10:24 * * * | |
Ýadadym-aý meňzeşlikden!.. Öz-özümi ýigrenýänem (Mahal-mahal hut şu sebäp Kalba “pyçak direýänem”). Şo bir heňde ýaşap ýörmäň Jansyzlykdan parhy ýok. Sa:gat ýaly: “jyk, jyk, jyk, jyk...” Edýän işiň nyrhy ýok. Eýer ýok diýp syrtymyzda, Kabul etdik: adammyşyk! Biz bu dünýäň aldawyna Dogulmakak aldanmyşyk. Gör-le dünýäň tilsimjigni: “Janly” diýip at hem dakmyş! Jylaw dakmyş agzymyza, Heý, al kakmyş! 23.03.2024ý. © Laçyn BAZAROWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
0
| |