Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:29
08

08
(hekaýa)


Telefon budkasyny getirip goýanlaryna iki hepde boldy. Oň bilen hiç kimiň işem ýok. Täzeçe dem alýan şäherde, muzeý eksponaty ýaly, taryhyň bir parçasy bolup dur. Tutuşlygyna gyzyl reňkde bolsa-da, ony kimse saýgarmaýan dek göýä. Penjirämiň gabat garşysynda bolmadyk bolsa, belki menem üns bermezdim. Onsoň hersi bir ýana howlugyp barýan başagaý adamlary sen neneň günäkärlejek?!

Bir çemçe artyk atyp, kofe demlendim. Burugsap duran bokaly burnuma ýetirip, buguny demligime dartdym. Gyzgyny gursagymy ýylatdy, ötgür ysy irkiljiräp duran beýni öýjüklerimi oýardy. Penjiräň öňüne baryp kofeden owurtladym. Ýiti tagamy damagymdan öten badyna ganyma garylyp, bütin bedenime ýaýrady. Düşnüksiz agyrlyk aralaşdy ruhuma. Guşlaň aýdymyny diňläsim geldi şonda. Penjiräni açdym. Aýdym küje, zat küje! Gowgaly dünýäň gohy öýüme girip, ýalaňaç diwarlarda ýaňlanyp, has güňleç geldi gulagyma. Öýüň näçe uly bolsa, ýalňyzlygyň şonça göze ilgiç bolar eken. Belki tersinedir.

Ýapdym. Dünýä ýapyldym.

“Jyrr-jyrr. Jyrr-jyrr”

– Alo… Hawa-la, turdum. Hiç gidesim gelenog-aý işe. Ýa galaýsammykam?… Aý, tüweleme…

Ir bilen, geçen ýoluny, ýakan ýangyjyny hasaplatmak üçin gelýän sürüjileriň akymyny serpikdireniňden soň, günortana çenli üýtgeşik iş ýok. Çaý-nahardan soň, getirilen ýol hatlaryny kompýutere geçirmeli. Bar bolany şol. Içimi gysdyrmazlyk üçin iş ýerime birki sany kitap eltip goýdum. “Kitaphana etjeg-ow bärinem” – diýişýär ýanymdakylar.

Uly bolmadyk kabinetimiziň ortarasynda “T” şekilde goýlan iki sany stol bar. Edaraň ýa kabinetiň sütüni mendirin diýib-ä biljek däl, ýöne şol “T-niň” sütüni men. Ýagtylygyň ters düşýändigi sebäpli kitap okamak üçin oturan ýerimi biraz üýtgetmeli bolýan.

Özümi ullakan gäminiň bortunda duýdum. Gulagyma ýola düşülendigini habar berýän zok eşidilen ýaly. Şol barmana gapydan orta asyrlaryň aristokratlary ýaly geýnen birküç sany adam girdi. Sürüjiler-ä däl. “Siz-de-siz” bolşup, gara gadyr.

Bosagadan ilkinji ätlän orta boýly kişi goltugyndaky küşt tagtasyny çaý stolumyzyň üstünde goýdy-da howlukmaçlyk bilen çöpleri düzüp ugrady. Bularyň kimdigini anyklamak üçin ýakyn bardym. Geldiňmem diýenoklar. Siňe-siňe seretdim ýüzlerine. Gören adamlam däl. Asyl-ha, ýerli millete-de meňzäp baranok şular-a.

Oýun başlandy. Ümsümlik. Ilki pyýadalar garpyşdy. Soňra atly goşun. Yzy bilen pilleň hüjümi. “Kü-üşt” – diýip gygyrdy, gapydan ilki giren adam. Garşydaşy rewanş talap etdi. Çöpleri çalşyp, gaýtadan düzdüler. Ýene ümsümlik, ýene garpyşyk…

Irden jaň edip, oglunyň bolanyny buşlan Gülek (Hemişe ýylgyryp ýörensoň, biz oňa gülek diýýäs) gapydan urup girdi. Oturanlar oňa nägilelik bilen seredişdiler. Küşt tagtasynyň eýesi eliniň tersi bilen mallary ýykyşdyryp, sag egni bilen Gülegi kakyp geçdi-de, çykyp gitdi. Beýlekilerem oň yzyndan galmadylar.

– Oglum boldy, oglu-um.

– Ýaşy uzyn bolsun!

– Uzagyndan guwandyrsyn!



Günortanlyk nahary Gülege aldyryp, “bäbek ýuwuşlyk” etdik. Soň-a oýun-gülki bilen, günüň nähili geçeninem bilmändiris.

Göwnaçyk adamlaň arasynda wagta durum ýok, eýýäm öýe gaýtmaly. Ýanýodany syryp gelşime, bir zada syn etdim: hanha, bir adam şar oýnap barýan gyzjagazynyň elinden tutup gidip otyr. Beýleräkde aýaklary rolikli bir topbak oglan-gyz wijirde-wijir bolşup, bir zatlaryň gürrüňini edip, ala-şowhun bolup gülüşýärler. Elleri buzgaýmakly bir jübüt assajyk ýöräp, deňimden geçip gitdi. Olaryň hemmesi, gör, nähili bagtly. A men? Maňa bagtly bolmaga näme päsgel berýär? Özümmi?

Gulagymda pessaýja ýaňlanyp duran sazy okgunly aýdyma çalşyp görýän. Çalaja galpyldajak ýalam edýän welin… Ruhuň tutgunlykda bolsa, beden azatlygynyň manysy ýok.

Gapyň agzyna gelemde, telefon budkasy gözüme ildi. Gel, şuňa girip göreýin-le. Girdim. Trubkany gulagyma ýetirdim-de, üznüksiz guguldyny diňläp, esli durdum. Kime jaň etmeli? “Kimdir biri bilen gürleşesim gelse, meň ýanymda, näme, telefon ýokmy? Muň samsyk pikirdigini bilýädimem-le”. Çykyp ugramakçy bolamda, aýnadaky belgä gözüm kaklyşdy: 08. Sorag-jogap gullugy däl. Tiz kömegiň, ýangyn howpsuzlygynyň belgisi başga.

Tirdim. Iki gezek gaýtalanan zokdan soň dup-dury zenan sesi eşidildi.

* * *

…Ýüregiňi açara adam tapmasaň, kyn bolar eken. Adam bar-da, derdiňi paýlaşar ýaly däl. Ýa-da adam bar-da, derdiň paýlaşar ýaly däl. Iki ýagdaýda-da syryň ýüregiňde galýar hem seni içiňden gemirmesini birjik-de bes edenok. Şonuň üçinem Maksat ömründe özüne iň gowy düşünen adamyň – inistitutdaky ylmy ýolbaşçysynyň ýanyna bardy. Matlabyny aýtdy. Ylalaşdylar. Maddy kömek almak üçin banka tarap ýola düşdi. Kassalaryň agzynda hümmer bolup duran adamlaryň deňinden geçip, kredit bölümine bardy. Ullakan stoluň aňrysynda oturan galyň adam salam-helikden soň maksadyny sorady. Maksat etmek isleýän işlerini, mugallymyna düşündirişi ýaly, bir başdan gürrüň berdi. Göwnüýetmezçilik bilen ýylgyryp oturan bank işgäri hahahaýlap, müşderisiniň sözüni böldi:

– Onsoň, bi, näme gazanjak bul işiň bilen, inim?

– Maddy gazanç az bolmagy ahmal, ýöne köp adama kömek etdigimiz bordy.

– Kömekmi? Hä. Sen bu adamlara kömek etmek bilen başagaýkaň, biri gelip, karzyňy tölärmikä? Prosentleri kim ödemeli?

– Çakym çyksa, mahabatdan bäş-alty aý soň bank bilen doly üzlüşerin.

– Çakyň çyksamy? Çak edýäniň üçin bank saňa pul berer diýsem – ýalançy. Ýogsa-da, bü, näçeräk manat alsam diýýäň?

– Maddy üpjünçiligime ýetse bes. Galan işlere kömek etjek adamlar bar.

– Näme diýsene, inim…

– Näme?

– He-he, degişgen diýsene asyl. Onda diňle, han ogul! Şol adamlaryňa aýt, anyk işlenen biznes meýilnama düzmäge-de kömek etsinler. Duş gelene pul berip goýbär ýaly, bu meň atamyň gaznasy däl.

Ýene birki bankdan ýüzüne urlan ýaly bolup gaýtdy. Biznes meýilnama düzdi. Ahyry biri şäher häkimliginden rugsatnama getirse, kredit bermäge razy boldy.

– Ýagşy aga, şujagaz oglan rugsatnama sorap gelipdir. Şuny bir diňläli-le. Men-ä bulaşdyrjak bolýan biraz.



– Agam, bärde gorkunç zat ýok. Bu bir töleg terminallaryny ornaşdyran ýaly zat. Hatda ondanam ýönekeý.

– Inim, hany, göniňden gelsene, saňa şu işden näme nep?

– Mundan adamlara näme kömek bolsun?

– Agam, siziň hiç pynhan syryňyz ýokmy?

Bu soragy eşiden ýaşyndan has garry görünýän, gaşlaryna-da ýek-ýarym ak düşüp ugran hortap kişiniň gözlerine iş otagynyň diwarlary ýumrulyp gaýtdy-da, halawaty egsilen öýüniň giň otaglary kat göterdi.

* * *

Bäş gyz. Enesiniň görküni ala-ala, gara tüňçä dönderen bäş gyz. Maşgalanyň ýeke erkeginiň öýi bilen gamy ýok. Giç gelmäni, ýygy-ýygydan iş saparyna gitmäni çykardy. Çagalaryna sowuk-sala garap, aýalyna birde jabsynsa, birde el galdyryp ugrady. “Gyz urug heleýiň geregi ýok” – diýip, kowup gördi. Dişini gysmadan ýaňa agzy kemperip ugran aýal, bir gün çydaman, janyna dözdi. Öýden ýeke jeset çyksa-da, uýalar şol gün iki jynaza sowdular.

Toýuň goşa-goşadan gelşi ýaly, betbagtlygam ýeke ýörmez eken. Aýalynyň ýedisini sowan güni ikinji öýünden jaň geldi: bäbekhana gitmeli.

“Ördejigi” armana gol beren arzuwyny wysala ýetirdi – ogul dogup berdi. Özi welin, köp gan ýitirip, çaga üstünden ýogaldy.

Ölüm-ýitim bar ýerde polisiýa-da bar. Soralyp-idelip ugralansoň, işini, abraýyny ýitirmekden gorkup, bu gelni tanamaýandygyny, ýolda kömege mätäç bolup duranyny görüp, şu ýere getirendigini aýtdy. Ynandyrdy. Ogluny almakçy bolanda bolsa…

Nätanyşa çaga berilýärmi näme?

* * *

– Soran zadyny berip goýberiň – diýip, hortap kişi, Maksadyň öňünde otursa syry açylyp barýana dönüp, turup gitdi.

Birki aýlyk maýda hysyrdydan soň, şäheriň iň köp gatnawly köçelerine (jemi alty sany) telefon budkalaryny ornadyp çykdylar. Budkalardan diňe Maksadyň (iki otagly, özi bilen dört sany işgärli) offisine we offisine diňe budkalardan jaň edip bolar ýaly edip gurnadylar. Ýakyn günlerde tele-radio arkaly mahabat etmegem göz öňünde tutýalar.

* * *

– “Pynhan syrlar” gullugynyň agşamky nobatçysy diňleýär. Salam!

– Näme syrlar?

– “Pynhan syrlar”. Göwnüçökgün adamlaryň derdini paýlaşyp bilmegi üçin açylan täze gulluk. Gulagym sizde, aýdyberiň!

– Näme aýdaýyn?

– Näme aýdasyňyz gelse. Isleseňiz, özüňiz bilen tanyşdyrman, göni gürrüňe başlabam bilersiňiz. “Al, saňa gerek bolsa! Dök içiňi! Aýt, näme aýdasyň gelse! Gürle-dä, bol!”

– Arkaýyn boluň, gürrüňleriňiz hiç hili ýazgy edilmeýär. Bu bir içi gamyşsyz guýy.

Gürlemän durmagy gelşiksiz gördüm-de, gödek bolsa-da, trubkany goýup, budkadan çykdym. Öýe gelibem, esli wagtlap ýatyp bilmedim. “Ertir ýene jaň edip görmelimi? Näme hakda gürleşmeli? Meniň nähili syrym barmyş?”.

Goş-golamlary dyr-pytrak edilen otagyň ortarasynda ýatan çemedandan eşiklerimi çykaryp otyryn. Ýetişip bildigimden, ýaňaklarymdan ýokarlygyna syrygýan gözýaşymy aýam bilen tersligine sylýan. Eşiklerimi şkafa ýerleşdirip bolup, arkalygyna ädimläp iş stolumyň deňine geldim. Elimiň tersini çalasynlyk bilen stoluň üstüne eltemde, polda ýatan (ýaňyja basgylap geçen) maşgala portretimiziň param-parça bolan aýnasydyr çarçuwasy bütewilendi-de, uçup gelip, penjesi giň açylan aýama direndi. Şol barmana, beýleräkde dökülip ýatan kofe bokala tarap çekilip ugrady. Hä diýmän, bokaly doldurdy. Olam uçup geldi-de, stoluň üstünde häzir boldy. Ýyrtylan, mynçgalanyp taşlanan sahypalar öňki kaddyna gelip, pytradylan zatlar tertiplenenden soň, ýene-de yzlygyna ýöräp, gapy tarapa öwrüldim-de, sag egnine salam berýän namazhon ýaly bolup durdum. Şol pursat gapy açylyp, bir daýaw pyýada götinjekläp içerik girdi-de, maňa tarap bakdy. Saga bakyp duran ýüzüm oňa öwrülende, ot ýapyşan ýaly gyzyp duran çep ýaňagym onuň berdaşly aýasyna direndi.

Gulagymyň düýbünde ýaňlanyp giden şarpylda ýalpa gözümi açdym. Basyrgananyma akyl ýetirip, iki elim bilen ýüzümi tutup, biraz oturdym. Göwnüme bolmasa, çep ýanym gyzgyn ýaly. Hasyr-husur turup, çyrany ýakdym. El-ýüz ýuwulýan nowajygyň ýanyna baryp, aýna seretdim. Garşymda gabaklary çişen, gözleri gyzaran, çep ýüzünde düýşünde dadan şarpygynyň (çep ýanyma ýatanym üçin öz elimiň yzy galan bolmagam ahmal) yzy galan ýadaw kişi dur. Ýüzümi ýuwup, gaýta seretdim. Öl diýmeseň, üýtgän zat ýok.

Göçüp gelemden bäri ellenmedik çemedanymy orta alyp, dörüşdirip ugradym. Bir çak ýazylmasy bes edilen gündeligimi warakladym. Hemme öz bagtyny gözlese, men öz bagtsyzlygymyň sebäbini gözleýän ýalydym. Köne suratlaryň albomyny agdaryp ugradym.
Çagalyk suratym. Şeýle bir bigubar ýylgyrýardym welin, elimdäkiň ýüz görülýän aýna däldigi bagrymy dildi. Maşgala suratymyz…

Ertesi awtobusa münemde, radioda gyzyl budkalar hakda mahabat gidip duran eken. Täze gullugyň ähli mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan soň, ikibir-ikibir hyşy-wyşy, gobsunjyrama başlandy.

Işde-de küýüm şol boldy. “Meň näme syrym bar?”. Bu pikirlerden ünsümi sowmak üçin kitap okarman boldum. “Şahmat nowellasynyň” gatyny açanymdan, goltugy küşt tagtaly geýnüwli adamlar ýene gapydan girdiler. Ümsümlik. Garpyşyk.

Agşam gelsem, penjirämiň öňi – giden mähelle. Düýnjek gülüp-oýnap ýören adamlaryň uzyn nobatyny görüp, ýylgyranymy duýman galdym. Olaň arasynda hatda Gülegem bar.
Öýe girip, öçürmäge dözmän ýören belgime jaň etdim.

– Alýo!

Bu mähirli ses gyzgyn lawa bolup, gulagymdan syrygyp gaýtdy-da, damagyma gelip gatady, daşa öwrüldi. Demikdim. Howa ýetmän, gözlerim ýaşardy. Horkuldap aglap ugradym. Hiç zatdan ejap etmän, hezil edip agladym.

– Eje!

– Bala-am?



Haýp. Şunça wagtlap özümi bagtsyz duýup ýörüpdirin. Men bärde. Içerde. Öz telefonymdan jaň edip, hossarlarym bilen gürleşip durun. Ine, mesele nämede? Meň bagtsyzlygymyň sebäbi, meniň çenden aşa bagtlylygym, ony görüp bilmeýänligim eken.

* * *

Mahabatdan soň jaň edýänleriň sany gün saýyn artdy. Nobatçylar nämä gol çekendiklerine indi akyl ýetirdiler. Adamlaryň ahy-nalasyny diňlemek, içki syrlaryny bilmek…

Bul işe başlap ýalňyşandygyny ýa dogry edendigini bilmän alasarmyk bolup ýören Maksat telefon budkasynyň agzyndaky galyň adamyň yzyndan nobata durdy.

11-18.10.2018 ý.

© Umyt KÜLE
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Umyt Küle | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203