Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:31
Aramyza düşmesin öýke hem kine...
Aramyza düşmesin oýke hem kine,
Gel indi biz saplanaly bu keselden.
Hem oýnuny gutaraly drama, kinoñ,
Goý, başlaly sahypa täze eserden.

Gan basyşyñ galdymy?
Gök çaý içeli,
Rafaello alalyda çaýýany,
Bir sellem hyýallarda uçaly,
Geçeli,
bu mowzukdan geçeli,
Bir-biregiñ ýüregine mähir çaýaly.

Garagäz bolupdyr,
Gahardan ýaña,
Söýgimize menzil aşan mesgenmiz.
Ýollaryna çaýyr bitip başlapdyr,
Unutdyrdy bu ýollary mesligimiz.

Ýalana baglandy her bir sözümiz
Men-ä ussat boldum, senem halypa....
Döwülen göwnumiziñ parçalaryny,
Dikläli täzeden
guýup galyba...

© Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 23:26, 17.06.2023
Remezan, şeýle bir sözlemler gurýaň welin.....
bilip edýäňmi, bilmän edýäňmi, biler ýaly däl...

Goý, başlaly sahypa täze eserden.

"hemme zady täze sahypadan başlaly" diýýän many berýämi ýokarky setir? ýa bulaşykmy?
"sahypa başlaly täze eserden"... sahypa, eser... täze eser...
näme sebäpden diýmek isläniňi göni diýäýmän, sözlerden krosword ýasaýaň. iş bolýa, ýerbe-ýer goýjak bolup....

Garagäz bolupdyr,
Gahardan ýaña,
Söýgimize menzil aşan mesgenmiz.


şu ýerde "söýgi mesgene tarap menzil aşýamy",
ýa-da "menzil söýgä tarap menzil aşýar?" haýsysy?
şu ýerde menzil - расстояние näme üçin agzalýar?
söýgi, menzil, mesgen.... ???!

Ýollaryna çaýyr bitip başlapdyr,
Unutdyrdy bu ýollary mesligimiz.

Ýalana baglandy her bir sözümiz
Men-ä ussat boldum, senem halypa....

biraz agyr däl-maý, hem "meslik, hem ýalançylyk"
ikimizem ýalançy diýýäňmi, bu boýun almamy? ýa garşy tarapy aýyplamamy?

Döwülen göwnumiziñ parçalaryny,
Dikläli täzeden
guýup galyba...

galyba guýar ýaly, göwün näme, suwuklykmy?...
göwni nädip galyba guýjak?
avatar
0
2 Kyyas • 06:37, 18.06.2023
Seniñ pikir edişiñe görä..., (Käwagt pikir edýän goşgy düşünmesi añsat bolmalymy ýa garyşdyrylan pikirleriñ düşüniksizligimi, ýa özüñem düşünmän ýazmalymy? Garaz bir goşgujagazjyklara ýazyşdyrýan.) Eger düşünmeseñ, aý kellesi aýlanan öýdýän diýip bilsede, ýazyp bilse-de bilmesede ýazybotyraý diýip geçäýersiñdä...
avatar
0
3 Medicall • 08:37, 18.06.2023
Eger şuny çynyñ bilen goşgy etjek bolsañ:

Aramyza düşmesin oýke hem kine,
Saplanaly, gel, indi bu keselden"

diyip ikinji setiri dogrulanyñdan soñ ondan yzyndaky üýtgeşiklik ediljek bolup aýdylan sözleri hem üýtgetmeli..

Sebäbi her gezek goşgy goýanyñuzda öñkiñizden ökdelemän gaýta gide-gide peselýäñiz.

Bagyşlañ, @Kyýas, beyle her kellä geleni goşgy diyip ýüzugra hödűrläbermek özüñi gynamakmy, ýa okyjyny synamakmy?! Okyjy lezzet almajak bolsa, berekella bermejek bolsa diymek awtor öz üstünde hökman işlemelidir.

Öñ başdan awtorlara geçiripdim sizi, gitdigiçe manylyrak bir zatlar ýazyp kämilleşersiñiz umydy bilen.. Ýöne gynansakda, gitdigiçe gowy ýazman erbet ýazyp, onam çekinmän paýlaşýañyz) ýaş-ýetginjegemä bolmaly däl siz teswirleriñizden çen tutsañ..
avatar
0
4 Kyyas • 11:13, 18.06.2023
Hawa, minnetdar! Dogry bellik synag diýseñem bolar. Ýöne men muña goşgy diýmek islemedim. Kellede bir hili pikirler döredi, Käwagt moda seretýän bolsañyz, şonda dürli görnüşli eşikler hödür edilýär.... Köpçülik okyjy nähili kabul ediljegi belli däl.

Ýagny, bir näçe wagtdan bäri şeýle goşgujagazjyklar (diýseñ gowy boljak) ýazýan sebäp bar. Kiçijek oglumdan öwrenýän diýsem ýalan bolmaz. Gün dogdy diýmegiñ ýerine, ýa dañ saz berdi, dañ agardy diýmän ýol açyldy we ýene şuña meñzeş sözleri kän. Meniñ diýjek bolanyma belki düşünensiñiz.(söz baýlygy çagalaryñ üýtgeşik geplemesi bn giñeýär) Söz baýlygyny ösdürmek üçin belli bir tertipde düzgün boýunça ulanylmazdan ýerine böküp ýörän ýaly sözleri ulanjak bolýan. Elbetde hormatynyz üçin minnetdar! Awtorlykdan aýyrmakçy bolsañyz garşylygym ýok. Islegiñize görä.

Ýene bir gezek sylag hormatyñyza minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202