Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:07
Aşgabat

Aşgabat

Durşy bile heýjan, durşuna şatlyk,
Golumda şar, zybanymy goşgulap...
Baýramlarda galan çagalygym sen,
Ah, Aşgabat, Aşgabat!

On ýedi ýaş... müň bir tolgunma bilen
Sagatlarça boýum bezäp, saç darap...
Sen... sen... seýle çykan ýetginjekligim,
Ah, Aşgabat, Aşgabat!

“Säher” diýrler, sen säherden nurana,
“Şäher” diýrler, sen şäherden başgarak.
Kök uran ykbalym, öý bolan ömrüm,
Ah, Aşgabat, Aşgabat!

London, Pariž, Nýu-Ýork, Rim, Tokio...
Alyp gitse ak uçar ak guş kybap,
Nirä barsam, hoşhal öňümden çykan,
Ah, Aşgabat, Aşgabat!

Näçe ýagyşlarňa ýüzümi ýuwdum,
Seniň näçe ak garlaryň basgylap...
Otuz üç ýaş... Sende otuz üç menzil...
Ah, Aşgabat, Aşgabat!

Görseň, her şäher bir adam ýalydyr,
Adamlaram şähre çalymdaş-la has...
Sen menmi, men senmi, garyşdyrýan kä,
Ah, Aşgabat, Aşgabat!

© Kakamyrat Rejebow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
0
1 Mekan2 • 10:08, 29.05.2024
25-nji maýda paýlaşaýyn diýip goýupdym, ýatdan çykypdyr. hiçden giç ýagşy diýenleri.
avatar
0
2 Мango • 11:30, 29.05.2024
Kakamyradyň "ah" çekmesine ýüregim awap gitdi...
meňem goşulasym geldi: "Ah, Aşgabat, Aşgabat! Ah.... ah...".
avatar
1
3 Мango • 11:35, 29.05.2024
gyzykly sorag bereýin her kese.
dünýä derejeli diýeýinmi, ähmiýetli diýeýinmi... garaz, meşhur we gymmatly iki sany binany aýdyp bilersiňizmi?
1) ...
2) ...

bu soraga "Aşgabada söýgüňiziň" derejesini barlamak diýip düşüniň...
avatar
0
4 Мango • 11:36, 29.05.2024
goşgynam halamadym... ýa-da täsir etmedi...
avatar
0
5 Aýgül_Garaýewa • 11:42, 29.05.2024
1. Magtymguly seýilgähi (täze):
2.Bitaraplyk binasy.
Magtymguly seýilgähine baryp gördüm.Hakykatdanam owadan hem manyly. Halkara ähmiýeti barada her kimem bilýändir.
Bitaraplyk binasy ilkinji gurlan özboluşly binalaryň biri. Meşhurlygam ýetik. Onsoňam, Bitaraplyk binasynda doglan günümi bellänimizde Merdanam gelipdi, noutbukly sumkasyny süýräp. Şondan has ýakyn maňa bu...
avatar
0
6 Мango • 12:06, 29.05.2024
5-e.
men-ä äpet heýkellerden gorkýan... :-)
avatar
0
7 Mekan2 • 12:12, 29.05.2024
"meşhur we gymmatly iki sany bina" Aşgabatdakymy ýa dünýädäkimi?
avatar
0
8 Мango • 12:29, 29.05.2024
birisi bina, aşgabatda ýerleşen we dünýä arhitektura gymmatlygyna goşulan...
beýlekisi hem aşgabatda bir binaň ýüzünde barelýef... dünýä derejeli skulptoryň işi...
avatar
0
9 Mekan2 • 13:13, 29.05.2024
bitaraplyk binasy "üç aýak"
skulptory bilenimýok
avatar
0
10 Merdan • 13:26, 29.05.2024
Ýamman gowy görenimiñ sebäbini aýdaýyn. 2 sebäbe görä haladym
1) Aşyklaryñ şäheri diymänir.
2) Aşgabat-Başga zat diýen rihmalary ulanmandyr.
avatar
0
11 sussupessimist • 13:48, 29.05.2024
Birisi-hä Ernst Neizwestnyň barelýefi bolmaly, Milli arhiwiň binasyndaky. "bilenimýok" diýip dogry ýazypdyr Mekan, Neizwestny-ny terjime edip.
Neizwestnyň beýleki barelýefinem Mekan biläýmelidi. Mekan köşgi...
avatar
0
12 Мango • 13:55, 29.05.2024
11-e.
dowry bildiň. meniň aýtdyrmak islänimem şody.
ýöne, barelýef diýip gowja salgy berdim öýdýän.
aý, ýöne sussupessimist onsuzam bilerdi...
("milli arhiw" diýýäniň "part arhiw" bolmalymyka diýýän. mekan köşgiň ýanjagazynda)

ikinjinem biliň hany, gaýrat...
ýa "помоги красавчик" diýýäňizmi?
avatar
0
13 sussupessimist • 13:55, 29.05.2024
Ýöne, dogrusy, özüm-ä: "Ine, şu mynasyp simwol bolup biler" diýip boljak üýtgeşik arhitekturasy bolan binany görmedim heniz Aşgabatda. Arhitektura bilen gyzyklanýanlygyma garamazdan (ýa-da tersine, şol sebäpden...)
avatar
0
14 Мango • 14:00, 29.05.2024
13-e. "Aşgabat binasy" diýilýämi şoňa, bir hili zat bar-la, baş teatryň öňünde... 
ana şondanam utanýan....
birem kruglardaky zatlaryň köpüsinden utanýan...
avatar
0
15 sussupessimist • 14:14, 29.05.2024
Öň Karl Marks kitaphanasy erbet görlenokdy. Içiniň gurluşy dogrudanam üýtgeşikdi şoň. Sowet modernizmi stilinde. Häzir bilemok.
avatar
0
16 Мango • 14:19, 29.05.2024
berekella sussupessimist.
bu-da meniň aýtdyrmak islänimdi.

1) ernst neizwestnynyň ýasan barelýefi. lenin bagyň gaýrasyndaky arhiwiň jaýy.
2) ozalky karl marks  kitaphanasy. arhitektor ahmedow.
onuň daş howlusynda abstrakt heýkel bardyr.
şolam ajap.

ine şu iki zat - başga zat.
avatar
avatar
0
18 Mekan2 • 15:16, 29.05.2024
Men soraga ters düşünipdirin. "her kimiň pikiriçe Aşgabatda haýsy binany owadan hasap edýä?" şekilinde düşünipdirin.

siziň aýdýan zatlaryňyzy (öňki kitaphanadan galanyny) wapşe bilemoklaý.
avatar
0
19 Mekan2 • 15:30, 29.05.2024
türkmenportalda-da gyzykly makala bar eken.

https://turkmenportal.com/compositions/1064
avatar
0
20 Seýrаn • 08:59, 30.05.2024
Kakamyrat adaty goşgulardan parhly çemeleşmäge çalyşypdyr. Duýguly tarapyny öňe çykarjak bolmuş. Ýöne Tokioly bendi bilen birinji bendi san artdyrypdyr. Stambul goşgulary ýaly eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202