Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:35
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda
Ikirjiñlendirdi,
pikire batdym,
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda.
"Göteriñ" diýlende, tisginip gitdim.
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda.

Ýatyr, äwmän ýatyr,
Hoşgylaw adam,
Ýañybir men diýen ýaşynda, gaýdan,
Gözden gaýyp boldy,
Iñ soñky jaýda,
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda.

Ol, Gitdi.
Yzyndan çekildi heser,
Ýatlandy.
Durmuşdan birnäçe eser,
Diriniñ yzasyn, diñe wagt keser,
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda.

Ýaşdy,
Güler ýüzli
Gyzyl ýigitdi.
Iñ soñky pursatam, mertligin etdi,
Ýañyjada bardy.
Şadyýan gitdi.
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda.

Babaguly (Bapby tur) Hojageldi ogluna bagyşlanyp.

Remezan Mämetgurbanow.
14.01.2023ý
Bölümler: Goşgular | Görülen: 46 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202