Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:41
Hudožnik / hekaýa
HUDOŽNIK

Ujy saralyp giden otlar ýaz aýlarynyň soňky pursatlaryny başdan geçirýärdi. Kebelekler tomsuň yssysyny duýmaga başlan ýaly pessaýdan haýal uçýardylar. Megerem, birden maýyllap, birden gyzmak indi tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrüleni üçin kebelekleriň başy aýlanýandyr. Diňe janly-jandarlaryň däl, adamlaryňam enter pelegi çöwrülen ýaly bolýar şeýle howada. Adamzat jemgyýetiniň barha durnukly bolmaga çalyşýan dünýäsinde howanyň ediberşini diýsene. Howanyň pursatsalymda üýgtgeýändigine diňe adamlar däl, ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar öwrenşip bilenok. Şo hili günlerde Gün duran ýerinden gozganmaýan ýaly bolup görünýär, zemindäki ähli zatlaram onuň bilen sazlaşykda “pauza” girýär. Ýakubyň ýaşlygy şular ýaly säginmä öwrenişip gitdi. Ol indi käte bir gysgadan zordan seslenýän horazyna-da gaşlaryny galdyryp seredýär. Ýetginjegiň kütek burçluga meňzäp duran gür gaşlary bar. Şo gaşlary sebäpli ol tüýlek adamdyr diýen täsiri oýarýar. Näme üçindir Ýakup haýwanlary hem düzgün tertipde saklap bolýandyr diýen pikirde gezýär. Eger olar bilen göz arkaly düşünşip bilmese, başga usullary ulanýar. Ýaşlykdan bular ýaly dözümliligi halamaýan kakasynyň gatyrganmasy bolsa peýdasyz. Ýakubyň on ýedi ýaşy bar, göwnüne ýaran gyzlar bolsa ondanam köp. Ol şo gyzlaryň içinden Gülnar atlysyny söýýär. Daş – töwerekdäki towuklaryň ala zenzele bolup gaçyşyndan hiç kim onuň Gülnary ýatlaýandygyny çak etmeýär. Ýakubyň “kiçijek şalygynda” zulum görýän janawerlerden daşary mellek ýerdäki ösümliklere-de azary ýetýär. Ýakup jogapsyz söýgüsiniň aryny mellek ýerindäki janly-jandarlardan we ösümliklerden çykarýar. Onuň jogapsyz söýgüsiniň ruhy astynda ýaşamak käwagtlar şeýlebir çekip çydar ýaly däl diýilýänlerine barabar bolýardy. Ýakup güýç bilen “asudalygy” üpjün etse-de, barybir “ebedi adalat” ony rahat uklamaga goýmaýar. Ol Gülnaryň keşbinde ýetginjegiň aňyna dolup, gysyp-gowurmaga başlaýardy. Ýakup deň-duşlarynyň ýanynda uly adam ýaly görünjek bolup, dilini dişleýän bolsa, ýekelikde bolan wagty oý-hyýallaryna diýen etdirip bilenokdy. Gülnaryň göwüsleriniň üstünden düşen saçlary goýnuna dolap alýardy. Ol saçlaryň alma ysly şampun bilen kükeýändigini ýatlap, birnäçe gezek çöşläp görýärdi. Şonda Gülnaryň gara saçlary kagyz ýaly inçe bedeniniň ýarysyna çenli örtýärdi. Edil kiçijek üçburçlyk ýaly şekillenýän göwüsleri onuň ähli göz öňüne getirmeleriniň başlangyç nokadydy. Sebäbi olar ýaňy dörän miwe ýaly özüne çekijidiler, kiçijek bir zat ýaly günäsizdiler. Olar owadan nagyşly ýakanyň aňyrsynda gizlengi durşuna üsti gadymy ýazgyly syrly belgileriň hazynasy ýaly görünýärdi. Ýakup şol runa ýazgylary ýaly syrly belgilerden aňry geçip, olaryň hakykatda nähilidigini göresi gelýärdi. Onuň pikiriçe, Gülnar akýagyz bolany sebäpli, kiçijek üçburç göwüsleri hem aýna ýaly ak bolmalydy. Ol şo pursaty göz öňüne getirip, durmuşda has kämil derejede amala aşyrmak isleýärdi. Nähilidir bir duýgy agyr basyş bilen onuň bedenine çümüp gidýärdi. Şonda Ýakup ýürek gürsüldisini eşidip, muny Gülnara bolan söýgüsiniň alamatlary hasap edýärdi. Soňundan, agyr basyş bilen agram salan duýgy geçip gideninden soň, ol Gülnarly ýatlamalaryny has-da uzaldýardy. Onuň hyýalyndaky hereketleri ýygjamlaşyp, özi üçin täze-täze etaplary açyp goýýardy. Oý-hyýallarynyň birinde-de Gülnar oňa garşylyk görkezenokdy. Sebäbi gyzyň gaşlaryna ýetip duran zülpleriniň astynda garagol gözler oýnaýardy. Gaşlaryny bolsa inçelik bilen ütüp, ýetmeýän ýerini galam bilen doldurýardy. Gülnar örän ynanjaň hem sadaja gyzlara meňzeýärdi. Onuň her hili reňkler bilen boýalan gabaklary köplenç egnindäki köýnegi bilen reňkdeş bolup çykýardy. Ýetginjeklik döwründe has-da uzyn bolýan kirpikleri gara reňk bilen boýalyp, ol gyzy göze ilginç görkezýärdi. Ýöne şeýle göze gelüwliliginden beter Gülnar hemmeler bilen ýylgyryp gepleşýärdi. Hemmeleriň göwnüni tapaýjak, olar bilen dostdur jora bolaýjak bolýardy. Gülnaryň hyrydarynyň köpdügi ýetginjegi öjükdirýärdi. Ýöne beýleki söz aýdyjylardan tapawutlylykda ol howlukman hereket edýärdi. Barybir gyzyň ondan gaçyp gitjek ýeri ýokdy. Ýakup bolsa Gülnary ömür taýydyr öýdýäni sebäpli gyssanmazlygy, ölçerip dökmegi makul bilýärdi. Ony, hatda, Gülnaryň başga bir oglan bilen gepleşýändigi baradaky gürrüňlerem alada goýup baranokdy. Bu döwürde, esasanam, onuň ýaşynda gepleşmeýän barmy näme? Onuň özem birnäçe gezek söýgi synanşyklaryny etjek bolupdy ahyryn. Ýöne her gezek nämedir bir zat ýetmän, ol şo ýetmeýän zady Gülnardyr öýdüpdi. Ýok, beýleki gyzlaram owadan gyzlardy, elbetde. Olaryňam ähli zady ýerbe-ýer, bolmalysy ýaly ýerleşendi. Ýöne olaryň hiç birinde Gülnaryňky ýaly dolulyk ýokdy. Olaryň hiç birinde onuň zenanda görmek isleýän zatlary tutuşlygyna jemlenmändi. Ýa kem-käsleýin, ýa ýarym ýalta diýilýän gözellikden bolsa, ol ganyp bilmeýärdi. Göz öňüne getirmeleriniň niresinden tutanyňda-da, janyňa hezil berýän, hyjuwyňy artdyrýan gyz gerekdi. Gülnar bolsa iç içine açylyp gidýän rus matrýoşkasy ýaly gyzdy. Näme üçindir Ýakup ony hiç kime meňzemeýän, ýok ýerden döräýen zatdyr öýdýärdi. Bu döwürde ähli gören zadyňa hakykydyr öýdýärdiň. Şeýlelikde, gyzyň tebigy owadanlygynyň her dürli kosmetiki bezegler üsti ýetirilensoň, ol on ýedi ýaşly gyza däl-de, kämil zenana çalym edýärdi. Ýakup Gülnaryň üsti bilen dünýä aralaşmak isleýärdi. Onuň pikiriçe, şu wagtdan tebigy owadanlygyny her dürli bezegler bilen göze ilginç görkezip bilýän Gülnar ähli zat babatda Ýakubyň göwnünden turaýjak ýalydy. Gülnara söz aýtmagy meýilleşdirip ýören günleriniň birinde onuň henizem gepleşýän oglanynyň bardygyny ýaňzytdylar.
- Kim ol? – diýip, Ýakup ähmiýet bermediksiräp sorady
- Bäşim bar-a, “ç” klasdaky, hudožnik – diýip, synpdaşy jogap berdi
- Hä omy ?
Ýakubyň ýüzündäki kinaýaly ýylgyryş ýat myhman deýin äm-sämlikde saklandy. Bu ýylgyryşda nähilidir bir alada bar bolsa, onda ol diňe Gülnar sebäplidi. Ýakup hudožnigi özüne garşydaş hasaplamaýardy. Ony asla özi ýaly oglanlaryň deňinde-de görmeýärdi. Şo sebäpli hat zat ýazyp, wagtyny gidirip durman, söýgüsini gönümel gyzyň özüne aýtmagy makul bildi.
- Gülnar dursana – diýip, onuň edil alkymyna dykylyp bardy. Gyzdan limon süýjüsiniň ysy gelýärdi. Ol süýjini agzynyň ähli böleklerine aýlap sorýardy, şonda onuň gyzyl dodaklary kä öňe çykyp, käte bolsa berk ýumulýardy. Ol, hamana, geplemäge-de ýaltanýan, onuň bilen gepleşmek üçin jan etmelidigini görkezýän gyzlara meňzäp, gözleri bilen näme gerekdigini soraýardy. Bu Ýakup üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Daşyndan seredeniňde, ähli kişiler bilen ýylgyryp gepleşýän gyz hakykatda bir sözem diýesi gelenokdy. Ýakup öz ýanyndan gowşanyny duýdy, ýöne eýýäm yza gaýtmaga ýol ýokdy.

(Dowamy bar)

© Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 107 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Мango • 13:12, 22.05.2023
surat barada:
başga surat goýaýyň. sebäbi o ýerde "zakaz alýan, telefonymam 864-123456" diýen reklama ýazgy bar...
avatar
0
2 Мango • 13:14, 22.05.2023
Adamzat jemgyýetiniň barha durnukly bolmaga çalyşýan dünýäsinde howanyň ediberşini diýsene.

şeýle sözlemler okaňda "men hekaýa okaýanmy ýa makala" diýdirýär.
avatar
1
3 aygull • 23:03, 22.05.2023
Gaşlaryna ýetip duran zülp...
Zülp çekgeden aşak gaydyar dalmi?
avatar
1
4 Мango • 23:30, 22.05.2023
...gyzyň gaşlaryna ýetip duran zülpleriniň astynda garagol gözler oýnaýardy.

edil salwador daliň murtlarynyň onuň gaşyna ýetip durşy ýaly, bu gyzyňam zülpleri gaşyna ýetip biler.

avatar
1
5 Мango • 23:37, 22.05.2023
avatar
0
6 atayeva • 23:46, 22.05.2023
ejem hekaýa düşünmedi,
surata gülüp hezil etdim
avatar
0
7 aygull • 00:45, 23.05.2023
Dogry onda.
avatar
0
8 atayeva • 00:53, 23.05.2023
Meniň hudoznik hakda yene bir hekayam bar, yone ony entekler paylashmasam gerek. В процессе
avatar
0
9 aygull • 08:01, 23.05.2023
Seniň bu hekaýaň hudoźnik hakda-ha däl, Bägül. Gülnar bn Ýakup hakda...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202