Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:02
Baha
BAHA

...Bir gün mekdebime öý işim etmän,
Mugallymdan pes bahalar alypdym.
Şonda kitaplaryň gatyna çümüp,
Depderime berlen ýumşy ýazypdym.

«Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip,
Bu bahany öpüp, papkama dykdym.
«Men ökde okuwçy bolmaly» diýip,
Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym.

Bu gün...
Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy,
Jan etsem-de, biraz sulbym büküdip.
Goýdy, mollumdanam pes bir bahany -
Jugra ikilik!

Ýaşyňa göräräk karar çykarşyn,
(Boýumam çüpe däl, osal galarça).
Durmuş sapakdaky tema däl eken
Dest galdyryp bäşlik baha alarça. (22.03.2023ý)

© Baýramberdi GELDIMYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 3.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Medicall • 13:07, 28.04.2023
Hormatlylar, şu ýazgyny awtor haýyş edip goşgusy bilen bile poçta ugradypdyr, pikirleriñize, bellikleriñize garaşýar:

"Salam, Admin! Gowumy ýagdaýlaryñyz? Men Baýramberdi tanadyñyzmy aralarda kafeñizde bolupdym ýadyñyza düşýän bolsam. Men ýene goşgularymy saýtyñyza ýerleşdirmek isleýän. Meniñ özümem goýup bilerdim. Ýöne täzeden agza bolup bilmedim. Onuñ üçinem täze elektron poçtany açmaly eken. Onam men açyp bilemok (başda açdyranymda-da birine haýyş edipdim). Iñ bärkisi pikirlerini bilmek üçin Mango elektron poçta arkaly goşgularymy okladym, olam jogap berenok (mümkin işi köpräkdir). şonuñ üçin goşgularym ýene-de siziñ saýtyñyzda orun alsa, hemem ýerlikli pikirler ýazylsa juda hoşal bolardym. Hawa, täze @lirika agzanyñam pikirlerini bilmek gyzykly bolardy...
Ynha, şu goşgyny saýtyñyza goýup bermegiñizi Sizden uly hormat bilen haýyş edýärin. Köp köp sag boluñ Tañryýalkasyn"
avatar
0
2 lirika • 15:37, 28.04.2023
Umuman gysgaça aýdaýyn:
Gowy gosgy eken. Meniñ teswirime garasýanlygy meni çalaja begendirdi. Sonuñ üçin asakdaky basga gosgularynam okadym.
Köne sözlerden täzeçe pikirlenise ymtylýan ýaly duýulýarmy?
Bu gosgyñ barasynda aýtsam, gosgyñy rubagy görnüsinde alsañ ýerine düsäýjek ýalymy? (belki, ýañylýan bolmagymam ahmal)
Muña-da 3 ýyldyz goýulypdyr
avatar
0
3 Kyyas • 19:26, 28.04.2023
Dest galdyryp, (meniñ pikirimçe, bu sözi dest çarhy- maşynyñ roly) dest-tutawaç, sap,şiwe dilinde piliñ sapyna, ýa kätmen sapyna daýhan iş gurallaryna goýulýan sap, deste diýilýär.
Sulbmy ýa sulhmy?
Köneçillige ýykgyn edeniñe görä papka sözini bukja diýseñem gowy bordy.
Jugra ikilik(bir mekdepde ikilikçi dostumyñ "sen mekdepde bäşlikçidiñ, indi durmuşda kim bäşlikçi diýeni ýadyma düşdi" hakykatdanam şeýle pikirde bolunýar. Emma men puldan däl durmuşdan lezzet alýan. Soñ näme üçin durmuş ikilik goýdy diýmeli?
avatar
0
4 Мango • 19:45, 28.04.2023
Adym geçensoň jogap bereýin.
Baýrammyrat poçtama birnäçe goşgy iberip, pikirimi sorady.
Hemme iberen goşgusyna pikirimi aýtdym we soňky (bu däl) iberen goşgusyna pikirimi aýdyp, haty şeýle tamamlapdym: “ Baýrammyrat. Haýyş edip duraňsoň pikirimi ýazmasam, olam birhili. Ýöne islemeýän zadyňy etmek kyn düşýär. Gowusy sen saýta goý, goý şo ýerde okyjylar pikirini aýtsyn. Dogry düşün.”
Şundan soň hem ýene goşgy iberip (bu goşgyny) ýene pikirimi soraýaň.
Hawa, hatyň iki gezek geldi, ýöne jogap bermedim.
Işimiň köplügem dogry, ondan başga-da özüňe zor zalyp islemeýän zadyňy etmegi göwnüme jaý hasaplamok.
Göwnüňe degen bolsam bagyşla.
Başga aýtjak zadym ýok.
avatar
1
5 lirika • 19:48, 28.04.2023
Bärde:
Dest-el, gol

Sulp-bil, bil oñurga

Papka-sumka manysynda

Remezan, gündeligi bukja salmalymy? Umuman, awtor ,, Mekdepde (likbezde) näçe ökde okasañam Durmus ýasyña görä karar çykarýar" diýjek boldumyka diýýän
avatar
0
6 Kyyas • 08:32, 29.04.2023
Sumkada türkkmençesimi, dogry... Bagyşlan bilmändirin. Men birwagt Jäheklenilen, bukja, gyz-gelinleriñ keşdeli bukjasy, gurama edilen bukjasyny aýtdym, eger bukja-konwert hasap edilse, ýantorba, torba diýmelimi???
avatar
0
7 lirika • 08:40, 29.04.2023
Bäh, indi näjüre düsündirsemkäm?
Remezan, serediñ sonuñ üçin sumka diýmän papka diýipdir. Has düsnükli bolar ýaly aýtsam:mekdebe kitaplaryñy näme salyp äkidýäñ?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202