Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:35
Edebiýatyň özleşdirilişi
EDEBIÝATYŇ ÖZLEŞDIRILIŞI

I. “Dünýä edebiýaty”žurnalyndaky terjime eserleriň özleşdiriliş aýratynlyklary.
“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň işläp başlamagy bilen okyjylara öň tanyş bolmadyk eserleri bilen tanyşmaga we ony özleşdirmäge mümkinçilik döredildi. “Özleşdirmek”-diýen düşünjä türkmen diliniň sözlüginde:”Bir zada pugta düşünmek, bir zady öwrenmek, doly derejede bilmek...2) bir işiň tärini ele almak,3)işläp bejermek, işläp taýýarlamak” ýaly görnüşde düşündiriş beripdirler. Biziň “özleşdirmek” hökmünde göz öňünde tutýanymyz şu düşündirişleriň ikinjisine gabat gelýär. Sebäbi dünýä edebiýaty bilen tanyşlyk türkmen okyjysy üçin täze bir hadysa boldy. Daşary ýurt dillerini bilmeýän, biläýende-de, şeýle edebiýata gabat gelmedik okyjylar beýleki döwletleriň medeniýetine we sungatyna şu žurnalyň üsti bilen aralaşmaga başladylar. Mundan başga-da, “dünýä edebiýatynyň täzeçe özleşdirilişi” diýleninde, edebiýatyň syýasy sferasy hem göz öňünde tutulýar. Meşhur ýazyjy, häzirki zamanyň iň beýik söz ussatlarynyň biri Gabriel Garsia Markesiň:”Hakyky edebiýatçy syýasatdan daşda bolmadyk edebiýatçydyr” diýen sözlerini Aristoteliň diňe edebiýatçylar babatda däl-de, adamlar babatda hem “человек есть существо политичное” diýen sözleri näme sebäpli daşary ýurt edebiýatlarynyň özleşdirilişinde syýasy temanyň uly ähmiýete eýedigini subut edýär. Žurnalda hem syýasy mazmunly eserlerden ýazyjy A. Taganyň terjime etmeginde Jek Londonyň “Martin Iden”romany, A. Kiçigulowyň terjime etmeginde G.G. Markesiň “Polkownige hat ýazýan ýok”powesti, G. Gurbanowyň terjime etmeginde M.Hejazyň”Watan duýgusy” hekaýasyny alyp bolar. Bu eserlerde halkyň syýasy ýagdaýy ýazyjynyň oýlap tapan obrazlarynda şöhlelenipdir. Türkmen okyjysynyň ispan, arap, amerikan jemgyýetiniň syýasy durmuşyny özleşdirmekde bu obrazlaryň uly ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, žurnalyň esasy göwrümi kyssa žanryndan ybarat. Kyssanyň teoretikleri prozanyň hakyky akyl hadysasydygyny we aýsberg ýaly diňe göze görünýän tarapynyň duýgudan, çuňlukdaky tarapynyň bolsa akyldan ybaratdygy bilen ylalaşýarlar.
Pikir hem duýgy ýaly köplenç biri-birine gapma-garşy ýagdaýlaryň sazlaşygyny tapmak diňe dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna giren eserleriň paýyna düşüpdir. Asyrlarboýy işlenip gelinýändigine seretmezden, henizem pikirleriň morfologiýasyny tapmak hiç bir filosofa başardanok. “Hemme şahyrlar tebigaty boýunça epigon” diýýänleriň epigonçylygyň özünde-de täzeligiň bardygy hakynda pikirlenmändigi geň galdyrýar. Eger-de pikirleriň morfologiýasy ýok bolsa,diýmek, pikirleriň gurluşy diýen zat ýok bolmaly. Gurluş ýok ýerinde teoriýa ýok ýa-da tersine, teoriýa ýok ýerinde gurluş ýok. Dünýädäki ýedi milliarddan gowrak adamyň şonça-da dürli-dürli pikirdir duýgulary bolup biler. Eger şu nukdaýnazardan seretseň, onda ýazyjy-şahyrlaryň millionlarça adamlardaky pikirleriň eýesidigi olaryň missiýalaryny hasam agyrlaşdyrýar, olaryň döredijiligine Akyl we Ýürek bilen çemeleşilme zerurlygyny döredýär. Birtopar okyjynyň öňünde haýsydyr bir pikir bilen haýsydyr bir duýgyny beýan etmek dilde aňsat. Bir ýazyjydan sorapdyrlar:
“-Siz bütin ömrüňize nämedir bir zady agtaryp ýören adama meňzeýärsiňiz. Haçan görseň kitaba dümtünip otyrsyňyz, olardan näme tapmak umydyňyz bar?” Ýazyjy soraga diňe “Obraz” diýip jogap beripdir. Ine, näme üçin biz dünýä edebiýatynyň özleşdirilişinde obraz meselesine aýratyn ähmiýet berýäris. Obraz näme? Ol nähili döreýär?
Obraz-bu ýazyjynyň döreden we onda ähli pikirlerini hem duýgularyny jemlän adam şekilindäki sandygydyr. Obraz döretmezden öňürti onuň ylham çeşmesi, ýagny prototipi bolmaly. Hiç bir obraz ýok ýerden döremeýär. Hatda, ýok ýerden dörän ýaly bolup görünýän edebiýatyň soňky döwürlerde has işjeňleşen žanry bolmagynda kinonyň uly roly bolan fantastika, triller, mistika ýaly görnüşleriniň hem ýok ýerden döremändigini edebiýat teoretikleri nygtaýarlar. Şonuň üçinem M.I.Andronikowanyň obrazyň prototipli bolýandygy baradaky pikirleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Ol obrazyň esasynda haýsydyr bir real şahsyň anyk ýa-da döredijilikli işlenen portretiniň ýatýandygyny nygtaýar:”Известно, что портрет рождается не вместе с искусством, а только тогда, когда человек осознает себя явлением исключительным и непохожим ни на одно другое существо, ни на одного другого человека. Портрет-это одна из самых высоких форм искусства долго зреющая в недрах его прежде чем сложиться, обособиться и завоевать в нем свои самостоятельные и уникальные права”
Andronikowanyň pikiriçe, prototip-birinji obraz, original. Bizi gyzyklandyrýan ýeri bolsa, adamzat aňyna täsir eden eserlerdäki obrazyň türkmen okyjysy üçin açylyşy, özleşdirilişi. Şol obrazy türkmen okyjysynyň aňyndaky “milli obrazdan” tapawutlandyrmak we meňzeş hem aýry taraplarynyň formirlenişini yzarlamak. Meselem hökmünde Isaý Kalaşnikowyň “Ýowuz asyr” diýen romanyny alyp göreliň. Bu roman taryhy temada ýazylmak bilen häzirki zaman türkmen edebiýatynyň taryhy tema ýykgyn edýän tendensiýasyna laýyk gelýär. Türkmen edebiýatynda hem O. Ödäniň taryhy temadan ýazylan “Altynjan hatyn”, J. Mülkiýewiň “Seljuklar” romany giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Isaý Kalaşnikowyň hem “Ýowuz asyr” romany türkmen edebiýatyna ýat tema däl. Çingiz han hem-de onuň maşgalasy hakynda türkmen ýazyjylarynyň hem ýazgylary bar. Bu romanda beýan edilýän durmuş 13-nji asyr türkmen ýaşaýşy bilen hem baglanyşykly. Çingiz hanyň obrazyny döretmekde birtaraplylyk görkezen ýazyjylardan tapawutlylykda I.Kalaşnikowyň bu romany özüniň köptaraplylygy bilen tapawutlanýar. Eseri öňem mongollara degişli birnäçe çeper eserleri türkmen dilineterjime eden K. Gurbanmyradowyň terjime etmegi onuň şowly çykmagyna getiripdir diýsek ýalňyşmarys. “Ýowuz asyr” bu belli bir derejede türkmenler bilen hem baglanyşykly eser bolansoň, eserdäki baş gahryman Temuçiniň prototipi hut Çingiz hanyň özi bolup durýandygy üçin okyjyda bu obraz hakyndaky pikirler has reallygy hem konkretligi, hakykata ýakynlygy talap edýär. Meselem, R.N.Güntekiniň “Saýrak guş” atly romanyndaky Feride hanymyň prototipi ýazyjynyň ajaýyp zenan häsiýetlerini gören birnäçe aýallarynyň jeminden döräp biler ýa-da obrazyň esasynda konkret bir adam hem ýatyp biler. Muny ýazyjynyň özem uzagyndan boýun alýar. Ýöne haýsy şahsyýetiň eseriň esasynda ýatýandygyna bolan gyzyklanma, aýratynam onuň real bolmagyna bolan gyzyklanma taryhy eserleriň okyjysynda hasam ösen bolýar. Okyjy eserdäki obrazyň aýratynlygyndan hem millilik gözleýär. Ondan özünde bar bolan zatlary tapmaga, özünde ýok zatlaryň sebäbine düşünme pikiri ony gününe goýmaýar. Okyjy L.N.Tolstoýy, A.P.Çehowy okaýan wagtynda 60-70-nji ýyllaryň türkmen prozasy, türkmen prozaik mekdebi örboýuna galýar.
“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň proza bilen baglanyşykly bölümleri şulardan ybarat:”Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan”, “Hekaýalar”, “Milli edebiýatlar”. Bu bölümlerde adyndan belli bolşy ýaly, populýar çeper eserler we dünýäde bar bolan milli edebiýatlar bilen tanyşlyk dowam edýär.
“Proza- şygyr bilen ýazylan edebiýaty aňladýan poeziýanyň tersine, çäge salynmadyk, ýönekeý, gepleşik dilinde ýazylýan edebiýaty aňladýan termindir. Roman, powest, hekaýa, oçerk, esasan, proza bilen ýazylýar. Prozada söz gurluşygynyň belli bir çäginiň bolmaýandygy üçin, adamyň liriki durmuşyny, ýaşaýşyň dramatiki taraplaryny hem tüýs obýektiw gündelik ýaşaýşy görkezmekde onuň mümkinçiligi çäksizdir. Proza eserlerini ýazýan awtora prozaik ýa-da ýazyjy diýilýär”
Okyjylaryň iň söýgüli bölümi bolan”Dünýä edbiýatynyň altyn hazynasyndan” diýen bölümi özünde meşhur ýazyjylaryň powestidir romanlaryny jemlemek bilen proza žanrynyň iň iri göwrümdäki eserlerini okyjylara ýetirip gelýär. Biziň pikirimizçe, prozanyň hekaýa ýaly kiçi göwrümdäki žanryny okyjylara aýratyn bölüm hökmünde hödürlemeklik örän ýerine düşen tagallalaryň biri boldumyka diýýäris. Dünýä-giň. Onuň dialektiki gurluşynyň tehnologiýa bilen barha ösýän döwründe, adamlaryň kagyz bilen däl-de, demir bilen has ysnyşýan zamanasynda edebiýatyňam nusgalyk ýaşaýşyndan daşlaşyp, täze formalarda ýaşaýandygyny(meselem kino) aýtmak gerek.

Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202