MENU

17:42
Kalbyň gapysy
KALBYŇ GAPYSY

XVIII asyrda Londanda meşhur iňlis suratkeşi Uilliam Holman Huntyň eserleriniň sergisi guralypdyr.Ol
"Älemiň yşygy" diýip atlandyrlan bir eserinde gije bagyň içinde bir eline panus,beýleki eli bilen bolsa külbäniň gapysyny duran dananyň keşbini suratlandyrypdyr.Bu surata syn edýän synçylaryň biri Hunta ýüzlenip:
-Dogrusyny aýtsam,gowy eserleri döredipsiňiz.Emma şu eseriňiz welin,hiç maňzyma batanok-da.Ol adamyň kakyp duran gapysy açylarmyka?Gapa tokmak çekmegi unudypsyňyz öýdýärin?!-diýipdir.
Suratkeş bu sowala garaşyp duran ýaly ýylgyrypdyr-da:
-Bu adam ýönekeý bir gapyny kakanok ahyryn.Bu gapy adamyň ýüregini aňladýar.Ýürek hemişe içinden açylansoň,daşyndan tokmak goýmagyň geregi ýok diýip,jogap beripdir.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 89 | Добавил: Medine | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 19:32, 28.11.2022
Уильям Холман Хант Светоч мира -diýip gözledip ol suraty goýup bolardy.
Ol diýýän danaňyz Isa pygamber.
Ol gapysy ot-çöp basan öýi synlap Magtymgulyň setirleri ýada düşdi.

Gaflat ukusynda ýatyp, seýl etmedim bossanyma,
Bu gün nazar salsam ol ýan, çiçeklerim solupdyr.

Hawa, köňül bossanyňa bagban gerek.
Çiçekleri soldurmajak bolmaly.
Köňül gapyň kakylanda ahmal galmaly däl.

aşakda “ýesir düşen bagban, solan güller” barada oýlanma (gyzyklananlar üçin):

https://edebiyat.clan.su/news....1-23-36
avatar
0
2 Medine • 19:37, 28.11.2022
Suraty bardy ýöne goýup bilmedim
avatar
0
3 Мango • 20:10, 28.11.2022
“Изображение “diýýän opsiýada “выбрать файл” diýeni basyp kompýuteriňden ýoluny salgy bermeli. Onsoň ol saňa kod berýär. Şo kodam tekstiň içinde, ýokarda sözbaşydan soňky setirde kopiýalap goýmaly. Bolany.
ýöne ilki goýjak suratyňy kompuňa göçür.
avatar
0
4 Medicall • 00:23, 29.11.2022
@Medine, menýuda" saýt barada bölüm bar, şony okamagy maslahat berýän saña. Alan çeşmäñi aýt, tapyp goýup bereýin suraty. Ýa-da poçtama ugrat. Alan çeşmäñ tegde goýmanada gerek. Teswir ýere ýazaý.
avatar
0
5 Medine • 09:01, 29.11.2022
Surata int alypdym çesmesi ýadyma düşenok.A surat hakyndaky ýazanymam bir gazetda okapdym haýsy gazýet oda ýadymda däl.bolýa okaryn
avatar

uCoz