly eserim.
Geçip barýan ýyllaň yzyndan garap,
Öňe meýl etmeden yza teserin.

KIM MEN

«Kim men?» diýip, sorag berip özüme,
Käte ýitiräýsem özümi özüm.
Ejeme ýüzlenýän: «Dünýä indirip,
Edenje tamaňy edenli gyzyň
Ödedimi? Ýa paşmadyk arzuwyn,
Aýdyp jigeriňi dagladymy ýa?
Çeken armanyma näzik ýüregiň,
Meňkiden has beter agladymy ýa?
Akymynda «Durmuş» atly derýanyň,
Senden uzaklara gaýdanam bolsam.
Meň üçin her säher kyblaňa bakyp,
Edýän dilegleriň, aýdanyň bolsun.
Çaga deý ynanjaň, sadaja kakam,
Sadalygy senden alan ekenim.
Obada, öz öýümiziň üstünde,
Bilýäňmi, abraýdan baýdak dikenim.
Kaka, ol baýdagy seň üçin dikdim,
Ölçenmeýär oň bahasy zer bilen.
Saňa başga zady rowa görmedim,
Ekläniňe maňlaýdaky der bilen.
Indi bolsa pata berip ugradan,
Ak ýoluňdan ýöräp barýan gyzyňa
Seret, soraglardan ýegşerip barýar,
Sorag berip özgä däl-de özüne.
«Elimden gelýänje aklygym bilen
Ödedimmi ezizlermiň ynamyn?
Köýen badyhowa arzuwlam üçin,
Ýa jigerin dagladymmy enemiň?»
Diýip, bu ömrümiň gaýtargysyny,
Az görüp, artyga gözüm dikýärin.
Bagyşla pederim, bagyşla eje,
Bar bolaýsa hatalary dikraryň...

* * *

Gözlerde uçgun ýok, kellede göçgün,
Hyýalbent arzuwlar uçup gidipdir.
Eýýäm mekan eýläp baky dünýäni,
Deň-duşlaň käbiri göçüp gidipdir.
Illeň göçüp giden arzyly ýurdun,
Baky durjak ornummyka öýderdim.
Akyl meýdanynyň hasylyn toýlap,
Hoşasyny ordummykam öýderdim.
Öýdenlerim özüm hakda pelsepäň,
«Bir bar eken» bilen «Bir ýok eken»-li,
Çaga wagtym kän diňlenen ertekiň,
Başlanşynyň öz ömrümiz ekenni
Bilip galdym ýaşym kyrky sermände,
Ine, ömür şeýdip ötýär ekeni.
«Bir bar eken» bilen başlan badyna,
Bir demde «Bir ýog-a» ýetýär ekeni.
Bir geleňsoň munda «Bir ýog-a» çenli,
Eýdip-beýdip ädim ädýär ekeni.
Ynsan öz ömrüne çaýmasa many,
Geçilen ýola ot bitäýýär ekeni.

© Gyzylgul ANNAGYLYJOWA

Çeşmesi: “Garagum” žurnaly, 2022, 6-njy sany.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 15:55, 19.12.2022
"kim men"-i has gowy gördüm.
berekella.
avatar
0
2 Bagabat • 18:21, 19.12.2022
Surat Rahman Rahmanowyňky. "Türkmen gyzy".
avatar

Старая форма входа
Total users: 203