Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:17
Kitaba bolan söýgim

KITABA BOLAN SÖÝGIM

Meniñ çagalygym tekje-tekje kitaplaryñ arasynda geçdi. Dãdem ol wagtlar harby işgãrdi. Kãbām ofiserler öýüniñ kitaphanasynyñ müdiridi. Ýaşan şertsizje jaýymyzyñ penjiresinden seretseñ ejemiñ iş yeri görnüp durardy. Mekdepden gaýdyşyn kãbãmiñ iş ÿerine hõkman degip geçerdim we ol ýerde köp wagtymy geçirmegi halardym. Ýöne maşgalada iñ uly çaga bolam soñ ol kān miýesser etmezdi. Sebabi men jigilerime seretmelidim, ýöne dãdemiñ öýde wagty men bu ýerde ep-esli wagtymy geçirerdim. Ejemiñ işleýşi, onuñ okyjylaryñ soraýan kitaplaryny añsatlyk bilen tapyp berişi , tāze çykan kitaplary eýýam okap , gysgaça gürrüñ berip , okyjylary höweslendirişine gözüm giderdi. Kartotekalary rejeli harpma harp düzlãp goýuşy, okyjylar zalyndaky ümsümlik. Penjiranin õñündāki owadan güller meni özùne bendi ederdi. Ýõne meniñ iñ oñat görýān ýerim uly-uly tekjeli münlerçe kitaplary özünde jemleÿān iĉki otagdy. Müñlerçe ykballary, müñlerçe taryhy wakalary, müñlerçe kalparyñ urgusy, müñlerçe ynsanlaryñ zehini, yhlasy, zāhmeti...
Bu ýeri meni jadylardy. Kiçirãk wagtym suratlaryna seredip kitap saýlardym. Soñ-soñlar bolsa adyna, olaryñ awtorlaryna görã kitap saÿlap, şol yerde ümsümje oturyp kitapdaky dünýä cümüp giderdim. Tekjeleriñ ÿokarky gatlaryndan kitap almak üçin niýetlenen basgançak meniñ oturgyjymdy. Onuñ basgançaklarynyñ birinden aýaklarymy sallap oturgyç, üstki basgançsagynam stol edinerdim we hakykaty unudyp, kitapdaky dünýā siñip giderdim. Ol duÿgynyñ üytgeşik lezzeti bardy. Bir sapar ejem meniñ içki jaÿdadygymy unutdymy ÿa gelenimi görmedimi ÿa oýümizem golay bolan soñ okyjylara gùmra bolan wagty cykyp gidendirin öytdimi garaz meni kitaphanadada galdyrypdy. Öyde ÿoklugymy bilen soñ bir haýukdan işde içki otagda galan bolmaly, galan bolsa gorkandyr diyen pikir bilen alnasap dãdem bilen ejemiñ otaga kürsāp girişi bar. Meniñ bolsa dünýãden habarym ÿok, eseriñ soñuna yetjek bolup başagaÿ.
Öÿümizde iñ kõp zat, iñ uly baýlygymyz kitap hem gazet-žurnallardy. Garnituryñ tekjelerine Magtymguly Pyragynyñ, Türkmen dessanlarynyñ, dürli çeper edebiÿatlar bilen birlikde Dyumanyn, Ÿanyñ, Gyugonyñ, Türkmenistanyñ Ensiklopediýasynyñ tomluklary zordan sygardy. Ondan daşgary dãdemiñ öz eli bilen ÿasan tekjeleri durli awtorlaryñ ÿazan eserlerinden doludy. Dādem köp gazet žurnallara ÿazylardy šolaryñ içinden meniñ has gowy görýãnim "Dünýā edebiÿaty" (Зарубежная литература) źurnalydy. Ýeri gelende aýtsam ejem bilen kakamy sataşdyran hem kitap bolupdyr.
Ol wagtlar Turkmenbaşy (Krasnowodsk) şaheri welayat(oblast) merkezikã ejem oblast kitaphanasynda işlap, etrap şãher kitaphanalaryna barlag bilen dürli mowzukdaky sergiler, tāze kitabyñ , romanyñ tanyşdyrylyş dabaralary bilen kãn iş saparlarynda bolÿan ekeni. Şeyle iş saparlaryñ biri Gyÿanly obasyndaky kitaphana "Köyten nalasy" romanyny wagyz etmek maksady bilen gidipdir. Ol wagt Gyÿanly obasynyñ kitaphanasy Medeniyet oýüniñ bir tarapynda ýerleşýān ekeni. Dãdem sol medeniyet oyuniñ müdiri bolup işleýãn eken we cãrãniñ gecirilmegine ýakyndan ÿardam berip ozi hem şol eser hakda gyzykly gürrüñ berip çykyş edipdir. Dadem romany gürrüñ berýãrka baş gahrymany Ÿañylyñ söýen ÿigidi Arza dãl-de ene atasy tarapyndan Lupulla baya berilen pursatyna ÿetende ÿuwdunyp bokurdagy dolup, saginip, suw içip,birhili aljyrapdyr. Soñ özüni dürsãp gürrüñini dowam edipdir. Bu ýagdaý ejemi haýran galdyrypdyr. Ejemiñ ýanynda oturan Gyÿanlynyñ kitaphanaçysy Ýakup aga bolsa pyşyrdap wah, öz söýgüsi ýadyna düşdi öýdýãn, Bekberdiniñ halaşan gyzy ol gullukdaka başga ÿigide gaçyp gitdi diýip pyşyrdapdyr. Ol sözleri eşiden ejem dãdemi göz astyndan oñat synlapdyr. Oña nebsi agyrypdyr. Ynha ejem bilen dãdemiñ ilkinji tanyşlygy şeylerãk bolupdyr. Ejemiñ owadanlygy, dogumlylygy hem dãdemi biparh goýamdyk bolmaly. Sebãbi dãdem soñ ejemiñ işleýãn kitaphanasynyñ iñ köp gatnaýan okyjysyna öwrũlipdir. Bir günem dãdem ürç edip okaýan Dünýã edebiÿaty źurnalynyñ daşyndaky Hindi gyzynyñ suratyny görkezip ejeme" Şu gyz birhili size meñzeýãrmi nãmemi ?"diýipdir. Dãdemiñ ejeme ilkinji sowgady Gurbannazar Ezizowyñ Serpaý atly goşgular ýygyndysy bolupdyr. Kitabyñ birinji sahypasyna bolsa ol õz eli bilen ejemiñ suratyny çekipdir. Ynha şeýdip ejem bilen dãdemi kitaplar ysnyşdyrypdyr. Çagakam ejemiñ iş ýerinden ýyrtylan kitaplary getirip dãdem bilen bilelikde rejelap, ýelimlãp, yok sahypalaryny şol kitabyñ beýleki nusgasyndan el bilen ýazyp göçürip, yerine tikip goýuşlaryna kãn gabat geldim. Dādem bilen ejemiñ biri-birine şygyr bentleri bilen ýüzlenmesi (rifma kapyýa) bardy. Köplenç başyny dãdem başlardy , onuñ setirleri has owadan bolardy, ejem ondan galmajak bolup, tiz jogap berjek bolup dyrjaşardy .
Ýőne ejemiñ setirleri dādemiñki ÿaly owadan bolanokdy. Sebãbi dãdem tamadady. Toý baýramlary sowardy. Onuñ dil baýlygy ejeminkã göra has gorludy. Olaryñ bolşuna gülsem dādem maña-da goşgy bilen ÿañsylap ýüzlenerdi , menem ondan galmajak bolup kapyýa bilen jogap bermãge çalyşardym. Ejem şãherli bolandanmy ýa ruslaryñ arasynda ýaşap, işlăn soñmy rus sözlerini köp ullanardy. Dãdemiñ rusçasy pesirãkdi. Ejem koplenç onuñ ýalñyşyny, basymyny düzederdi. Belki kitaba, çeper edebiýata bolan söýgim ganymdan geçen bolmagam ähtimal. Hemme ene-atalar öz çagalarynyñ gözünde hemme zady bilýãn akylly ynsanlardyr, ýöne meniñ ene-atam meniñ gözüm bilen seretseñ gezip ŷören ensiklopediyadylar. Olaryñ dünýagaraýşy giñ, ruhlary belent, her pursatlarda hem ugurtapyjy, göwnacyk, degişgen, kynçylykly ýagdaýlarda hem ýeñip geçmegi başarýan biri-birine goltgy-direg bolan ynsanlardy. Meniñ pikirimçe bulam köp okanlygyñ netiejesi bolmaly.
5-nji 6 -njy synp okuwçysykam edebiýat
mugallymymyz źurnalist merhum Nazmuhammet Hojaberdiyewdi. Ol edebiÿata durky bilen berlen ynsandy. Onuñ sapaklary meniñ garaşyp ýetip bilmeýan sapagymdy. Meniñ şygryýet dünýãsine aralaşmagyma onuñ uly goşandy bar. Öñler edebiýatyñ kyssa źanryna höwesim bolsa Nazmuhammet mugallymyñ sapaklaryndan soñ mende poeziýa uly höwes, söÿgi döredi. Ilkinji halypamyñ, mugallymymyñ Magtymguly pyragy hakdaky sapagy meniñ hiç wagt ýadymdan cykanok. Esasanam Bilmezmiñ goşgusynyñ döreýşi hakdaky gürrüñleri şol goşgyny sanawaç sanaýan dek obraza girip ýatdan aýdyşy meni bendi edipdi. Nazmuhammet Hojaberdiýew bize dürli mowzuklarda şygyr ýazyp görmekligi maslahat bererdi. Öý işi hõkmùnde tabşyrardy. Meniñ ýazyp gelen setirlerimiñ öwgüsini ýetirerdi, düzetmeli ýerlerini maslahat bererdi. Şol günlerde ýazan kitap hakdaky goşgymyñ iki bendi ýadyma düşýär
Çagalykdan dostum-joram,
Höwrüm, hossarym kitabym.
Dürli pursatlarda goran,
Dünýāgaraýşym kitabym.

Ýalñyzlygym bildirmediñ,
Ýalñyş ýola sowdurmadyñ,
Seni goldan indirmedim,
Arzuw wysalym kitabym.

Edebiýat sapagynda partadaşym Esenow Şefihdy. Ol klasdaşym degişgen, hemişe gülüp ýören, göwnaçyk oglandy. Onuñ bilen çeper kitaplary ýaryşyp okardyk. Mekdep programmasyndan daşgary, şãherimiziñ Ata Gowşudow adyndaky kitaphanasyna ýazylşyp, dürli çeper kitaplary alyp okardyk. Eserlerden tãsirlenip, biri-birimize gürrüñ bererdik. Belli bir eser hakda köplenç ikimiziñ pikirimiz deñ gelerdi, ýöne kãmahal çapraz gelip biri-birimiz bilen dawalaşardyk ikimizem biri-birimizden beter özdiýenlidik. Öýkeleşip, yerimizi ùýtgedip, oturýan wagtymyzam bolardy. Ŷene ertesi bir eser hakda gürrüñimiz gyzyp nãdip ýaraşanymyzy bilmezdik. Ol klasdaşym bilen hãli-hãzirem sataşan wagtymyz şol wakalary ýatlamak öran gyzykly.
Kitaby ýyrtsalar, gazetleri okamaga dãl-de başga hajatlara ullansalar meniñ ýüregim gyýylýar. Ondaky eserlere awtoryñ siñdiren yhlasy, söygüsi, azaby has beteri bolsa gyzyldan gymmatly wagty ýadyma düşüp gynanýaryn. Ejem bilen dãdemiñ ýyrtyk kitaplara timar berişleri göz öñümde janlanýar. Ejem-dãdem ayatda dirikã kitap çykarmak arzuwym bardy. Nãme üçindir olary ýitirmegim bilen bu arzuwym hem yitdi. Belki indi mãhribanlarymyñ çykaran kitabymy okap bilmejekligi boýnumy buran bolmaly. Bu ýagday gynançly goşgularyñ döremegine getirdi. Ýakynda oguljygym el telefonumy oýnap bellik depdercesinden goşgularymy bozupdyr. Bu ýagdaýa gaty gynandym. Her hili edip yzyna getirjek bolup gördüm başarmadym. Gaty gynandym. Iş yerimdãki kompyuterimde ÿazan goşgularym hem ýitãýmesin diýip olary kagyza çykardym. Seredip otursam ÿazan şygyrlarym kitap çykararlyk boluberen eken. Bu ýagdaý meni ÿene kitap çykarmak hakdaky arzuwymy tãzeden pikirlemmãge itergi berdi. Mahriban Gahryman Arkadagymyzyñ , Arkadag Serdarly watanymyzda ãhli şertleriñ, mümkinçilikleriñ döredilen zamanasynda belki bu arzuwymy amala aşyrmak miýesser eder.
Gahryman Arkadagymyzyñ kitaba, kitap okamaklyga söÿgi hakdaky çuñ manyly sözleri şu makalamyñ döremegine getirdi.

© Şemşat NEFESOWA
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Şemşat Nefesowa | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 00:02, 26.05.2024
Ýatlamalar, hakydalar könelmeýar, esasam çagalykdan, ene-atañly ýatlamalar.

Şemşat gowy edipsiñ bulary ýazyp.

Nazmuhammet mugallymyñ makalalary, eserleri bolmaly. Begenjiñ (Hojaberdiýewiñ) agalarydy ol. Öñräk Begenjiñ özi agzapdy şol ýazgylaryny maña gowşurasy gelyanini. Soñ olam undandyr, menem şu wagt ýadyma düşdi. Sagbol mugallymy ýatlanyña-da.

Ylhamyñ joşup, ýazyp dur
avatar
0
2 Şemşat_Nefesowa • 15:22, 26.05.2024
Sag boluñ
avatar

Старая форма входа
Total users: 202