07:56 Hat | |
Salam, kaka! Köpden bäri men saňa salam berip göremok. Has takygy okuwy tamamlanymdan bäri. Ol wagtlar gününi sypdyrman jaňlaşardyk, salamlaşardyk. Häzir bolsa, bir öýde ýaşasagam (belki hut şol sebäpden) salamlaşamyzok. Men günäkär. Işe gaty ir gaýdýan. Ol wagt ejem ikimizden başga köçede oýa adam azdyr. Meni ugratmaly bolmasa, olam ukusyny alardy. Şu gün saý-sebäp bilen, maşynyň aýnasyndan yzyma seretdim. Görsem, köçäň tas ýaryny geçenime garamazdan, ejem henizem yzymdan garap dur. Öýe barsam aýdaryn. “Beýtme”-diýerin. “Üşäp durma, ugradan wagty edýän dilegleriňem, sag-aman dolanmagym üçin ýeterlik”-diýerin. “Alla jan ýanyňa münip, gidip-gelsin. Özi penasynda saklasyn”-diýýär. Ýakynda, Çary aganyň makalasyny okadym. Näme sebäpden senden sähel zady gaty görýänimi sorapsyň. (“Gaty görýär”- diýip ýumşadanyň üçin, sag bol.) Bu – ýanyňyzda däl wagtym eden gürrüňleriňizden bolmaly. Seniň bu ýerde çigit ýalyjagam günäň ýok. Bar zadyň sebäpkäri özüm. Men hiç bir babatda seniň arzuw eden perzendiň bolup bilmedim. Muňa seniň özüňem boýunalyk. Ýygy-ýygydan bolmasa-da, diliňede alyp durýaň. Gel başyndan gaýdaly. Ho-ol 1995-iň aýazyndan – meniň dogulan günümden. Sen şol gün şeýle bir begenipsiň. Bu begenç uzaga çekipdir-de, şahadatnamama dogulan günümi ýalňyş ýazdyrypsyň. 30-y. Köp kelle döwdüm. Näme üçin 23-i ýa 25-i, bar gödek alaly, 29-y dälde, hut 30-y? Bu sorag, dostum dogry bolmak ähtimallygy örän uly bolan çaklamasyny aýdýança ýüregimi mynçgap gezdi: “Ol seniň öýe getirilen günüň bolaýmasyn?” “Dostum” diýdim welin, bujagaz maglumat ony tanamagyň üçin ýeterlik bolarmyka? Ýogsam men saňa ol hakda gaty köp zat gürrüň beripdim. (Ilkinji tanyşan günümizde-hä seniň özüňem ýanymyzdadyň.) Ýöne ol gürrüňleri “Pylany Pylanyýewiç”, “Pylany baý”, “Pyssymany başlyk” ýaly dostlaryň hakda uzyn-uzyn gürrüňleri bereniňde (maňa gyzygy bolasa-da) üns berip diňleýşim ýaly diňlemändiň. Bu geňem däl. Onuň ýiti zehininden, ullakan ýüreginden başga baýlygy ýok. Olar bolsa seň üçin ýöntem zatlar. Seň islän adamlaryň ogullary bilen dostlaşyp bilmänim üçin bagyşla, kaka. Ýadyma düşýä, sen öýde köp bolmazdyň. Ýöne şojagaz wagtam güni bilen sandyrap, seniň halamaýan zatlaryň bilen meşgullanyp bilmän gezmegim üçin ýeterlikdi. Maşynyň tarpyldap ýapylan gapysynyň sesini eşiden badyma okap oturan kitabymy ýa çekip oturan suratymy çekmäniň aşagynda bukup goýardym. Ýogsam sen olary maňa gadagan edibem baraňokdyň. Ýöne bir emelini tapyp, halamaýanyňy duýdurýaň. Şol ýetik. Sende beýle emeller kän. Agaň maşgalasy bilen bile ýaşardyk. Köçämiziň iň uly öýünde, iki sany bir-birini halamaýan maşgala, il gözüne gül-ala-güllükde ýaşaýardyk. Bar zat ýasama. Bir-biregiň ýüzüne ýylgyryp, hoş söz aýtmakdan başlap, ählisi. A hoş söz bolsa, gaty seýrek zatdy. Köçä bakyp duran ullakan gapy ýapylansoň hakyky durmuş başlaýar. Garpyşyk. Küşt tagtasy ýaly. Her çöpüň öz göçüşi bar. Her tarapyň öz Şasy. Ýöne haýsy tarapyň aklar, haýsynyň garalardygyny bilýän ýok. Her kim özi üçin akm Ýöne näme üçindir pyýadaň ýüki hemişe ejem ikimiziň üstümize düşerdi. Agyr işleň bary, ýeňiliräkleriniň ýary, ýatmak, arkaýyn naharlanmak ýallylarynyň tas hijisi biziňkidi. Sebäbi şamyz bizi gorap bilenok. Dogry, küştde şany beýleki figuralar goramaly. Ýöne munuň üçin onuň şol çöpleriň arkasynda durmagy gerek. Oňa derek arkamyzda enem durýady. Elbetde öýde erkek kişi barka onuň döwi pes gelýä. Ýöne goramak üçin edýän synanşyklarynyň berýän tesselisem nalaç adam üçin az zat däl. Ýaşyna ýaş mündigiçe gurby gaçyp, biz-ä däl özini goramagada güýji ýetmän başlady. Gyzlary her gezek gelende saňa nygtap giderdiler: “Şulardan bölüniň, agamam görken heleýi bilen ýerýuwudanlaryndan başgany görmeýän bolupdyr. Ejemiň, özüňiziň galanja ömrüňizi ýakyp oturmaň. Bizem arkaýyn gelip gideli”. Bary boşuna. Soň olaram aýagyny kesip ugradylar. Zada zar bolup ulaldym diýsem lap bolar. Mähirede zar bolmadym. Ejem bilen enemiň söýgüsi ýeterlikdi. Senden bolsa men hiç zat islemän başladym. Her gün bir eden herekediňi, bir aýdan sözüňi ýüregime gömüp, kalbym mazarystanlyga öwrüldi. Bir gezegem gurbanlyk güni, öýde mal kesilip paýlaşyk üçin etiň orta alynan wagty, şonça adamyň arasynda aýdanlaň. “Kim pygamberdi şo, Musamy, ogluny gurbanlyk beren? Menem şuny şeýdäýesim gelip dur özi.” Ondan soňam beýle zatlary köp eşitdim. Öňem eşitmän ýören zadym däl-di. Ýöne näme üçindir şol güniň gabry kalbymdaky gonnamçylyga giräýe ýeriňde ullakan mazar daşy bilen beýlekilerden saýlanyp dur. Men ol sözleri, bolsam on ýaşymda wagtym haýsy etmişim üçin giden mähelläň ortasynda, mübärek gurbanlyk güni eşitmeli bolanyma henizem akyl ýetirip bilemok. Muny Hudaýhonlugyňdan aýdan bolsaňam düşünerdim. Ýatlamaga zat kän. Has dogrusy ýatdan çykaryp bilmezlige. Ýöne jikme-jikläp oturasym gelenok. Muňa wagtymam ýok, sabrymam. Islegimem, güýjümem. Ikinji kurs wagtym. Dördünji oktýabrda, irdenki nyzamdan auditoriýamyza giren badymyza telefonyma seretdim. Ahmetden sms gelipdir. “Mamam ýogalypdyr. Gelip bilýäňmi?” Ynanman kimdigi ýadyma düşenok, ulularyň birine jaň etdim. “Eneme näme boldy”, “Şeýle boldy, gaýdyber” diýdiler... Bäş sagatlyk ýolam aglap geçirdim. Gelsem öýümiziň üstünde ullakan gara bulut üçege degäýjek bolup duran eken. Howa-da möwsüme garamazdan şeýle yzgytsyz. Göýä obamyzyň Güni sönen ýaly, alagaraňkylyk. Şonda ilkinji gezek seni gujaklap agladym. Seniň aglap bilýäniňem birinji gezek şonda gördüm. Soň görmedimem öýdýän... Şol ýylky gyşky kanikula gelemde ilkinji gezek işgärleriň birini goýbermäge derek garşylamaga özüň çykdyň. Bu başyndan geňdi. Şonda öýe derek başga bir ýerik eltipdiň. Ikinji öýüňe. Has dogrusy ikinji aýalyň öýüne. Men ol hakda öňem bilýädim. Ejemem bilýä. Saňa ynanýan bolsak, bu seň aldamaga ökdeliginden däl. Biziň aldanmaga, aldanan bolmaga ökdeligimizden. Ýöne ony beýle bisyrat, gelşiksiz aýal hökmünde göz öňüme getirmändim. Ejeme ikilik etdirýän bolsa, owadandyr öýdüpdim. Diňe özümizem däl, her gezek kanikula gelemde üýşürýän işgärleriňem ählisi şol ýerdedi. Öz düşen namysly (dogrusy binamys) ýagdaýyma olaryňam şaýat bolmagy gaty agyrdy. Olar men hakda näme pikir etdilerkä-diýen pikir henizem aňymda gurçuk ýaly bygyrdap ýör. Senden mundan gowy zada garaşamokdym, mundan erbet zatlara garaşýadym. Ýöne beýle zada garaşmandym. Enemiň ölümini siňdirip bilmän ýören halyma bu ýagdaýy meň nä derejede kabul edenim bir maňa aýan. Ýöne sen ol eden-etdiligiňi gelip-gelip öz ejäň ölümi bilen aklajak bolduň. “Ejem öleni bäri öýe myhman eltip göremok, şoň üçin bärik getirdim” – diýdiň. Şol gün içimdäki seniň guran mazarlygyňa seniň özüňem jaýladym. Ýöne bilýäňmi iň erbedi näme, tabydyň boşdy. Sen henizem durmuşymda. Öýe gelip ilki eden işim ähli otaglary aýlanyp çykmak boldy. Birinden enem çykyp, garryja, horaşaja gujagyna basaýjak ýaly boldy durdy. Ahyry tapmana otagyna geçip, aglap içimi boşatdym. Şondan soň bu maňa endik boldy. Şondan soň saňa bolan gorkym ýigrenje öwrülip başlady. Bar aladam saňa meňzemezlik boldy. Erbet ýerem sen munda meni günäkärleýäň. Ýigrenmek hem günäkär bolmak bir özüme kyn düşýä. Ýöne meni az bolsa-da köşeşdirýän bir zat bar. Aýtsam ynanmarsyň. Özümem zordan ynanýan. Sebäbi, bular ýaly zat bilen özüni köşeşdirýän adam bir men bolsam gerek: Ol wagtlar hemme otaglar eýeli bolansoň men siziň ýanyňyzda ýatmaly bolýadym. Ejem ikiňiziň araňyzda. Ýöne köpri bolup däl-de diwar bolup. Biz eýýäm ýatypdyk. Gije ýarpydan aşyberende, aýagyň üstünde zordan durup, sen geldiň. Ýeriňe geçip ýataňsoň, ejem bilen gündelik mydyr-mydyr sögüşiňiz başlandy. Ahyry ejem “Näme üçin beýdip ýörsüň? Özi saňa näme gerek?” – diýip sorady. “Çaga gerek” –diýdiň. “Ine çaga” –diýip, başymy sypady. “ Çaga däl, ol meň ýegenim” – diýip, ondan soňky sözleri eýýäm horrulda öwürip goýberdiň. Meň oýadygymdan habarly bolansoň, ejem, “Ýalan aýdýa” – diýen terzde arkama bir howsalaly kakdy, bir sypady. Kim bilýä başga biri bolsa, muňa gynanardy. A men begendim. Seň dogmaň däldigime iki bolup bilmedim. Şoň üçinem kalbymdaky gonnamçylyga baramda, seň guburyň deňindenem geçip, göni şol günki mazara zyýarat edýän. Gül goýup gaýdýan. Dogry, bu meni ejemiňem ogly edenok. Ýöne meň iki ejem bolsa ikisem, biri bolsa, hut şol, öz ejem. Seniň kanuny aýalyň. Men yzarlaman, sorap-idemän, gürrüňçilikdäki ownujak detallardan çen tutup öz maşgalamy tapdym. Köneürgenje düşen aýal doganyň Baýramgül ejekemler. Näme üçin olara gezelenje gitmegi gowy görýänime-de şonda göz ýetirdim. Hudaýa şükür, kakam, hakyky kakam, halal, ak göwün, sada, dindar adam. Ejem, Baýramgül ejekem, tüýs deň edip duş edilen. Üç sany agam, dag ýaly gujurly. Aýal doganym öýüniň bikesi. Ýöne olaň hijisem meň bu zatlardan habarlydygymy bilenoklar. Olar üçin men daýylarynyň erke ogly. Görýäňmi mende nähili köp zat bar. Sende welin hiç zat. Olary seň özüň ýok etdiň. Ol üýtgeşik maşgalaň barada welin, il agzyna elek tutup bolmaýa. Gyzym diýip ýören el ýetme Arzuwyňam seniň özüňden däldigini tutuş obasy bilýän eke. Meň pikirimçe muny seniň özüňem bilýänsiň. Ýöne bidäneligiňi boýun almazlyk üçin edýänsiň bu zatlary. Men bulary seň häsiýetiňe gaty belet bolanym üçin arkaýyn aýdýan. Men bu hata başlamda, Kafkaň edişi ýaly, (Kafkany saňa tanytmak niýetim ýok. Ol seň üçin gyzykly däl) uly göwrümli, detalma-detal ýazmakçydym. Muňa güýjüm çatanok. Şu zatlary aýdyp bilmegimem meni geň galdyrýa. Ýogsam bular hälki bir buzdagynyň suwuň ýüzündäkije bölegi. Hem, meň pikirimçe eger muny saňa gowşurmaga-da güýç tapaýsam, şujagaz teksti okamagyňam seň azyndan bir güniňi aljagyny bilýän. Şonuň üçinem özümiň hem seň bähbidiň üçin tiziräk soňuna çykmakçy. Bu zatlara garamazdan, hiç haçan seniň perzendiň bolup bilmedigim üçin bagyşla, kaka. Özüm ýaly oguly ganymyma-da gargamaryn. Bagyşla welin, seniň ýaly kakanam. 19.06.2019 © Umyt KÜLE | |
|
Ähli teswirler: 25 | |
| |