Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:19
Goşgy okamda...

GOŞGY OKAMDA...

Men goşgy okamda ünsliräk diňläp,
Öz düşünşüňizçe düşünjek boluň!
Aýdan sözlerimi gulakdan däl-de,
Başarsaňyz, uly ýürekden salyň!

Durmuşym hakda-da oýlanyp durmaň,
Mysalamy görgeç, diýmäň: «Şekilsiz».
Depilmedik, dyrmalmadyk ýerlerem
Hasyl bermeýär-ä, bolýar ekinsiz.

Pessaý okaýşymam biçeme görüp,
Ham paýlaşýan ýaly bolup oturmaň!
Bir azym şahyryň aýdyşy ýaly:
«Diňleýänleň ünsün sowup oturmaň».

Isle hyrsyz boluň, isle-de hursant,
Meň gözümde hergäh ýylgyrýansyňyz.
Şu münberde şygyr okaýjak bolsaň -
Azde-kemde sizde ýygrylýansyňyz.

Ýene bir närsäni terhos edýärin:
Men goşgy okamsoň eliňiz çarpmaň!
Çünki kowahada sygmajak zada
Melaýyklar ürküp,
uçmagy ahmal.

23.03.2023ý

© Baýramberdi GELDIMYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 3.6/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Pero • 15:56, 04.05.2023
Goşgyda aşa özüne göwniýetijilik bar ýaly.

Terhos,kowahat sözlerinem düşündirip beräýse awtor
avatar
0
2 Sag • 01:24, 04.08.2024
Ähhä, indi
avatar

Старая форма входа
Total users: 202