Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:43
“Gün geçdikçe aklygymyz artyp dur...”

Gün geçdikçe aklygymyz artyp dur,
Ýyllar berýär, biz alýarys tölegsiz.
Aklygyňam alynmaly şerti bar:
Ne berýäs-dä!
Ýyllar berýär ölügsi
reňkini sakala, saça.
Gaçyp-da bilmeýäs,
Ýeser ol, ýeser!
Ýetilmedik arzuwlardan müň heser
Keser ýuwaşjadan, käte-de tizden,
Ezraýyl perişde ýeter-de yzdan,
Soňla:r oýny, düşünersiň ma:tlygňa,
Köplere nesip däl,
A köpler welin
Demin be:r bulaşyp dünýäň aklygna.

15.11.2023ý.         22:15       Ankara

© Laçyn BAZAROWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 145 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 13:17, 18.11.2023
Ýeser ol, ýeser!
Ýetilmedik arzuwlardan müň heser
Keser ýuwaşjadan, käte-de tizden,

(heser - Söýgi täsiri, söýmeklik duýgusy, duýgy.
...müň heser - müň duýgy... müň heser keser...
seplemek kyn: "ýetilmedik arzuw", "müň heser"...
ýerbe-ýer goýup bilmedim...)

Ezraýyl perişde ýeter-de yzdan,
Soňla:r oýny, düşünersiň ma:tlygňa,

(ezraýyl yzdan däl-de ýazzy maňlaýdan geläýmese. "tizden-yzdan" kapiýasy üçin ýazylan ýaly... "ýeterde yzdan" diýilse, biz ondan gaçýan ýaly, ýa o kowalaýan ýaly.... aslynda ol diňe wagtymyz dolanda gelýär. kowalanogam, gyssanogam, gözlänogam...)

Köplere nesip däl,
A köpler welin
Demin be:r bulaşyp dünýäň aklygna.

(dünýäň aklygyna bulaşyp demiň bermek köplere nesipmi ýa nesip däl? ilki "nesip däl" diýilýär, soňam nesip diýýän ýaly... "köplere nesip däl, a köpler bolsa şeýle bolýa..." manysy barmy?)
avatar
0
2 Şygryýetiň_aşygy • 15:18, 18.11.2023
«Ne berýäs-dä!» - diýip, näme diýjek bolduka? Ýüzlenme belgisiniňem näme üçin goýlanyna düşünmedim.
avatar
0
3 Şygryýetiň_aşygy • 15:22, 18.11.2023
«Köplere nesip däl,
A köpler welin
Demin be:r bulaşyp dünýäň aklygna» - Köpler garraman ölýär, köplerem dünýäň aklygyna bulaşyp ölýär diýýärmi? Goşgy bulaşygrak eken.
avatar
0
4 Мango • 16:05, 18.11.2023
ýöne ikisinde-de "köpleriň" gürrüňi gidýär-dä. haýsysy köpkä? ikisem köp bolmaza, haýsam bolsa biri köpdir-ä?
avatar
0
5 Byzmyk • 21:28, 11.09.2024
Мango . Yetilmedik arzuwlardan müň heser-arzuwlaryňa yetmän,arzuwlaryma yeten kişileri görýäň welin içiňdaki heserleň täzeden alawlap başlaya(meň pikirimçe)
Ezrayyl perişdäň yzdan gelmegi-biz ölmek bilen geljege,taze bir zada baslamyzokda,aslymyza,ruhumyzyň doğan yerine "O dünýä" gaydyp baryas diyip düşünýän. Yağny yzymyza. Ezrayyl perişde-de yzymyzdan gelyan bolmalyda).
Dünýäň aklygyna bulaşyp ölmegem-kabirimiz asyl nurumyz bilen çagaka,yaşka,yetginjekkâ "yzyna dolanya"(ölýä). A,kabirimiz dunyaden "nurlanyp"-saçyny,sakalyny aklap dolanya.(Meň pikirimçe)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203