01:31 Meñ deñze gidesim gelýär | |
MEŇ DEŇZE GIDESIM GELÝÄR Meň deňze gidesim gelýär Şatlansam ýa ynjadygym. Kenarynda dyzym epip, Duýasym gelýär özümiň Deňizden bir damjadygym. Meň deňze gidesim gelýär Duýmak üçin deňizleriň Bu durmuşa meňzeşligni... Tolkunlaň ötegçiligne Kenarlaryň werzişligni. Meň deňze gidesim gelýär... Gözelligi duýmak üçin Ýiti ukyp gerek däl-ä. Goý, ýüzüp bilmämde näme, Söýgim bar hemem yhlasym – Olar meni küreklärler. Meň deňze gidesim gelýär... Bakman gomlaň gopbamlygna, Maýdalyna gidip barýan Töwekgel gaýygy synlap, Onuň kenara ýetmegin, Çyn arzuw edesim gelýär. Meň deňze gidesim gelýär... © Kakamyrat REJEPOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |