Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:27
Eje!

EJE!

Oglum Hanöwez  ýylyñ başynda dogulansoñmy bakja bagyndaky deñ-duşlaryndan dilliräk, ekabyrrakdy, toparda garagolragam şoldy. Bakja-baga baran gününden enekesi Ejegül dayza Mama diyip at goýdy. Beýleki topardaşlaram onuñ yzyna eýerdiler-de enekelerine mama , mamamjan diyip ýüzlenip başladylar. Bakja bagynda her bir gün özüniñ täzelikleri bilen dowam edýärdi. Oglum käbir çagalar ýaly aglamany ýa baga gitjek däl, bakjada galjak däl diymanem bilmedi, höwesine gatnaýardy. Cagajyklaryñ ahlisiniñ adyny bilip, içinden kăbir oglan-gyzlary has köp agzaýardy, Kakajan, Emir, Emine onuñ kän agzaýan atlarydy. Öwse-de şolary, döwse-de şol atlar agzalýardy. Işden soñ yzyndan almaga barsañ öýe gelýänçäñ bir topar zat gürrüñ bererdi. Orta ýaşda gözüm düşen balajygymyñ jedir-jedir edip gürleýşine guwanyp menem zol-zol sorag bererdim.

Soñky günler Owezjan ejem aýtdy, ejem diýdi diýmegi çykardy. Bir zatlar gürrüñ berip, ony nirden eşitdiñ diýsem ejem aýtdy diýerdi. Bu gürrüñler meni oÿlandyrman durmady. Oglumdan ýañky soraglary gaýtalap-gaÿtalap soradym ol ÿene-de
- Ejem şeý diydi. Diyip ýylgyrdy.
- Seniñ ejeñ men dälmi?
- Ssen
- Men-ä saña beýle zat aýdanym ýadyma düşenok, sen gowja düşündirsene saña ol zatlary kim öwretdi?
- Ÿok, sen däl, beýleki ejem. Şol ýerde öÿe ÿetdik, Hanöwez özüne alynan pökgini gördi-de dünýäni unutdy. Ol wagt ondan gyssap sorasañ-da jogap bermejegi ikućsyzdy.
Hälki gürrüñler meni iñkise goÿdy, başga bir eje gelip , oglumy elimden alyp barýan ýalydy. Öz-özüm was-was bolup iş edemde-de içimi gepletdim ýördüm. Onuñ sebäbi bolsa köpiñize aýandyr. Bu ýagdaý düýşüme dagam giripdir.
Ertesi irden balajygymy bakjasyna eltip, eşiklerini çykaryp durkam, düýnki soraga jogap tapyldy duruberdi. Bizden irràk gelip topara giren çagalar:

- Salam eje, eje bu günem bize erteki okap berjekmi? diýip bökjeklediler.

Men bilen sag bollaşyp topara girip giden oglumam

- Mama salam men geldim, Eje salam diýip, terbiyeçisi Güljahana tarap ylgady. Bu ÿagdaýy görüp bir hili duýgy gaplap aldy, muña begenmänem, biraz gabanmanam durmadym. Ýöne şol günden soñ işe , gaty arkaýyn gitdim. Sebäbi oglumyñ ÿanynda Mamasy hem-de Ejesi bardy.

© Şemşat NEFESOWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 139 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Şemşat Nefesowa | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Merdan • 00:09, 20.05.2024
Bir iki sahypasymy ýa abzasy undulyp galan bolaýmasyn?!
avatar
0
2 Medicall • 00:21, 20.05.2024
Bir bölegi galypdyr, goýdum, okap bilersiñiz!
avatar
1
3 Seýrаn • 11:36, 21.05.2024
Awtor biraz elini öwrenişdirmeli eken. Soňam okamaga öwrenişmeli, gaýta-gaýta, dowamly. Soň täzeden ýazyp görmeli. Birki ýyldan şu hekaýany täzeden okap görmeli. Şeýde-şeýde ýazylyp gider.
avatar
1
4 Мango • 12:08, 21.05.2024
bu bir synanyşyga meňziýe...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202