Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:34
Kellä gelen pikirim
KELLÄ GELEN PIKIRIM

Häzirki aýtjak zadymdan şahyrlaryň gaty görmezliklerini towakga edip, kelläme gelen şu pikirimi beýan etmek isleýärin:

Käbir össürimleň goşgularynyň soňky topbagynda öz adyny (onda-da kapyýa salyp) getirip, şygyr düzýärler. Ýa-da häzirki şahyrlarda-da: plany diýr, plany diýer... ýaly sözleri ulanyp, goşgularyny jemleýärler. Aslynda,  ...18-19-njy asyrlarda ýaşan şahyrlarymyz hem: plany aýdar, plany diýr... sözleri ulanyp goşgularyny jemläpdirler. Ýöne näme üçirin? Sebäbi awtor şygrynyň aşagynda öz adyny, familiýasyny getirmändirler. Elbetde, «awtor» sözi 20-nji asyryň başynda (ýaňylýan bolmagymam ahmal) başga dilden geçen, alynma söz bolup durýar. Hut şol sebäplem, nusgawy şahyrlarymyzyň ýazan şygyrlarynyň özüniňkidigini delillendirmek üçin soňky bendinde öz adyny (tahallusyny) getirip jemläpdirler. A häzirki şahyrlar näme üçin, goşgularyna adyny (onda-da kapyýa) salyp we aşagyndan ýene-de öz adyny, familiýasyny ýazyp jemleýärkäler?

Baýramberdi GELDIMYRADOW (31.03.2023ý)
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: BayramberdiGeldimyradov | Teg: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 02:37, 06.04.2023
Ýan kaka Rybowiç gör näme diýýär:

ÖZ-ÖZÜME HAT

Aýdaýyn saňa,
ähli ýazyşdyranyňdan
ahyrynda galar
- zat galsa eger –
diňe
ýeke
söz!

Belki, olam
familiýaň
bolar.
Ýöne, az däl bulam,
köpler atsyz-sorsuz
ölüp gidýärkä.

Şonuň üçin az görme muny –
ýeke täk
sözi.
Dogrusy, olam
ahyr soňunda
goşular gider
başgalar bilen,
deňze garyşan
damjajyk ýaly.
avatar
0
2 Gerceknazar • 01:02, 07.04.2023
Goşgynyň içinde öz adyňy goýmagyň bähbitli tarapy bar eken. Durmuşda kän gabat gelýän goşgylary aşagynda awtoryň adyny goýman paýlaşýarlar. Onsaň okamadyk goşgynyň awtorynyň kimdiginem hiç kimem bilenok ýa-da gyzyklandyranok. Ine näme üçin goşgynyň ahyrynda näme üçin öz adymy goýýanymyň sebäbi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202