Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:25
Ahwal
AHWAL

Men birine içim dökesim gelýär,
Arman, maña düşünjek ýok älemde.
Didelerne içgin bakasym gelýär,
Ellerini tutup durup, elimde.

Büdüràýsem sypdyrmany golumy,
Ýykylmagma ýol bermejek barmy heÿ?
Yeke sözi ýagtylatjak ýolumy,
Uşesem ýylatjak tapylarmy heý?

Ýüregmiñ cuñundan diyen sözlermi,
Barmy aýdyşym deý eşidip biljek?
Owasyna ýaşlar dolsa gözlermiñ,
Öz barlygy bilen egisip biljek,
barmy?

Ýalñyş düşünmăni ýa üytgetmäni,
Özüçe çykarman sözleñ manysyn.
Meniñ şu halyma edil men bolup,
Saklamany aglap biljek agysyn,
barmyka?

Ahwalym iteklap getirdi ýene,
Ýene size alyp geldi küýsegim.
Gürleşdim, ic dökdüm, sessizlik bile,
Kyblam-käbäm sizi çensiz küýsedim...

© Şemşat NEFESOWA
Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Şemşat_Nefesowa | Teg: Şemşat Nefesowa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 sussupessimist • 17:04, 27.05.2024
Didelerne içgin bakasym gelýär,
Ellerini tutup durup, elimde...


Munda-da bar eken-aý...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202