Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:14
Öñki gośgular
ÖŇKI GOŞGULAR

Çuňňur oý-pikire goýup, başymy
Goşgy ýazma, mejbur eden sen dälmi,
Käte gizlin süpürip, gözýaşymy,
Aglamaga mejbur eden sen dälmi!?

Aşyk edip kän gözeliň yşgyna,
Joşdyrdyň, bezeg berdiň goşgyma,
Dolap aldyň, geçen ýolum, ýaşlygma,
Ýatlamaga mejbur eden sen dälmi!?

Senden başga bilýän ýokdur görenmi,
Kän görmesin Alla maňa berenni,
Ýeke men däl ähli ynsan ýüregni,
Para-para edip goýan sen dälmi!?

Sensiz ýaňlanmaýar aýdym, gazaly,
Sensiň ähli ýürekleriň özeni,
Aşyk edip, bagş etdiň, maňa Gözeli,
Duýgylaryň beýgi, söýgi, sen dälmi.

2019-05-13

Kä guwanýan, käte gözüm ýaşlaýan,
Geçen ömür, geljek durmuş ýoly sen.
Çaga bolup, öten ýyllam ýatlaýan,
Geçip gitdiň, düýn dogulan ýaly men.

Saýraşanda guşlar bagda owazlap,
Ylgaşardyk çybyk aty jylawlap,
Gygyrşardyk, göýä şagal deý uwlap,
Şol döwrimiz mydam durjak ýaly sen.

Wagt geçer, mekdep gapysyn açar,
Çagalyk ýylyndaky bagt guşy uçar,
Durmuş saňa başgaça lezzetin seçer,
Okuw ýyllar ýene geljek ýaly sen,

Ulalarsyň, öwrenersiň ýazmany,
Geçip gider, çagba seçip, ýaz ýaly,
Mekdep döwrüm, çalynmaly saz ýaly,
Şol ýyllara ýene geljek ýaly men.

Mekdepden hoşlaşarsyň hoş bolup,
Ýigitlik gujak açar bagt guş bolup,
Söýgi gursagyňa girer, güýç bolup,
Mert ýigitsiň, hemem ejiz ýaly sen

Söýersiň, sen, mertlik bilen bir gyzy,
Ejiz gelip, gyza aýtmaly sözi,
Ýene diňläp gursagymyň owazyn,
Owsun atyp, ýene geljek ýaly sen.

Geçýär wagt, aýlar, ýyllar, gyş ýazlar,
Garaşyp dur öňde, çalynjak sazlar,
Durmuş hakda ýaňlananda owazlar,
Şol günlere gaýdyp, geljek ýaly sen.

Bagt guşy gelip gonar, başyňa,
Ömür goşajak ýaly, seniň ýaşyňa,
Çagalaryň gurşap alar daşyňy,
Şol pursat, ýene doglan ýaly sen

Göwnüň galkar şolaň şatlygy bilen,
Ýüregiň küsär seniň, ýaşlygyňy ýene
Wah ýaşlygym ýene gaýdyp gelsene,
Çagalara gözüm gitýän ýaly men

Ýuwaşjadan olar örküni üzer,
Seniň ýaly, bir başa durmuşyn gurar,
Ýakynyňda bolsada, uzakda gezer,
Öz ýanyňdan ýeke galan ýaly sen.

Ýeke dälsiň bardyr, ýanyňda ýaryň,
Ol saňa söýgetdir, sen arkadagsyň,
Diýýäň:
"Meniň ömrümden goý saňa bersin,
Ýogsa, menden uzaklaşjak ýaly sen."

Wagt saklananok geçip dur basym,
Ýene bahar geler, seper çagbasyn.
Goýarsyň sen durmuş sazyn çalmasyn,
Ýogsam, dünýä ömür gelen ýaly sen

Oýa batýan, geçen günlerim ýatlap.
Yzda galan şol, ýyllary garyşlap,
Kä guwanyp, käte gözlermi ýaşlap,
Eý durmuşym ýatlamadan doly sen.

R. Mametgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 57 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Nurdаn • 15:34, 10.12.2022
Post açanyñyzda saýtda öñki goýulşyna görä goýaýyñ, gayrat ediñ.

Garşa dogrylamak wagtymy alýar.

Tekstiñ başynda adynyñ ýazylşyy, awtoryñ at familýasy, tegde goýulşy, şolara üns beriñ.
avatar
0
2 Kyyas • 19:06, 10.12.2022
Bolýa, indi gaýtalanmaz
avatar

Старая форма входа
Total users: 203