Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:01
AR
AR

Onuň hereketleri adatdakysyndan has çalasyndy. Oňa nähilidir bir güýçler ornaşan ýaly, edýän hereketleriniň çaltdygyny bilse-de, mundanam beter güýçlülik görkezesi gelýärdi. Özüniň başarjaňdygyny öz öňünde subut edesi gelýärdi, sebäbi daş-töwerekde diňe bir ýany kert daglara degip gidýän asman bilen biri-birine boýuny deňleýän daglar bardy. Ol maşyndaky adam göwresini çykaryp, ýere taşlanda özüniň amatly ýeri tapyp-tapmandygy barada pikirlendi. Daş-töwerek şeýle imisalalyk bolup, ol birsalym näme etjegini bilmän ikirjiňlendi. Bu ýerleri edil jennetiň bir bölegi ýaly, ýagty hem-de arassady. Asmanyň goýnunda ýukajyk perde ýaly ak bulutlar ýazylyp ýatyrdy. Asmanyň bir gyrsasy daglara degip, ol aşaklygyna gitdigiçe kiçelýän geometrik trapesiýa çalym edýärdi. Daglar bir maşgalanyň ogullary ýaly hatar-hatar ýerleşip, tegelenşip duransoň, ýerde ujypsyz töwerek emele gelipdi. Şol töwerek maşgalany daşyna jemlän ojak ýaly çuňdy. Ol duran ýerinden daglaryň açyk galan bir ujuny görjek bolup, bäş-alty ädim öňe süýşdi. Ýok, ol ýalňyşmandyr. Onuň duran beýikliginden daglaryň bir ujy açyk ýaly görünse-de, ol ýerde dag bardy. Dagyň ýaýraw gerişleri gutaran ýerinden ýene bir dagyň “ökjesini basýardy”, özüni ýene bir dagyň üstüne atýardy. Bu jelegaýlarda şular ýaly öz arasynda ylalaşan dag gerişlerinden başga hiç zat ýokdy. Daglaryň ululy-kiçili hataryna seredip durşuna, ol şundan amatly ýeriň tapylmajakdygyna ymykly göz ýetirdi. Ätiýaçlyk üçin duran ýerinden üç-dört sapar böküp gördi. Şeýdip, ol hem-ä özünde bar bolan jinnek ýaly gowuşgynsyzlygam gaçyrjak bolýardy, hem-de, aýagynyň ýer tutup-tutmaýandygyny barlap görjek bolýardy. Ol gelşi ýaly çalasynlyk bilen yzyna öwrüläge-de, sessiz-üýnsüz ýatan adam göwresini süýräp diýen ýaly dagyň kert gyrsasyna getirdi. Aslynda göwräni tutuşlygyna süýrejekdi, ýöne beýtmek garaşyşyndan has agyr hem kyn bolup çykdy. Şol sebäpden ol hereketsiz göwräniň diňe ýeňiljek ak köýnegi bilen jalbarynyň bardygyna seretmezden, ähli eşiklerini sypyryp aýyrmak isledi. Ýöne göwräniň ak köýneginiň iliklerini ýazdyryp durka, bu pikirinden el çekdi. Ol howlugýardy. Näçe üns bermejek bolsa-da pikirleri bulaşýardy. Şu başagaýlykda birden üstüni gürp-basdy edäýmesinler diýen gorky ony çalasyn bolmaga mejbur edýärdi. Ol iki elini göwräniň goltugyndan geçirdi-de, dagyň göni kert gyrasyna tarap süýräp getirdi. Şonda onuň ýyly demi hiç hili alamatsyz ýatan göwräniň sowuk ýüzüne çabrady. Dem salym pursatda göwräniň tozan bilen garyşan saçynyň ysy, gan bilen garyşan sabynyň ysy burnuna gelip urdy. Onuň ýüregi erbet sanjyp gitdi-de, özem aňşyrmazdan, göwräniň ýüzüne başyny sürtedi. Soňundan näme edenine düşünen ýaly hereketsiz duransoň, göwräni dözümlilik bilen ýere taşlap goýberdi. Onuň aňynda iki sany biri-birine gapma-garşy duýgular söweş edýärdi. Munuň şeýle boljakdygyny öňünden çaklap, ol ähli zady öňden ölçerip goýşy ýaly sowuk hasap bilen etmäge çalyşýardy. Ol kiçijek ýalňyşlygyň hem bütin ömrüne deň bolup biljekdigine aňryýany bilen düşünýärdi. Şol sebäpden duýgularyny edil akar suwuň öňüne bent tutan ýaly gözegçilikde saklaýardy. Häzir hiç bir pikire ýa-da duýga berilmeli däldi. Bu örän howpludy. Ol maşynyna dolanyp, iki barmak ýogynlykdaky ýüp çykardy. Hereketsiz ýatan göwräniň bir aýagyny ýüpe sarap durşuna, ol aýgytlylyk bilen ýüpüň ujuny çekýärdi. Öňler şular ýaly dözümlilik bilen ol birnäçe maly güýlüp taşlapdy. Şondaky başarjaňlygy adam göwresini ýüpe saraýarka-da gerek boldy. Asyl, ýüpe saraýan üçin haýwan ýa adam bolsun parhy ýok, gep ýüpe saralýanda bar ekeni. Nähilidir bir sowuk gan onuň bedeninden yzygider aýlanýan ýaly, ol ýüpüň berk ýa däldigini hasaplaýardy. Onuň hasaby boýunça bu ýüp ýetmiş kilogram agramlykdaky bedeni ep-esli wagt götermäge ýetmelidi. Göwre erkek adamyň göwresi bolsa-da, galaba heniz kyrk ýaşa-da ýetmedikleriňki ýaly ýeňildi. Ol göwräniň topugyndan basyp, ýüpi çekip durşuna, islese-islemese, oňa göz aýlamaly boldy. Şonda onuň gözlerinden gazap uçgunjygy syçrap, göwnüniň bir ýerinde bukulgy ýatan başga birine bolan gözügidijilik duýgusyna ot düşürmäge synanyşdy. Ýöne bolmady. Onuň kalbyndaky gazap göriplikden has güýçlüdi, has çuňdy. Ýerde süýnüp ýatan göwre durmuşdakydan has gelşikli görünýärdi. Hemişe diýen ýaly işde bolansoň, Gün görmän, agaran aýaklarynyň biri ýüpde bolup, beýlekisi emaý bilen ýatyrylan adamyň aýagy ýaly gönüdi. Şu bolşuna ol durmuşdakydan has uzyndy. Eger ony ýerinden turuzyp, eline gül tutdursaň, onda ýakasyny ýazdyryp, duşuşyga barýan hyjuwly ýigitlerden tapawudy duýuljak däldi. Ol şo pursat aşak egildi-de, göwräniň açyk galan ýakasyny yzarlady. Derrew dikelensoň, aýaklarynyň arasynda ýatan göwräniň üstünden ätläp, maşynyna tarap gitdi. Ol indi gowy özüni ele alypdy, demini dürsäpdi. Onuň aljyrap ýöreninden sowukganly hereket edeni çalt amala aşýardy. Tirsek boýdaky we galyňlykdaky demir gazyk dagyň kert gyrasy bilen bir ädimlikde dikildi. Gazyk dagyň depesini ýaryp, ýere girýän bolsa-da, onuň kelle damarlary lorsuldap, gözi garaňkyraýardy. Şeýle berklik bilen dostlugy dikip bolsady. Daş-töwerek oňa päsgel bermek islemeýän ýaly, örän sessizdi. Hut şo sessizlik ony ýadap, dynç almak üçin duran wagty howsala düşürdi. Onuň gorkusynyň ýöne ýere däldigini duýdurýan ýaly, ýerde ýatan göwre ysgynsyz iňledi. Bu şeýlebir gysga aralykda bolup geçdi welin, ol ýene göwräniň üstüne abanyp, ondan ses çykaryna garaşdy. Göwreden gaýdyp ses çykmansoň, ony kert gyradan itip goýbermek üçin aşak oturdy. Sebäbi ol ýekeje möhüm pursatam elden bermejek bolýardy. Eger dik duran belentligiňden göwräni depip goýberseň, birden ol agrama tap getiribilmän, demir gazygam özi bilen alyp gider öýdýärdi. Onuň kölegesi başa gelen bela ýaly sessiz ýatan göwräniň üstüne abanýardy. Pursatsalymdan ol göwräni güýjünde baryny edip, belentlikden itip goýberdi. Şondan soň kapasa salnan guş ýaly atygsaýan ýüreginiň gürsüldisine tap getiribilmän, iki egninden dem aldy. Demir gazyk iki ýana yraň atan bolsa-da, Artur şanyň gylyjy ýaly, üýtgewsiz durdy. Öz pidasyna seretmezden ozal, ony garaşylmadyk ysytma tutdy. Ol şu ömrüne başga hiç bir zada şeýle uly gorky bilen seredip görmändi. Ýaňyja-da sessiz-üýnsüz ýatyşyna, hiç bir tarapdan janyna howp salmaýan dosty birden onuň üçin howply adama öwrüldi duruberdi. Ýeri gelende aýtmaly bolsa, dosty durmuşda-da şeýledi. Ol bolşy ýaly görünmeýärdi we hemişe adamlara görä üýtgeýärdi. Ol köp gezekler dostundan öz hakyky bolşy ýaly görünmegi we bolşy ýaly ýaşamagy haýyş etdi. “Şeýtmeseň, men seni tanaman, bir zat ederin öýdýän” – diýeninde, ol bir gezek:”Meniň pişigiňki ýaly dokuz sany ömrüm bar” – diýip jogap beripdi.

Dowamy bar

Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 09:28, 18.04.2023
okadymaý, soňuna çenli.
gyzyklandyrdy.

***
Onuň hereketleri adatdakysyndan has çalasyndy. Oňa nähilidir bir güýçler ornaşan ýaly, edýän hereketleriniň çaltdygyny bilse-de, mundanam beter güýçlülik görkezesi gelýärdi.

***
"daglara degip gidýän asman" gaýtalanmasy

...daş-töwerekde diňe bir ýany kert daglara degip gidýän asman bilen biri-birine boýuny deňleýän daglar bardy.

Asmanyň bir gyrasy daglara degip, ol aşaklygyna gitdigiçe kiçelýän geometrik trapesiýa çalym edýärdi.

***
"biri-birine boýuny deňleýän daglar" - daglaryň wertikal waspy.
"hatar-hatar daglar" - daglaryň gorizontal waspy.

...daş-töwerekde diňe bir ýany kert daglara degip gidýän asman bilen biri-birine boýuny deňleýän daglar bardy.

Daglar bir maşgalanyň ogullary ýaly hatar-hatar ýerleşip...

***

ölüşikli bolanyndanmy-ka, gyzyklyja bolupdyr.
dowamyna garaşýan, Bägül hanym.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202