Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:44
Men şahyr däl...
Men şahyr däl...

Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy,
Gähi ýazýan gelse ylham melegi.
Emma goşgym dürre kimin tankytdan
Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi.

Ol-men däl-ä,
Ol köňlümiň tawuşy.
Uruň meni!
Lekin goşgyma degmäň!
Bu günde kötekläp, saba ýene-de
«Berekella» diýip, ýaýaplap öwmäň.

Men Ony ýerden däl,
kitapdan başlap,
Pikir ummanyndan getiren zadym.
Her sözüň üstünde ilgezik işläp,
Gijelermi bidar ötüren zadym.
Kä yşkyň oduna tibidim dişläp,
Gyza sözlerimi ýetiren zadym
Ýa eňräp başlasa, gözlerin ýaşlap
Hüwdi aýdyp berip ýatyran zadym.

Diýipdirler: «Goşgy tankytsyz bolmaz,
Diňe poeziýa bolar belliksiz.»
Düşüniň siz: beýle çökder daramaň!
Ýepbeklemäň ahyr ýumşak elliksiz.

Aýdyň kemçiligni,
Gaty gygyrman!
Iň soňy gulagmyň şol bir eşdişi.
Ýazyp bilmesemem, okap gezerin
Men şahyr däl ýönekeý bir goşguçy...(30.01.2023ý)
Bölümler: Goşgular | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: BayramberdiGeldimyradov | Teg: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 20:57, 15.02.2023
Bee, beý diýipsiñiz-ow ony.. , goşgyñ ideýasyna näme diyjegimem bilmedim men-a, ýöne tehnikasy gowy..
avatar
0
2 Мango • 23:24, 15.02.2023
Emma goşgym dürre kimin tankytdan
Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi.

dürre - ýüpden, çig hamdan örülen sapsyz gödek gamçy.

ýokarky setiriň manysy şeýle ýaly:
Emma goşgym tankytdan geçmän dursa (tankytlansa, tankydy ýetse), dürre bilen ýenjilen ýaly yzladýar ol ýüregi.

onda, ýokarky setirde "dürräň" duran ýeri dogrumy?
(tankytdan geçmeýän goşgy däl-de dürre ýaly görünýär).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203