11:34 Miniatýuralar | |
MINIATÝURALAR * * * Bir goşgy ýazdy. Özüne düşündirdiler. * * * …we bir gün, adatdaky bolşy ýaly, öýe geldim: ýok ekenim. * * * Ýerzeminde, kyrk alty ýaşynyň içinde, ýetip gelýän ýigrimi üçünji doglan gününe bagyşlap goşgy ýazmaga başlady we arheologlara selfi düşüp ugratdy. * * * Şeýle bir çuň pikirlendi… Iň soňunda gitdi-de, mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy. * * * Ýürekden ýaşady, kelleden atyldy, bagryndan asyldy, ruhundanam kowdular neressäni. © Rahat Şyhyýew * * * Duralgadaky ýaş gelin telefonyny öçürip, begenjine: “Buşluk, oglum bolupdyr!” diýdi-de, mylaýym ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym. * * * Olar älem giňişligine uçdular. Gelenlerinde dünýä ýerinde ýokdy. * * * Sapançany aýna çenäp, mäşäni gysdy we assadan ýere ýykyldy aýnadaky sudury. © Begençgeldi Orazow * * * Pul ýagýar. Topulmaga adam ýok. * * * Ýene-de basyrganypdyryn. Düýşümde, oýanýamyşym. * * * Sagadyma seredýän, her gezek bir zat görkezýä. Aldagçy. © Umyt Küle BIR ÖMÜR Neresse bary-ýogy alty gün ýaşady we bütin ömrüni aglap geçirdi. © Mukam Muhamow | |
|
Ähli teswirler: 15 | |
| |