Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:41
Laçyn Bazarowanyň goşgularyndan
Köz däldiň sen, alawdyň,
Howruň ýetdi daşyňdan.
Ejemjanym kän ýola
Köke aýtdy başymdan.

Ejem maňa perwana,
Menem saňa perwana.
Aý oglan, bir sägin-ä,
Wagt boldy duýmaga.

Köpler daşymdan görüp,
Diýýär: “Samsyjak gyz-la!”
Kän zat islämok ahyr,
Söýgiň ýoluny yzla.

Samsyjak men bolaýyn,
Ýöne diňe seniňki.
Hany, göniňden gel-le:
Seniň kalbyň kimiňki?

*   *   *

ULUGYZYŇ DILINDEN

(degişme äheňinde)

Şu gün hökman ogurlyga baş goşjak,
Özlügimden çetleşjek.
Ynsap bilen jetleşjek.
Ogurlyga baş goşjak.

Kemlikden kän ýadadym,
Öňler juda sadadym.
Çykyp biraz kadadan,
Ogurlyga baş goşjak.

Ýaşam gidip barýar kem-kem,
Kemäp barýar çalynýan heň.
Etmek üçin jüpi jüpe deň
Ogurlyga baş goşjak.

Ogurlygym däl zeperlik,
Elýaglyjagam ýeterlik.
Joram toýdan teperrik,
Soraşman alyp gaçjak,
Ogurlyga baş goşjak.

*   *   *

YLHAM JORAM

“Ylham aga” diýýäler,
Meniňki-hä aga däl.
Sähel bir zat boldugy
Öýkeleýär, gelmeýär.

Ol şeýle bir kejirje
Hemem bukýar özüni.
Menem şo-ol gözläp ýörün
“Ylhamlaryň” gyzyny.

Käte jora-da bolýas,
Pişämiz kagyz-galam.
Bir görsemem zym-zyýat,
Maňa çyn, size ýalan.

Gowsy “waspyn” goýaýyn,
Ynjykdyr-la, ah, heder!
Menem-ä bir öýkelek,
Ol mendenem on beter.

*   *   *

Diýmek isledim,
                         Dymdym.
Uzaklaşdym.
                       Has söýdüm.
Kalbymy kalbyňa baglap,
Gedemligmi diri jaýlap,
Seniň bilen menligimi
                      Ýitirenmi duýdum.

Söýgi bagtdyr öýtdüm.
Göz ýetirdim, yşk oýnunda
Men, men senden juda
Mertdim.
Duýdum
          Uzakdan derdiň.
Bagt ýerine dert berdiň.
Ejizlediň, ejizletdiň...

Laçyn BAZAROWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 149 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Pegas • 16:42, 15.08.2023
Ýaş gyz sizden tankydy bellikleri hantama. Haýyş etdi, paýlaşdym.
avatar
0
2 atayeva • 20:35, 15.08.2023
Sag bol Sapa
avatar
0
3 Garagalam • 00:45, 16.08.2023
Hantama bolsa, özüňiz bir zat diýäýmeseňiz @Pegas.
avatar
0
4 Kyyas • 12:15, 16.08.2023
Ylham joram goşgusyny haladym.

Beýlekiler-de göwnüme bolmasa laýyk görmedim. (Elbetde bu meniñ ýaşyma görädir) söýgi temasynda ýazylan, göz öñüme bir oglan üçin ölüp, öçüp barýan ýeñles gyzy keşplendirdi (gaty görmeşek ýok, bu diýenim awtora ýa kimdir birine degişli däl, suratlandyrma)
Üstünlik!
avatar
0
5 Pero • 09:43, 19.08.2023
Tüweleme,tüweleme! Laçyn Bazarowanyñ gowja goṣgulary bar eken. Özüne mahsus dünỳäsi,duỳgusy bar eken. Ogurlyk gowy zat däl weli,Laçynyñ "ogurlugyny" haladym. Laçynyñ hatda "ogurlygam"özüne has eken :)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203