23:10 Ýatlaýaryn | |
ÝATLAÝARYN Ýagyşlañ gözi açylyp, döküberse kalpda baryn, Men ýene-de şol günleri hem-de sizi ýatlaÿaryn. Sergezdan şemal ses edip, şuwlaberse zaryn-zaryn, Biygtyýar şol günleri hem-de sizi ÿatlaýaryn. Deñzim alnyn daşa urup, gaýlap, joşup - daşyberse, Janhowluna düşen ýaly hanasyndan ašyberse, Günler manysyn ýitirip, içgysdyryp ,ÿaşyberse Bagtly geçen şol gũnleri hem-de sizi ýatlaÿaryn. Deñ - duşuñyzy göremde ses -sedasyz çeksem arman, Ýüregim was-wasa bolup, çyksam çöle, öÿe sygman, Namart diller ýaralasa, gözýaş döksem dynman-dynman, Apalanan şol gůnleri hem-de sizi ÿatlaýaryn. Siziñ sõýen aýdymlarñyz eşitsem hoş ÿakar jana, Ýőrelgedir öwütlerñiz, her sözũñiz misli dana, Düýşlerimi bezeseñiz, görsem diÿip gana-gana, Men ýene-de şol günleri hem-de sizi ýatlaÿaryn. © Şemşat NEFESOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |