Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:38
* * *


Gijelem deý gümürtik sen,
Gündizlem deý ýalan bolşuň.
Hanha, gan akýan gözüňem
Öňün bukýar nikap gülşüň.

“Gülşe görä ölüş” diýip,
“Ölşe görä gömüş” diýip,
Ýalandan gömülerin öýdýäňmi?!
Bir gömüleňsoň ýere, kalba,
Ýaňadan dogularyn öýdýäňmi?!

Öýdýän!
Sebäp, dünýe-dä men!
Ýok, ýok, dünýäň han ogly men!
Hem-ä bar zat, hemem ýokluk,
Hakyt dünýäň jan ogly men!

Dünýe — soňsuz, menem şeýle,
Oň bar zady maňa mahsus.
Dokuz janly, kyrk aýakly,
Ýokdan bar bolan men — Kaktus.

Tikenimmi? O bir surat.
A men — janly, a men — wagşy.
Beý diýsemem, kyhlamaň siz,
Men — ýasyňyz sowjak “bagşy”.

© Laçyn BAZAROWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 141 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 3.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 22
avatar
0
1 Pegas • 15:57, 07.04.2024
Näme üçin nätanyş awtorlara teswir ýazylanokka ýa az ýazylýarka? Nätanyş bolandyklary üçin däldir diýip, gaty kän adama düşündirjek bolýan.
avatar
1
2 Medicall • 16:47, 07.04.2024
Ýok-la, nätanyş bolanlygy üçin däldir, mysal üçin Laçyn Bazarowa nätanyş däl ahyryn, her kim başagýrak bolaýmasa şu günler, umumanam hereket azyrak saýtda bu günler, oraza bilen ýadawrakdyrlar belki:)
avatar
1
3 aygull • 20:35, 07.04.2024
Biz dymŷas...parfýumymyz gürleýär bu wagt. Gurbanmyrat koldunyň jadysyndan bir açylyşsak sag-aman))
avatar
0
4 Medicall • 21:04, 07.04.2024
Aýgül, Gaýta bahana bilen "men däl, parfýumym gürleýär" diýip ylhama gark bolup saýramal-a siz ýaly şahyrlar dagy, ýörite gürlesinler diýip reklamasy dur-a ana saýtda töweregine müşk anbar saçyp, soñam "men dymdym, parfýumum ol gürlän" diýip göýbermeli:))
avatar
0
5 Medicall • 21:10, 07.04.2024
Duhiñiziñ ysy gowykenmi?! Bilesim tutdy birden:)
avatar
-1
6 Pegas • 21:15, 07.04.2024
Minnetdarlyk bildirýär awtor goşga beren teswirleriňiz üçin.
avatar
0
7 Medicall • 21:21, 07.04.2024
Goşguda birinji ikinji bendini başga, üçinji bendini başgañ adyndanmy?! Olarda "öýdýäñmi" diýýar, üçinjide "öýdýan!" diyip çürt kesik aýdýar.
avatar
0
8 Medicall • 21:22, 07.04.2024
Gijeleñ gümürtik bolşy düşünikli ýalam bolsa Gündizleñ ýalan bolmagy soñky bentlerdäki Dünýäñ soñsuz bolşy ýaly gahrymanyñam soñsuz bolşuna kybaplaşmandyr.

Aslynda Dünýe ýalan diýilýar, Gündizem ýalan diýibem bolar, emma yz ýany Dünýani soñsuz görkezilmegi, ony aýdyp oturanyñam (şol ýerde iki gahryman barmy?! Biri: "öýdýäñmi" diýýär. Beýlekisi: "öýdýan" diýýär) özüni soñsuz hasaplamagy birinji bentdäki setiri puja çykarýan ýaly.
avatar
0
9 Medicall • 21:25, 07.04.2024
Kyhlamak näme diýmek?!
avatar
0
10 Medicall • 21:44, 07.04.2024
Edil içine girip düşünip bilmezligim goşgyñ düşüniksizligini däl-de, meñ şygryýete düşünmeýanligimden bolup biler.

Jemlemede Ölsele aglajakdygyny aýdypdyr öz-a
avatar
0
11 Medicall • 21:48, 07.04.2024
* * * şu ady goýuşlary barada: bir manysy barmy üç ýyldyzjyk goýmagyñ? Köp awtorlar şeyle goyyar. Eserler ady bilen goýulsa gowy ýaly.
avatar
0
12 Medicall • 21:52, 07.04.2024
Şu awtoryñ özi saýta girýärdi. Indi girip bilenokmyka?!
avatar
0
13 Medicall • 21:55, 07.04.2024
@Pegas, sizem edebiýat adamsy, şoñüçirip özüñizem gysganmanjak, arkaýyn aýdybermeli eserler baradaky pikirleriñizi. siziñ aýtmaşyñyz ýaly beýlekilerem aýdasy gelýan däldir. Başgalañ aýdanyny isleseñ özüñem aýdýançyñ biri bolmaly bolýañ))
avatar
0
14 aygull • 22:06, 07.04.2024
Bu goşga ilkinji bellik- maksadyň aýdyň dälligi. Ondan galan zady aýtmak gerekmi?
avatar
0
15 aygull • 22:08, 07.04.2024
Laçyny gowy awtor hasap edýän. Belki ol, indi maňa düşnüksiz ýazsamam düşünerler diýýändir.
Düşnüksiz eserlere hiç haçanam düşünmezler. Düşnüksizlik bilen çylşyrymlylyk aýry-aýry zatlar...
avatar
0
16 sussupessimist • 23:36, 07.04.2024
Kyhlamak – pislemek, halamazlyk,ýekirmek
avatar
0
17 sussupessimist • 23:59, 07.04.2024
Pegas gowy utandyrjak bolupdyr... ýöne...
Käbir eserlere näme teswir ýazjagyňam bileňok, sebäbi feedback galdyranok. Bu eser sebäpli bolmanam biler, häki  bir awtor radioň başga tolkunynda otyr, okyjy (men) başga tolkunda...
Nätanyşlyk meselesi babatda... Men-ä Maksatmyrat Çaryýewem, Rahat Şyhyýewem, Aýbölek Abdyýewanam, Suraý Babanyýazowanam... aý, dogrymy aýdaýyn, Hulio Kortasar bilen Dino Buzzatinem tanap baramoklaý. Onda-da ýöne täsirlendirýär. Tolkun, diňe tolkun...))
avatar
0
18 sussupessimist • 00:09, 08.04.2024
Düşünmek meselesi bilen ylalaşamok. Meň pikirimçe, zehinli awtorlaryň hiç birem: "Hany, indi men düşnüksiz eserem ýazyp göreýin, okyjylara şol ýaraýan borly" diýip ýazanok.
Edebiýat - bize belli bolan aňlatmalaryň manysyna sygmaýan duýgulary beýan etmek üçin döredilýän pikirler, obrazlar kombinasiýasy. Garaz, aňlatma berilmedik düşünjelere - kesgitleme bermek synanyşygy.
Awtoryň başdan geçirýän duýgulary çylşyrymlaşyp, onam okyja ýetirip bilmedik bolmagy ähtimal.
Düşnüksiz ýazypdyr, "düşnüksiz ýazylmagy - gowydygyny aňlatmaýar" diýen çemeleşme/garaýyş düýbünden ýalňyşmyka diýýän. Duýgusyny bize düşündirip bilmändir diýsek mamla bolaýmagymyz ahmal...
Ýazan bolsa - aýtjak bolan bir zady bardyr, hämi?
avatar
0
19 aygull • 00:18, 08.04.2024
Seniň diýýän goşgularyňa-da gabat gelýän, Maksat. Ýöne bu goşgy olara degişli däl bolaýmasa. Duýgular agyp-dönüp biler goşguda. Emma ýüzüni ýere berip, düňderilip ýatsalar, enwalla düşünip bolanok. Bu, iň bolmanda, maňa şeýle.
avatar
1
20 sussupessimist • 02:04, 08.04.2024
Bu goşgyň esasy problemasy - obrazlarynyň bilelikde hiç çugdamlaşyp gitmeýänligindemikä diýýän, netijede bitewilik döränok.
Pegasam goşga gowy düşünýän bolmaly, bu goşgy barada özi nähili pikirdekä? Bize eseriň güýçli taraplaryny açyp görkezäýse, gyzykly bolardy
avatar
0
21 Medicall • 05:11, 08.04.2024
Teswir 16. Öñ eşitmedik sözüm, geñ(del) ýañlandy okamda. Sagboluñ
avatar
0
22 aygull • 11:51, 08.04.2024
Pegas, idi sýuda. Goýan goşgyňy düşündir derhal.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202